2 Nisan 2015 Perşembe

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2938

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.  Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maliýe-bank düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ol şeýle hem milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek, ýokary makroykdysady görkezijileri pugtalandyrmak, degişli düzüm bölümleriniň sazlaşykly işlemegini gazanmak maksadynda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berdi.    

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,  milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň mümkinçiliklerini, kuwwatlyklaryny doly derejede durmuşa geçirmekde maliýe-ykdysady ulgama möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzir  ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn ykdysady özgertmeleriň netijeliligini gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmak boýunça  zerur işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini belläp, wise-premýere bu ugurda netijeli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz  A.Goçyýewden ykdysady topluma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini seljermegi talap edip, degişli  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýurdumyza daşyndan nähili önümleriň getirilýändigini anyk seljermeýändigini aýtdy. Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bu önümleri ýurdumyzda harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ýeterlik öwrenmek bilen meşgullanmaýar. 
 
Häzirki döwürde ýurdumyzda kuwwatly önümçilik binýady we ýeterlik çig mal serişdeleri bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Emma muňa garamazdan, biz köp önümleri beýleki döwletlerden getirip, olara erkin ýörgünli daşary ýurt pulyny sarp edýäris. Milli Liderimiz bu önümleri köp çykdajy etmän, özümizde ýokary hilli we arzan öndürip boljakdygyny aýtdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň geçirýän işleri barada hasabat berip, 6-8-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, däp bolan döwletara dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ýokary derejede geçiriljek türkmen – moldowa gepleşikleriniň ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň iýulynda Moldowa Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda şol gatnaşyklara täze itergi berildi. Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. 

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň 11-14-nji aprelde  Koreýa Respublikasyna boljak saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Muňa netijeli işjeň gatnaşyklar hem   aýdyň şaýatlyk edýär. Iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan meşhur koreý kompaniýalarynyň birnäçesi türkmen bazarynda işjeň işleýär. Söwda-ykdysady we ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary hem döredildi we hereket edýär, ikitaraplaýyn netijeli gumanitar-medeni gatnaşyklar ýola goýuldy. 

Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan döwlet sapary hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň geçen ýylyň iýunynda ýurdumyza bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy. 

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler özara bähbitli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi bermelidir, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.  

Milli Liderimiz öňümizdäki hepdede geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-moldowa gepleşikleri barada durup geçip, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda olaryň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  söwda-ykdysady ulgamda   gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mümkinçilikler barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan gumanitar-medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Moldowa Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk görmek babatda  tabşyryklary berdi. 

Soňra milli Liderimiz türkmen-koreý gatnaşyklarynyň meselelerine ünsi çekip, olaryň yzygiderli ösdürilýändigini, şeýle hem dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk, özara bähbitli işewürler gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin köpugurly kuwwatyň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet  Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu sapar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazar. 

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Döwlet Baştutanymyzyň durmuş we ykdysady özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri babatda milli parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan kanun çykaryjylyk hem-de jemgyýetçilik işleri barada habar berdi.  

Kanun çykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň hem-de ýurtda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy serişdesi bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem deputatlaryň ýerlerde bolup, bar bolan meseleleri çözmekde ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara hereketde bolmagynyň zerurdygyny belledi.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ekiş möwsümini bellenen möhletlerde ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen welaýatlarda ýörite toparlaryň döredilendigini aýtdy. Şeýle hem häzirki günlerde gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek dowam edýär. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda  bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça, gök we bakja ekinleriniň ekişini takyk we guramaçylykly, gysga möhletde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz geljekki hasylyň ykbalynyň häzirki günlerde ýer eýeleriniň çekýän asylly zähmetine bagly bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek we döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşikleri guramak boýunça eminler toparynyň hödürlenen düzümini tassyklap, degişli resminama gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler hem-de şu aýda geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere, şol sanda “Suw damjasy—altyn dänesi” we Türkmen bedewiniň baýramlaryna bagyşlanan  çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli edaralarynda milli Liderimiz tarapyndan döredijilik intelligensiýasynyň öňünde goýlan anyk wezipeler nazarda tutulyp, yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we medeniýet ulgamynyň milletiň ruhy gymmatlyklaryny goramakda, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň gazananlaryny daşary ýurtlarda wagyz etmekde aýratyn wajyp orun tutýandygyny nygtap, dünýäde milli medeniýeti mundan beýläk-de wagyz etmäge, bu ugurda milletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge, medeniýet düzümlerini ösdürmäge, şeýle hem medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini guramakda öňdebaryjy halkara tejribesiniň çekilmegine ünsi jemledi. 
 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň  ýagdaýy, şeýle hem bu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň bäşinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Bu mejlisi 10-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki döwletler we dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtady. Şol gatnaşyklary biziň ýurdumyz hoşniýetli erk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guraýar. Milli Liderimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň sarp ediş bazaryna üstaşyr ugratmagyň köptaraply ulgamyny döretmek hem-de energiýa howpsuzlygynyň dünýä möçberinde täze gurluşyny kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de öňe ilerledilmegi bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý gatnaşyklarynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, bilelikdäki Hökümetara toparlarynyň ähmiýetli ornuny belledi hem-de şeýle işleriň özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni oňat görkezendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý toparynyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça birnäçe tekliplerini we belliklerini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň senagat pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň çig mal serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, tehnologik we üpjünçilik işlerini utgaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň senagat ulgamynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudaga degişli kärhanalara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Senagat pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  senagat pudagynda bar bolan önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny hem-de pudagyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi. Şeýle hem hojalygy ýöretmegiň oňyn görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow  gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň  ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzda şu ýylyň 8-10-njy apreli aralygynda Halkara gurluşyk sergisini we ugurdaş maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geçirilýän bu iri foruma dünýäniň onlarça ýurdundan 100-den gowrak kompaniýalar gatnaşar. Sergide gurluşyk, gurluşyk serişdeleri, ýol gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli harytlar, işi ýöretmegiň täzeçe usullary, döwrebap tehnologiýalar görkeziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň söwda-ykdysady toplumynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksportuň möçberini artdyrmagyň, halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmegiň, ýurdumyzyň bazarynda sagdyn bäsdeşlik ulgamyny döretmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara gurluşyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň ugurdaş düzümlerine dünýäniň oňyn tejribelerini, döwrebap tehnologiýalaryny çekmekde, ýurdumyzyň döwlet kärhanalarynyň we telekeçileriň halkara hyzmatdaşlygy babatda netijeli işleri ýola goýmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanowyň häzirki döwürde birža tarapyndan alnyp barylýan işler, edaranyň garamagyndaky düzümlerde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça geçirilýän işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän dokma we beýleki önümleriň daşarky bazarlarda öz ornuny pugtalandyrmagy ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda biržanyň üstüne möhüm wezipäniň ýüklenýändigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli harytlary yzygiderli mahabatlandyrmak, türkmen önümleriniň daşarky bazarlardaky ornuny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlise çagyrylan ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy B. Hojamgulyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işiniň ýurdumyza getirilýän harytlaryň hil derejesiniň degişli kada laýyk gelmegine, hili ýaramaz önümleriň ýurdumyza getirilmeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilmelidigini belledi.  

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz garaşyk süýümlerden öndürilen pes hilli dokma önümleriniň getirilmegini azaltmak boýunça gümrük gullugynyň seljerme işlerini geçirmeginiň gerekdigini  aýtdy.  

Türkmenistanyň Söwda we daşary – ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, milli önümleriň haryt dolanyşygyny öwreniş  institutynyň alyp barýan işiniň döwrebap netije bermeýändigini aýdyp, milli Liderimiz bu institutyň esasy wezipesiniň içerki we daşarky bazary öwrenmek, harytlaryň bahalaryny seljermek bolup durýandygyny aýdyp, Institutyň bu ugurda alyp barýan işleriniň häzire çenli garaşylýan netijeleri bermeýändigini belledi.  
 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A.Goçyýewe, P.Taganowa we B.Ereşowa ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, bu ugra dahylly işleri düýpli seljermegi hem-de ýüze çykan ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.    

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hakynda, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem şu gün paýtagtymyzda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahatynyň açylandygyny habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, maslahata V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça Aziýa federasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bilermenleri,  Sport media-forumynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.  Maslahatyň çäklerinde Sport media-forumyny geçirmek meýilleşdirildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahatyna ünsi çekip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň ýurdumyz üçin taryhy waka bolup durýar diýip belledi. Şonuň üçin bu abraýly sport ýaryşlaryny we onuň bilen bagly çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda olimpiýa görnüşlerini ýurdumyzda  giňden wagyz etmek, türgenlerimizi täze sport belentliklerini eýelemäge höweslendirmek, şeýle hem eziz Watanymyzyň abraýyny dünýäniň sport giňişliginde has-da artdyrmak babatda  Aziada-2017-niň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleriniň, döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew  gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 2015-nji ýylda türkmen paýtagtynyň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek, abadançylyk we arassaçylyk işlerini yzygiderli alyp barmak, täze gurulýan binalar bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan arzalary seljermek boýunça geçirilýän işler hakynda habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň we umuman, Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, olaryň döredijilikli zähmeti we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmäge  gönükdirilendigini belledi. Bu ugurda geçirilýän işleriň ählisi yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr we täze taryhy eýýamda paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň many-mazmunyna we wezipelerine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan arzalary jikme-jik öwrenmegi, olar boýunça degişli çäreleri görmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlislerinde hasabat bermegi tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we telekommunikasiýalar pudaklarynda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň demirýol, howa, awtomobil we beýleki ulag kärhanalarynyň işini şu günüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen bagly tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ýollarynyň köpugurly sebit düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Bu düzüm oňa gatnaşýan ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga hem-de sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmäge we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz bu babatda ýurdumyzyň ähli ulag pudaklaryny çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Olar dünýä ülňülerine laýyklykda hereket etmelidir. 

Türkmenistanda aragatnaşyk  we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmegiň meselelerine geçmek bilen, milli Liderimiz onuň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de degişli meseleleriň çözülmegine uly üns bermegi talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler, şol sanda energetika pudagyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda  hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň hem-de awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Bu wezipeleri döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu ugurda birnäçe çözülmedik meseleleriň bardygyny belledi we wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny, aýratyn-da ak mermerli paýtagtymyzda alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gurluşyk işleriniň hiline gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň, şeýle hem awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň düzgünlerini tassyklap, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.    


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder