24 Ekim 2016 Pazartesi

Gumdagly Ýetginjek Türgenleriň Ýeňşi

Kabbadi boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Balkan welaýatynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaryşyň baş baýragyna ýer eýeleri --«Bars» toparynyň türgenleri mynasyp boldular. Olar ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda aşgabatly türgenleri 76:19 hasabynda ynamlay ýeňmegi başardylar.

Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýan türgenler noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň öňüsyrasynda öz güýçlerini synadylar. 

Aýgytly duşuşyk meýdança eýeleriniň doly artykmaçlygy bilen geçdi. Arakesmeden soňra Sapardurdy Rahmanberdiýewiň şägirtleri oýnuň gidişini doly öz ellerine aldylar hem-de garşydaşlaryny uly artykmaçlyk bilen ýeňmegi başardylar. «Barsyň» ýeňşine toparyň öňdebaryjy oýunçysy 14 ýaşly Guwanç Atanepesow uly goşant goşdy. Ol meýdançada ussatdygyny görkezdi hem-de utuklaryň köp bölegini gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan aşgabatly türgenler ikinji orny eýelediler. Üçünji orny bolsa Gumdag şäheriniň beýleki bir topary eýeledi.

Ýaryşyň geçirilen ýeri bolan 2-nji sport sport mekdebinde milli göreş, futbol, boks, agyr atletika hem-de kabbadi görnüşleri boýunça bölümler açylyp, olar üstünlikli işleýär. Ýakyn wagtda gündogaryň başa-baş söweşi bolan uşu boýunça ýaş türgenleriň topary dörediler. 

Kabbadi boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň öňüsyrasynda türgenler bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň hataryna seçilip alynmak üçin jemleýji synagdan geçer. Noýabr aýynyň ortalarynda Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň açyk birinjiligi guralar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder