Nebitiň dünýä boýunça bahalary golaýda bolan aşaklamadan soňra sişenbe güni ýokarlanmagyny dowam edýär. Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEK-iň gazanan ylalaşygyna bolan şübhe «gara altynyň» bahasynyň çalt ýokarlanmagyndan saklaýar, muňa söwda-geleşikleriniň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär.
Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,60 göterim ýokarlanyp – bir barreli 51,83 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,62 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 50,25 dollara barabar boldy.
Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeniň 2019-njy ýyla çenli ýurtda nebitiň çykarylyşyny 4 million barrele ýetirmek meýlini beýan etmegi netijesinde duşenbede «gara altynyň» bahasy aşaklady. Onuň sözlerine görä, 2020-nji ýylda Eýranda nebitiň çykarylyşynyň möçberi 4,28 million barrele ýetmeli. Şol bir wagtda hem ol noýabrda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEK-iň ylalaşyk gazanmagyna umyt edýändigini belledi. Eýranyň OPEK-iň bu ylalaşygyna goşulmagy üçin ýurtda häzirki wagtda nebitiň çykarylyşynyň ýeterlik derejä ýetenligi baradaky soragy Zangane jogapsyz goýdy.
Maýadarlar Liwiýa bilen Nigeriýanyň hem nebiti çykarmagy çäklendirmek boýunça ylalaşyga goşulmazlygyndan heder edýärler. Olaryň pikirine görä, bu ýurtlarda önümçiligiň garaşylýan derejede ýokarlanmagy birleşigiň beýleki agza-ýurtlarynyň çäklendirmesiniň aňsat öwezini dolup biler.
«Bu bolsa OPEK-de önümçiligiň o diýen köp möçberde azaldylmajakdygyny aňladýar» diýip, Citi Futures Perspective-iň energetiki analitigi Tim Ewans (Tim Evans) The Wall Street Journal gazetine habar berýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder