2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bişkekde geçirilen GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. GDA döwletleriniň halkara giňişliginde integrasion özara hereketleriniň meseleleriniň giň toplumyna seredilip geçildi. Mejlisiň barşynda bellenilip geçilen bellikler hem-de teklipler girizilenden soňra resminamalaryň taslamalary GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de Döwlet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlener.
Şol gün GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki depginine ýokary baha berildi. Gumanitar we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem Hazar meselesi boýunça özara hereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleri Gyrgyz Respubliaksynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew tarapyndan hem kabul edildiler.
Mejlisde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2015-nji ýylyň güýzünde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty – Astanada geçirilmegi hakynda karar kabul edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder