25 Ekim 2016 Salı

Türkmen Nebitgaz Gurluşyk

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Häzirki wagtda kömekçi we dolandyryş binalary, dik metal sisternalary, tehniki ulgamlar, germewler, suwgeçiriji we elektrik ulgamlar gurlup taýýar edildi, ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy. 

Nobatçy operatorlaryň binasynyň gurluşygy tamamlandy. Bu ýerde hünärmenler nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak proseslerine gözegçilik etmek üçin niýetlenen SCADA awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny oturtmak işini dowam edýärler. Mundan başga-da, stansiýada demir ýol sisternalaryndan nebit önümlerini ýükläp almak üçin sorujy enjamlar oturdyldy. Şeýle hem terminala barýan uzynlygy 2400 metr bolan demir ýoluň fundamendi goýuldy. Demir ýoluň beton şpallaryny we relslerini oturtmak işleri alnyp barylýar. 

Terminalda şeýle hem demir ýol estakadalarynyň toplumyny gurmak, 20-den gowrak dürli agregatlary we lafet direglerini oturtmak işleri dowam edýär. Demir ýol terezilerini oturtmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Gurluşykçylar nebit önümlerini kabul etmek we ugratmak bölüminden Owganystanyň döwlet serhedine çenli uzalan germew diwarynyň, germewiň ugrunda 6 sany gözegçilik nokadynyň gurluşygyny ýokary depginler bilen alyp barýarlar. 

Kuwwatlylygy ýylda 540 müň tonna barabar bolan bu terminal «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni tarapyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň fewralynda çykaran kararyna laýyklykda alnyp barylýar. 

Bu desganyň gurluşygyny maliýeleşdirmek işini Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üpjün edýär. 

Terminal 276 400 inedördül metr meýdanda ýerleşer. Ol esasy dört bölümden ybarat bolar  dolandyryş we kömekçi binalar bölümi, nebit önümlerini kabul edýän bölüm, öz içine metal sisternalaryny alýan nebit önümlerini saklaýan bölüm, serhetýaka çäginde awtosisternalara nebit önümlerini  ýükleýän bölüm. 

Bu nebit terminalynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga ýardam eder. Bu bolsa öz gezeginde dünýä bazarlarynda Türkmenistanyň ornuny berkider. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder