21 Ekim 2016 Cuma

Energetika Pudagy Türkmenistanyň Senagat Taýdan Ösmeginiň Esasy Bolup Durýar

Energetika pudagy ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasy bolup durýar, diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt»  dolandyryş merkeziniň açylyşynda sözledi.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda 14 sany gaz turbinaly elektrik stansiýasyny, elektrik geçiriji ulgamlary we paýlaýjy beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Häzire çenli Ahal, Lebap we  Mary  welaýatlarynda elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup, ulanmaga berildi. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda  işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Geçirilýän bu işler ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge, artýan elektrik  energiýasyny bolsa goňşy döwletler bolan  Owganystana we Eýrana hem iberýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy we Türkmenistanyň geljekde onuň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de möçberlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Şeýlelikde, geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň    ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu gaz geçiriji bilen ugurdaş ýokary woltly elektrik ulgamyny gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Türkmen paýtagtynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça hem köp işler edilýär. 2012–2014-nji ýyllarda kabul edilen kararlara laýyklykda, Aşgabat şäherinde 3 tapgyrda birnäçe energetika desgasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalar elektrik energiýasyny gyradeň paýlamagy, onuň güýjenmesini we ýygylyk derejesini kadaly saklamagy üpjün edýär. diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.

Täze açylan «Paýtagt» dolandyryş merkezinde ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa, tutuş şäheriň energiýa ulgamynyň işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda energetika ulgamynda innowasion esasda durmuşa geçirilýän taslamalar içerki sarp edijileri bolşy ýaly, daşarky bazarlary hem üznüksiz hem-de durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu bolsa ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer, Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarar, türkmenistanlylaryň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrar.

Milletiň Lideriň şeýle hem elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň şu döwrebap desgalary netijeli ulanyp, öz öňlerinde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 9 aýyň dowamynda ýurtda 18 milliard 134,6 million kWt/sag elektrik energiýasy öndürildi. 2015-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň önümçiligi 16 göterime golaý ýokarlandy.

Umuman, 2016-njy ýylda ýurtda 23 milliard 689,1 million kWt/sag öndürmeklik meýilleşdirilýär.

Sebitler boýunça şu ýylyň 9 aýy üçin önümçiligiň möçberi Mary welaýaty üçin 34,4 göterim, Ahal welaýaty üçin 20,7 göterim, Balkan welaýaty üçin 18,8 göterim bolýar. Aşgabatda bellenilen döwürde ýurduň ähli elektik energiýasynyň 13,3 göterimi işlenilip taýýarlanyldy.

2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlary üçin elektrik energiýasynyň eksporty 2 milliard 477,7 million kWt/sag deň boldy. Bu görkeziji 2015-nji ýylyň degişli döwründen 19,9 göterim artykdyr. Eksportyň baha möçberi 89,4 million amerikan dollaryna barabardyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder