Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri general Praýut Çan-Oça Tailandyň Patyşasy Bumibol Adulýadežiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Tailand Patyşalygynyň dostlukly halkyna duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder