2015-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarus döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky" Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna we Türkmenistanda "Bitaraplyk we Parahatçylyk" ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan seminar geçirdi.
Seminara Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Bilim ministrliginiň wekilleri, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarus döwlet uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygynda professorlar, syýasaty öwrenijiler, taryhçylar gatnaşdylar. Şeýle hem diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň wekilleri, ol ýerde ýaşaýan türkmenler, türkmen we belarus talyplary gatnaşdylar.
Seminara gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 185 sany agza-döwletleriň goldaw bermeginde ykrar edilmegi halkara giňişliginde Türkmenistanyň mukaddes garaşsyzlygynyň, abraýynyň we ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi diýip belläp geçdiler. Kuwwatly we baý döwlet hökmünde garaşsyz Türkmenistan özüniň içeri we daşary syýasatynda bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerine berk eýerýär.
Seminaryň çäklerinde Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanan wideofilm görkezildi, şeýle-de myhmanlaryň hormatly Prezidentimiziň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik almaklary üçin Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi guraldy. Mundan başga-da çäräniň myhmanlaryna türkmen milli tagamlary hödür edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder