Mejlisde Zenanlaryň bütinhytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuýyň baştutanlygynda Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Myhmanlar göwnaçyk kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen parlamentarilerini giňden bellenilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş, özbaşdak ösüş ýolunda täze ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Duşuşygyň barşynda taryhy kökleri müňýyllyklaryň çuňluklaryna, Beýik Ýüpek ýoly döwrüne uzalyp gidýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygy bellenildi. Muňa bolsa ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de olaryň netijeleri boýunça iş ýüzünde anyk üstünliklere gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gönüden-göni ýardam edýär.
HHR-iň wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady we düýpli özgertmeleriň, şol sanda hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, gender deňligini üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak, maşgala döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw bermek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak hem-de halkara hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga laýyk getirilmegi babatda dünýä tejribeleriniň öwrenilmegi Mejlisiň alyp barýan işiniň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellenildi.
Şu babatda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, şu ýylyň güýzünde Ýaşulular maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenilen görnüşiniň ähmiýeti nygtaldy. Uzakmöhletleýin geljek üçin döwletimiziň we jemgyýetimiziň üstünlikli, demokratik ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitlän ýurdumyzyň Esasy Kanuny adamy onuň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýär, halkymyzyň abadan durmuşy üçin şertleri döredýär hem-de ygtybarly kepillikleri berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
***
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi. Zenanlaryň iki ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, ynsanperwer ulgamynda halkara aragatnaşyklarynyň berkidilmegine degişli meseleler söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy.
Myhmanlar häzirki saparynyň çäklerinde Aşgabadyň umumybilim berýän mekdepleriniň birine, “Ene mähri” halkara merkezine baryp görerler, muzeýler hem-de türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanşarlar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4412 https://www.facebook.com/TurkmenHabarGullugy/
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder