Balkan welaýatynda iş saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli sebitlerini, şol sanda deňiz ýakasyny toplumlaýyn ösdürmäge, onuň baý kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol ýyl-ýyldan özüniň çäklerini giňeldip, Hazaryň türkmen kenaryny innowasion düzümli döwrebap deňiz şypahanasyna öwürýär. Häzirki wagtda “Awaza” türkmenistanlylaryň uly höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. Daşary ýurtly myhmanlar hem onuň artykmaçlyklaryna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, “Awaza” iri işewürlik hem-de medeni merkez derejesine eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, festiwallaryň hem-de sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly sport toplumyna geldi. Bu sport toplumynyň gurluşygy Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýar. Köpugurly sport merkeziniň umumy meýdany 28,5 gektara barabardyr, onuň düzüminde dürli sport, edara we tehniki desgalar bar. Häzirki wagtda şol desgalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz täze desgany gözden geçirip, Milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň meýilnamalaryna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. “Awazany” ýurdumyzyň şypahana merjeni diýip atlandyrmak bolar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ýerde gurulýan her bir desga özünde öňdebaryjy binagärlik – gurluşyk çözgütlerini jemläp, Hazaryň kenarynyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydyr hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplaryna laýyk gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň başa-baş sport göreşleri, şol sanda boks, taekwondo, dzýudo, sambo, erkin we grek-rim göreşi, gylyçlaşmak we sportuň beýleki görnüşleri üçin niýetlenen eýwanyna barýar.
“Myradym” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza täze sport toplumynyň desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Onuň düzümine sportuň oýun görnüşleri– basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol üçin niýetlenen otaglar,
hokkeý we figuralaýyn typmak üçin meýdançaly “Buzly köşk”, fitnes-merkezi girýär. Mundan başga-da, taslamada iş otaglary bolan edara binasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen 150 orunlyk mejlisler zaly, restoran, topluma ýanaşyk ýerde bolsa basketbol we tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde jemi 250 orunlyk awtoduralgalaryň ikisi bar.
hokkeý we figuralaýyn typmak üçin meýdançaly “Buzly köşk”, fitnes-merkezi girýär. Mundan başga-da, taslamada iş otaglary bolan edara binasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen 150 orunlyk mejlisler zaly, restoran, topluma ýanaşyk ýerde bolsa basketbol we tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde jemi 250 orunlyk awtoduralgalaryň ikisi bar.
Şeýlelikde, bu iri sport toplumy diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary kabul etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi, ýurdumyzyň türgenlerini hem-de milli ýygyndylary dünýäniň, Aziýanyň çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin ygtybarly binýat bolar.
Tanyşdyrylyşyň barşynda sport toplumynyň tehniki üpjünçiliginiň aýratynlyklary, bu ýerde ornaşdyrylan dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýörite sport we tehniki enjamlary bilen içgin gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz dynç alýanlara sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri hödürlemek, sport ýygnanyşyklaryny hem-de ýaryşlary geçirmek, şol sanda halkara bäsleşiklerini guramak üçin zerur şertleri döretmek bilen birlikde, türgenleriň saglygynyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeli ulgamyny ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna netijeli taýýarlyk görmek babatda bu meseläniň örän wajypdygyny belläp, sport lukmançylygy meseleleri boýunça maslahaty geçirmegi teklip etdi.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda ýurdumyzda köpsanly sport çäreleri geçiriler. Ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen birlikde, köpçülikleýin bedenterb.iýe-sagaldyş hereketi giň gerime eýe boýlar. Munuň özi oňa ilaty, aýratyn hem ýaşlary çekmäge we degişlilikde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, binalaryň daşky we içki bezegi babatda birnäçe bellikleri hem-de teklipleri beýan etdi. Şunda gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, reňkleri, sport meýdançalary üçin düşekleri, tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleriň enjamlaryny seçip almak, binalaryň içki bezegini sazlaşdyrmak babatda ähli zatlaryň göz öňünde tutulmalydygy bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fitnes-merkezine bardy. Bu ýerde bolan söhbetdeşligiň barşynda täze toplumyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna işjeň gatnaşan fitnes boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy barada gürrüň berdi. Hususan-da, bu ýerde dürli sport enjamlary, şol sanda ştangalar we agyrlyklary götermek üçin niýetlenen beýleki gurallar bar. Olaryň ählisi tejribeli türgenleriň hem, bu ýolda ilkinji ädimlerini ädýän adamlaryň hem talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan enjamlaryň täsin nusgalary hem bar.
Olaryň hatarynda sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere sportuň haýsy görnüşiniň has kybap gelýändigini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän anyklaýyş sport enjamy bar. Şol enjam ony taýýarlamak ulgamynyň dogry guralandygyny, türgene düşýän aňryçäk agramy kesgitlemäge, onuň üsti açylmadyk kuwwatyny anyklamaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, bu enjam sport bilen meşgullanýanyň saglygyna zyýan ýetirip biljek aşa agram düşmeginiň öňüni almaga ýardam eder.
Başgaça aýdylanda, şu ýagdaýda adamyň bedeniniň ätiýaçlyk mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga we tapgyrlaýyn ösdürmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme ulanyldy. Hormatly Prezidentimiz sport-anyklaýyş enjamyny synap gördi. Bu enjam döwlet Baştutanymyzyň fiziki ýagdaýyna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň türkmenistanlylaryň her biriniň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülmelidigini nygtady. Çünki, fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmak döredijilik hem-de intellektual işi höweslendirýär. Şunda maşklar her bir adamyň saglygynyň we fiziki taýýarlygynyň ýagdaýy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr.
Şu ýerde ýurdumyzda gurlan sport hem-de şypahana – sagaldyş toplumlarynyň tehniki üpjünçiliginiň ýokary derejesiniň Türkmenistanyň sport ulgamyny ösdürmek maksadynda ädýän ädimleriniň netijeli häsiýete eýedigini aýdyňlyk bilen görkezýändigini bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyzçysy bolmak bilen we bu babatda şahsy görelde görkezip, adam, onuň saglygy we abadançylygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygideril bolmalydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara köpugurly sport toplumlarynyň işjeň ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy we saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de sport ussatlary taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepleriniň işgärleriniň bu barada alada etmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň ikinji gatyna galdy we bu ýerde ýerleşen zallaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyza maşklaryň toplumyny görkezýän ýörite suratlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýanyndaky adamlar bilen söhbetdeş bolup, fitnes-zalda maşklaryň maksatnamasynyň örän netijeli bolmalydygyny, adamyň umumy saglyk ýagdaýyna we özüni duýşuna oňyn täsir etmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.
Bellenilişi ýaly, trenažýor zalyndaky maşklar üç ýörelgä – maşklaryň dowamlylygyna, ýygylygyna hem-de yzygiderliligine esaslanýar. Türgenleşikleriň maksatnamasy beden agzalarynyň işjeňleşdirilmegini özünde jemleýär. Ýerine ýetirilýän maşklaryň mukdary we olaryň dowamlylygy adamyň agramyna, saýlanyp alnan meýilnama, maşklary ýerine ýetirmegiň tizligine hem-de her bir maşkyň arasyndaky dynç alşa bagly bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň başa-baş göreş zalyna bardy, şol ýerde gurluşykçylar sport toplumynyň desgalaryny gurmak boýunça işleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýardylar. Mesawy ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz bu desganyň möhüm ähmiýetini belledi we türkmen türgenleriniň şeýle döwrebap toplumlarda türgenleşmek bilen halkara sport ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe boljakdygyna we şeýlelikde, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary netijeler sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny nygtady.
Halkara standartlaryna laýyk gelýän zerur düzümi döretmek boýunça giň möçberli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejesindäki deňiz şypahanasy peýda boldy. Häzirki wagtda “Awaza” halkymyzyň buýsanjy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşýanlaryň sowallaryna jogap bermek bilen, bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksadynyň türkmenistanlylaryň dynç almagy üçin iň oňat şertleri döretmekden, ýurdumyzyň täsin tebigy merjeniniň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, ony adamlaryň hyzmatynda goýmakdan ybaratdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz “Awaza” derýasyny muňa mysal getirdi. Bir tarapyndan deňiz, beýleki tarapyndan bolsa çöl bilen gurşalyp alnan türkmen topragynyň bu künjeginde şol derýanyň gurulmagy netijesinde oňaýly howa ýagdaýy döredildi.
Milli binagärligiň ajaýyp däplerini we dünýäniň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwrebap desgalaryň ulgamy syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp binagärlik toplumyny emele getirýär. Bu ýerde köpsanly myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottej şäherjikleri, medeni-dynç alyş toplumlary peýda boldy.
Şypahananyň sport ulgamyny pugtalandyrmaga, köpçülikleýin sport-tomaşa çärelerini geçirmek hem-de dynç alýanlaryň boş wagtlaryny işjeň geçirmegi üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, oňa ýaşlary çekmegiň möhüm ähmiýetini belledi.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär.
Biz bu ugurdaky işi mundan beýläk hem dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylaryň iş-aladalary bilen gyzyklanyp, Balkan welaýatyna şu sapary deňiz ýakasynyň ýaşaýjylary bilen duşuşmak üçin amala aşyrandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle duşuşyklar geçirilýän işleri döwrüň talabyna laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin möhüm ähmiýeti bardyr.
Gurluşykçylar Arkadag Prezidentimiziň geçirýän syýasatyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden goldaýandyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylar bilen mähirli hoşlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu ýerde hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň okgunly ösdürilmegine goldaw bermegi netijesinde hususy gurluşyk kärhanalaryna döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şeýle iri buýurmalary ýerine ýetirmek ynanyldy. Şol buýurmalar bolsa türkmen paýtagtyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşyklydyr.
Mysal üçin, diňe Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan kompaniýalar 2015-nji ýylda desgalaryň 30-dan gowragyny ulanmaga berdiler. TSTB-niň agzalarynyň geçen ýylda paýtagtymyzda guran desgalarynyň hatarynda “Bagtyýarlyk” sport toplumy we “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasy, “Arkadag” seýilgähi hem-de bäş ýyldyzly “Arçabil” myhmanhanasy, “Bagtyýarlyk” seýilgäh toplumy we beýlekiler bar.
Häzirki wagtda TSTB-niň agzalary Aşgabatda ýüzlerçe desganyň, şol sanda 15-nji tapgyrda 256 desganyň gurluşygyny alyp barýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileri welaýatlarda hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň köpsanlysyny, şol sanda mekdepleri we çagalar baglaryny, muzeý binalaryny hem-de konsert zallaryny, medeniýet öýlerini hem-de saglyk merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda täze obalarda ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurdular. Hususy kompaniýalar şeýle hem dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň 5-sini hem-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň birnäçesini gurdular.
TSTB-niň agzalarynyň guran desgalarynyň hatarynda suw arassalaýjy kärhanalar, ulag düzüminiň desgalary bar: 2015-nji ýylda Balkanabatda demir ýol menzili, Gyzylsuw şäherçesinde ýolagçy deňiz menzili ulanmaga berildi.
Telekeçiler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem gurluşyk işlerine işjeň gatnaşyp, bu ýerde myhmanhanalary we kottej şäherçelerini, attraksionlar seýilgählerini hem-de sport toplumlaryny gurýarlar. Hususy kompaniýalar tarapyndan Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň durky täzelenildi, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň halyçylyk kärhanasy guruldy we senagat ulgamynda beýleki köpsanly taslamalar amala aşyryldy.
Türkmen telekeçileri gurluşyk işlerini dünýä derejesinde ýokary hilli ýerine ýetirmekde ýeterlik derejede tejribe topladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda maýa goýum-gurluşyk taslamlarynyň birnäçesini amala aşyrýar.
Şeýlelikde, häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalarynyň Awazadaky şu desgada görkezýän ýokary zähmet kuwwaty hem hut Türkmenistanda telekeçiligi döwlet derejesinde yzygiderli goldamagyň netijesinde gazanyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder