Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilen 2015-nji ýyla, şeýle-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk biraýlygynyň” çäklerinde sport çäreleri guraldy.
Ýaryşlara Azerbaýjan Döwlet nebit akademiýasynyň, “ADA” uniwersitetiniň, Bakuwyň ýokary nebit mekdebiniň, Sumgaýyt Döwlet uniwersitetiniň, “Kawkaz” uniwersitetiniň wekilleri hem-de Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplaryndan düzülen “Ýaşlyk” sport topary gatnaşdylar.
Ýerli KHBS-de ýaýratmak maksady bilen çärä Azerbaýjanyň “Trend” halkara habarlar agentliginden, “1 News Az”, “AzerTadž” agentliklerinden we “Iştimai TW” hem-de “Lider” teleýaýlymlaryndan habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygyny belläp geçmelidiris.
Çärede Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow, Azerbaýjan Döwlet nebit akademiýasynyň rektory W.Gurbanow, “Kawkaz” uniwersitetiniň rektory A.Sanyç hem-de Sumgaýyt Döwlet uniwersitetiniň rektory N.Namazow dagylar söz sözlediler.
Soňra maksatnama boýunça futbol, gysga aralyga ylgaw boýunça ýaryşlar hem-de kese agaçdan özüňi çekmek boýunça ýaryşlar geçirildi.
Geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan baýraklar, kuboklar hem-de diplomlar gowşuryldy.

Hiç yorum yok:
Yorum Gönder