19 Ocak 2017 Perşembe

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de Täze Taslamanyň Ekologiýa we Eksport Atykmaçlyklaryna Baha Berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.
Bir ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenilen utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrostansiýa ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bugy hem peýdalanar.
Topluma gaz turbinalaryň dördüsi, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlar, bug turbinalarynyň ikisi hem-de beýleki tehnologik desgalar girýär. Ýangyjyň ýanmagynyň netijesinde döreýän gazlar esasy gaz turbinany herekete getirýär, soňra bolsa galyndylary gaýtadan işleýän gazanda suwy buga öwürýär, ol bolsa bug turbinany hem-de onuň bilen bagly bolan toguň generatoryny herekete getirýär. Şeýlelik bilen, elektroenergiýanyň goşmaça möçberi öndürilýär.
Eger adaty elektro stansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi (PHG) ortaça 34,2 göterim bolsa, onda utgaşykly dolanyşykda ol bir ýarym esseden gowrak artyp, 57 göterime golaý bolaýr, tebigy gazyň sarp edilişi görnetin azalýar. Gazbugturbinaly elektrostansiýalar ykdysady we ekologiýa babatda özüne çekijidir, çünki ýanan önümleriň – kömürturşy gazyň howa bölünip çykmasynyň möçberi 2-3 esse peselýär.
Hormatly Prezidentimiz önümçiligiň ekologiýalylygyny we galyndysyzlygyny ýurtda barha artýan energiýa sarp edijiligini üpjün etmäge, elektrik energiýanyň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslamanyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda belledi.
Potratçy bolan «Çalyk Enerji» türk kompaniýasy işlerine 2015-nji ýylyň iýulynda girişdi. Taslamanyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak maksat edinilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Amerikanyň «General Electric» kompaniýasy hem gatnaşýar.
Bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň elektronergetika pudagynyň ägirt kärhanasy bolan Mary DES-iň umumy kuwwaty iki esse ýokarlanar. Onuň düzüminde 30-40 ýyl mundan ozal herekete girizilen energiýa toplumlarynyň 7-si bar. 2014-nji ýylda 149,2 megawatt kuwwatlylygy bolan gazturbina elektrik stansiýasy ulanmaga tabşyryldy. Munuň özi DES-iň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Marynyň DES-dan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda elektrik stansiýalaryň birnäçesi işleýär. Elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça taslamalar ýerine ýetirilýär, täze elektrik geçirijiler çekilýär, paýtagtymyzyň, beýleki ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.
Ornaşdyrylýan innowasiýalar, elektrik stansiýalar üçin häzirki günde ýangyjyň iň netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz görnüşleriniň biri bolan ýurdumyzyň ýerastyndaky tebigy gazynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategik ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär. Zyýanly gazlaryň bölünip çykmasyny azaltmak boýunça tagallalary goldap, Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda «ýaşyl ykdysadyýete», nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan howpsuz hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmaga geçýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder