2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda “TAPI Pipeline Company Limited” bilen “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan çägine düşýän böleginiň Başlangyç tehniki taslamasyny taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Taslamany dolandyrmak hem-de tehniki gözegçiligini amala aşyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekildi.
Gol çekme dabarasy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirildi. Taraplaryň hyzmatdaşlygy, TOPH taslamasy boýunça “Gutarnykly maýa goýum çözgüdi” tapgyryna çenli döwri öz içine alýar.
“ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň wekilleri şertnamany ýerine ýetirmek boýunça öňünde duran toplumlaýyn çäreleriň örän wajypdygyny belläp geçdiler, we öz üstüne ýüklenen şertnamalaýyn borçnamalaryny bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmeklige ygrardyklaryny tassykladylar.
Häzirki wagtda, Türkmenistanda gazgeçirijiniň ýerleşdiriljek ugruny jikme jik öwrenmek boýunça işler doly tamamlandy. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerine düşýän böleginde bolsa turbageçirijiniň guruljak ugruny öwrenmeklik işlerine girişildi, ol ýerde ýakyn wagtda tehnologiki taslamalaşdyrmak bilen bir hatarda uzak möhletleýin taýýarlamagy talap edýän enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik resminamalary çykarylar.
“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy taslama gatnaşmak boýunça isleg bildiren ähli taraplar bilen gepleşikleri geçirýär. Kompaniýanyň paý gatnaşygynda çykyş etmek, taslamalaýyn maliýeleşdirme, halkara ösüş banklarynyň ýa-da eksport-kredit agentlikleriniň üsti bilen gatnaşmak ýaly dürli ugurlar öwrenilýär.
Aşgabat şäherinde geçirilen Halkara nebit we gaz konferensiýasynyň çäginde bellenilşi ýaly, TOPH taslamasyna maliýe akymynyň gurluşyny düzmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, maliýeleşdirme ulgamynda maslahat beriş hyzmatlary boýunça Aziýanyň Ösüş Banky bilen şertnama ara alnyp maslahatlaşylýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder