24 Ekim 2016 Pazartesi

Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgalaryny Gowşurdy

2016-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sun Weýdoň bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary esas bolan syýasy özaragatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Taraplaryň hökümetara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem halkara giňişligindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalary bellenildi.

Gürrüňdeşligiň esasy meseleleriniň hatarynda taraplaryň söwda-ykdysady çygrynda, şol sanda energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy össdürmäge ygrarlylygy bellenildi. Gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň arasynda senagat, oba hojalyk we ýokary tehnologiýalar ulgamlary bellenildi.

Taraplar iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary ösdürmek işinde medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şunlukda ylym we  bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy geljekde işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we öz tarapyndan iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek üçin zerur bolan ähli tagallary etjekdigine ynandyrdy.

 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder