Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy.
Ilki bilen, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim dowam edýän pagta ýygymy, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, welaýatyň senagat düzümini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan meýilnamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almagyň möhümdigini belläp, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny we olara öz wagtynda hyzmat edilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleriniň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, ýygymyň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatyň ekerançylyk meýldanlarynda, dowardarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny geljek ýyla taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, ilkinji nobatda bolsa, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň degişli derejede alnyp barylmalydygyny, kärendeçileriň mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň, olar bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilişiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ösümçiligi ösdürmek, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek we ekin meýdanlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Bulardan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň Gurbansoltan eje adyndaky, Boldumsaz we başga-da käbir etraplarda pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möwsümi öz wagtynda tamamlamak üçin bar bolan tehniki serişdeleri netijeli ulanmagy hem-de guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk maksatly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda daýhanlary mineral dökünleri bilen üpjün etmek, gök-miwe önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli agrotehniki we ykdysady şertleri döretmek, maldarçylygyň ot-iýmlik binýadyny berkitmek, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny ýaz möwsümine taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň obasenagat pudagynda işleriň ýagdaýy, pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak bilen bagly işleriň depgini barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak, ilatyň durmuş üpjünçilingini has-da gowulandyrmak, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak işinde Hojambaz, Köýtendag, Atamyrat, Döwletli, Beýik Türkmenbaşy, Birata etraplarynda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdyp, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz häkimiň ünsüni oba hojalyk önümçiligini artdyrmagyň esasy wezipeleriniň birine—ekin dolanyşygynyň düzgünlerini takyk berjaý etmek bilen işlenip bejerilýän ýerleri netijeli peýdalanmak, dökünler, tohumlar we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek, şeýle hem täze ýerleri özleşdirmek we melioratiw işleri geçirmek wezipelerine çekip, bu babatda tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annargurbanow ýygym möwsüminiň görkezijileri: borçnamadan artyk ýygnalan pagtanyň hem-de pagtasy ýygnalmaly ýerleriň möçberi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şol sanda durmuş-ykdysady düzümi yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň Murgap, Mary, Wekilbazar, Tagtabazar we beýleki käbir etraplarynda galan pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak işleriniň depginleriniň pesdigini aýtdy we bu işlerde bar bolan haýal-ýagallygyň sebäplerini seljerip, ony güýçlendirmegi häkimden berk talap etdi. Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki çärelere laýyk bolmalydygyny aýdyp, bereketli hasyl almak maksady bilen, ekerançylygyň medeniýetini, agrotehnikanyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamyň ornaşdyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Bazarow, B.Ereşow we B.Hojamämmedow çagyryldylar.
Ilki bilen R.Bazarow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geljek ýyl üçin tehnikalary taýýarlamak işleriniň derejesi, şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Ereşow ýurdumyzyň senagat toplumynda, aýratyn-da, himiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançy kärendeçileri mineral dökünler bilen doly derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Hojamämmedow öz gezeginde ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda oba senagat toplumynda bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer daýhanlar we kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümlerini, azyk we senagat üçin çig maly öndürmek - bu köpugurly we çylşyrymly ulgam bolup, onuň ýagdaýy we ösüşi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň umumy derejesine, onuň maliýe institutlarynyň, karz-ýeňillik ulgamynyň, şeýle hem mineral dökünlerini öndürýän senagat kärhanalarynyň netijeliligine bagly bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumy öz esasy wezipesini—ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek wezipesini doly berjaý edýär. Biziň häzir görýän çärelerimiz oba hojalyk önümçiliginden gelýän girdejileri artdyrmaga, içeri we daşary bazarlarda ýurdumyzyň önümlerini ýerlemäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň öňünde degişli wezipeleri goýdy.
Gürrüň, hususan-da, obada haryt öndürijileri höweslendirmegiň, obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmagyň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmegiň we oba çäklerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, hojalyk başlangyjyny höweslendirmegiň usullary barada bardy. Şeýle hem kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew bilen Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy.
Wise-premýer paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, aýratyn-da, şäher köçelerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu işleri, şol sanda ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek işlerini ýokary hilli alyp barmagyň möhümdigini belledi. Adamlaryň abadan durmuşy, olaryň oňaýly ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek biziň özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar diýip, gurluşyk we abatlaýyş işlerini hemişe gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan binalaryň bezeg işleri, olaryň atlandyrylyşy, mozaika işleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim täze seýilgähde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkeller, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary barada şekiller arkaly habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen şekillere belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň binalarynyň atlandyrylyşynyň we olaryň bezeg şekilleriniň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, binalaryň bezeglerinde ugurdaş şekilleriň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki binalaryň bezeglerinde halkymyzyň däp-dessurlaryna mahsus ýörelgeleriň häzirki zaman tejribesi bilen utgaşdamylydygyny aýdyp, bu ugurda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we beýleki sungat işgärleriniň sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz täze seýilgähde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkeller barada aýdyp, olaryň taýýarlanylyşynda täzeçil ýörelgeleriň ulanylmaýandygyny aýratyn belledi we bu babatda ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň döredýän eserleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýdyp, olaryň işine nägilelik bildirdi.
Täze seýilgähde oturdyljak heýkelleriň oturdylyşynyň häzirki zaman talaplaryna we täzeçil ýörelgelere laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz heýkelleriň halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk derejede ýerleşdirilmelidigini, olarda ýagşy dessurlar bilen döwrebap usullaryň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda paýtagtymyzy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly başga-da birnäçe meselelere garaldy, olary çözmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4410 https://www.facebook.com/TurkmenHabarGullugy/
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder