12 Ocak 2017 Perşembe

(TENDER) Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasy Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna (27.01.2017) çenli dowam eder.
«Türkmengeologiýa» DK Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän Komissiýanyň adyndan şu lotlar boýunça «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Bäsleşik yglan edýär:
№ 1 – Turba önümleri; № 2 – Zawod enjamlary; № 4 – Awtoulag tehikalary; № 5 – himiki önümler we kömekçi materiallar
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler:
– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işi hakynda doly habar berýän maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
– «Türkmenistanyň Nebitgaz toplumy üçin material-tehniki üpjünçiligini (harytlary) getirýänleri kesgitlemek üçin halkara bäsleşiklerini geçirmekligiň Düzgünnamasy» bilen tanyş bolmaly;
– degişli gözükdirme (tehýumuş) we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
– 500 amerikan dollaryny hem-de 15% GBS-i töläp tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;
– tender resminamalarynyň bukjasy bir konwertde kabul ediljekdir hem-de «Türkmengeologiýa» DK-nyň hasabyna töleg serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr. Bäsleşik üçin teklipli konwert tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen düzgünlere laýyklykda düzülmelidir. Tender resminamalarynyň bukjasyna hökmany tertipde tehniki-ykdysady ýöriteleşmäniň elektron görnüşi goşulmalydyr («Excell»).
– pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Ady agzalan resminamalar hem-de bäsleşik boýunça teklipler «Türkmengeologiýa» DK Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56 salgy bilen iberilmelidir.
Bäsleşik boýunça teklipler 2017-njy ýylyň 27-nji ýanwaryna ýerli wagt bilen 12:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-34-52, 40-34-54; faks: 40-34-53


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder