Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Taslama “türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan “Misubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler.
Gurluşyk-gurnama işlerinde türkmen we daşary ýurt raýatlarynyň üç müňden gowragy işleýär, şeýle hem ýörite gurluşyk tehnikalarynyň üç ýüze golaý işledilýär. Häzirki wagtda ammiak önümçiliginde ammiak toplaýjylar we kömürturşy gazyny bölüp aýryjy enjamlary gurnamak işleri tamamlandy. Karbamid bölüminde bolsa enjamlary we metal gurnamalary gurnamak işleri alnyp barylýar.
Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň Garabogaz şäherindäki bölüminde 287 hünärmen taýýarlanylýar. Talyplar önümçilik tejribeligini konserniň “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynda geçýärler.
Desga ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda bina edilýär, ol maksatnama ýurdumyzyň kuwwatlyklarynyň peýdalanylmagyna, ekspota iberilýä harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder