24 Ekim 2016 Pazartesi

Aşgabatda Dünýä Türkmenleriniň XIX Maslahaty Geçirildi

Türkmen paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahaty boldy. Maslahat Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyryldy. Däp boluşy ýaly, Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän ildeşler forumynyň işine Türkmenistanyň ähli künjeklerinden, şeýle hem dünýäniň on alty döwletinden, şol sanda Owganystandan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan we Şwesiýadan wekiller gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, DTYB-niň Maslahaty biziň ýurdumyzda her ýyl geçirilýär hem-de wajyp çäre bolup durýar. Çünki dünýä türkmenleri bilen köpugurly aragatnaşyklary giňeltmek, ählumumy maksatlar bolan parahatçylyk, howpsuzlyk we abadançylyk ýörelgelerine laýyk gelýän, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işjeň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. 

Watanyndan alyslarda ýaşaýan türkmenler üçin bu ählitürkmen maslahatyna wekil bolup gatnaşmak uly abraý bolup durýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenýän şu ýylda maslahat has hem dabaraly geçýär. Beýik baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip, şanly senä bagyşlanan köp sanly çärelere gatnaşyp, durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly täze desgalara baryp görmek bilen, biziň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz häzirki wagtda özleriniň taryhy Watany Türkmenistanda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň güýç-kuwwatyny, ruhyny duýmaga ajaýyp mümkinçilik alýarlar.

Dünýä türkmenleri Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerine, onuň barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarynyň ýaşan topragynyň gülläp ösmegi üçin özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň maý aýynda özüniň 25 ýyllygyny bellän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň taryhy, garaşsyz ýurdumyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ildeşlerimiz bilen ruhy-medeni umumylyk , ykdysady, ynsanperwer we umumyadamzat gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze itergä eýe boldy. 

Häzirki wagtda dünýäniň 14 ýurdunda DTYB-niň 27 sany bölümi hereket edýär. Birleşmäniň üç ýzden gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe, şol sanda dört ýüze golaý daşary ýurtly şahsy agzalary bar. Soňky ýyllarda DTYB-niň daşary ýurtly ildeşlerimiz bilen gatnaşygy mazmun taýdan we iş ugurlary boýunça örän köp dürli häsiýete eýe boldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklar has işjeňleşdirildi. DTYB Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji we oňyn syýasatyny , onuň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitlerini wagyz etmekde, türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, onuň taryhyny, dilini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. DTYB-niň daşary ýurtlardaky bölümlerinde ildeşlerimiziň jebisleşmegine, milletiň ruhy taýdan birleşmegine, özboluşly türkmen däp-dessurlaryny aýawly saklamaga ýardam berýän çäreler geçirilip durulýar. Şu ýylyň ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda bu çäreler has hem wajyp häsiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä türkmenleri bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär hem-de bu işi biziň döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar. Özüniň daşary ýurtlara saparlarynyň çäklerinde milli Liderimiz ildeşlerimiz bilen duşuşmaga wagt tapýar, olaryň zerurlyklary, aladalary bilen gyzyklanýar, olaryň köp derwaýys meselelerini çözmäge kömek edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň ähli oňyn başlangyçlary, amala aşyrýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dürli ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň giň goldawyna eýe bolýar, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam edýär.

DTYB-niň ХIХ Maslahatynyň başlanmazynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk Binasyna gül desselerini goýdular. Soňra, Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgüniň mejlisler zalynda Maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, DTYB-niň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň birnäçe institutlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, birleşigiň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly il ýaşululary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy Maslahatyň dabaraly açylmagyny habar berdi. Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny çuňňur dykgat hem-de belent ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Maslahatyň wekillerini Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy hem-de bu beýik baýrama bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işiniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden we gyzgyn gutlady. 

“Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri biragyzdan gaýtalaýan maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda “Daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklary berkitmek, baý medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy hem-de ynsanperwer syýasatymyzy giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleriniň Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, milletimizi has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi aýratyn guwandyrýar. Biz geljekde hem dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, eziz Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermek ugrunda zerur işleri ederis. Dünýä türkmenleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin ähli zerur goldawy bereris!” diýilýär 

Maslahatyň mejlisiniň barşynda DTYB tarapyndan geçiren iş barada hasabat diňlenildi we biragyzdan kabul edildi, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni- ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Täjigistanda, Şwesiýada, Owganystanda, Gyrgyzystanda, Türkiýede, Eýranda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň ýolbaşçylary we wekillri öz gutlag sözlerinde milletiň ruhy galkynyş syýasatynyň beýanynda DTYB-niň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzyň ýaşan ýerinde bolup geçýän ägirt uly özgerişliklere, döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler syýasatyna, parahatçylyk, gülläp ösüş we öňe gidişlik maksatlaryna eýerýän hem-de ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraýyny ýokary göterýän işjeň halkara başlangyçlaryna tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny beýan etdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza daşary ýurtly ildeşlerimiz barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň mysaly hökmünde Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagy üçin berilýän goldawy, hususan-da, onuň serhetýaka sebitlerini elektrikleşdirilmegini, Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurulmagyny, hünärmenleri taýýarlamagy we beýlekileri belläp geçdiler. 

Şeýle hem çykyş edeneler Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjek ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda iri halkara taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar. 

Ata Watanda her bir duşuşyk, DTYB-niň masalahatyna gatnaşmak ildeşlerimiziň öňünde özboluşly hasabat hem-de indiki edilmeli işleri kesgitlemek bolup durýar. Munuň özi daşary ýurtly ildeşlerimiz tarapyndan giňden bellenilýän taryhy waka Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly senesiniň bellenilýän ýyly has hem derwaýysdyr diýip, çykyş edenler bellediler. Daşary ýurtly ildeşlerimiziň kalbyny dolduran buýsanç duýgulary Watanymyza hem-de Arkadagymyza bagyşlanan goşgy setirlerinde hem beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça türkmen kowçumlarynyň wekilleriniň birnäçesini sylaglamak dabarasy boldy. Olar türkmen halkynyň beýleki halklar bilen dostlukly hem-de doganlyk medeni- ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işini alyp barandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandylar. 

Şeýle hem, maslahatyň barşynda DTYB-niň aýratyn tapawutlanan daşary ýurtly işjeň agzalaryny hormat hatlary bilen sylaglamak dabarsy boldy. Sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar özleriniň hoşallyk sözlerinde “Biz nirede ýaşasagam özümiziň Watanymyza dahyllydygymyzy duýýarys, Arkadagymyza hem-de mukaddes türkmen topragynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýarys” diýip aýtdylar. 

DTYB-niň XIX maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýygananlar milli Liderimizi Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmak, milletiň ruhy galkynyşy hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere uly üns berýänligi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işde täze ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler.

“Mekan” köşgüniň eýwanynda we Mejlisler zalynyň öňünde türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, özboluşly sungaty barada gürrüň berýän sergi guralypdyr. Sergide muzeý gymmatlyklary  milli geýimler we saz gurallary, zergärleriň bezeg işleri, şol sanda ahalteke bedewlerini bezemek üçin ajaýyp işleri, halylar we gobelenler, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri goýlan diwarlyk aýratyn ünsi çekýär. Ol milli mirasymyza bagyşlanan köpsanly ylmy işleri, çeper eserleri we kitaplary ýazan milli Liderimiziň şahsyýetiniň köp taraplydygyny şöhlelendirýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň göwrümli täze işiniň, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli öz halkyna sowgat eden “Türkmenistan” kitabynyň nusgasy hem görkezilipdir. 

Milli Golýazmalar institutynyň ajaýyp gymmatlyklary, 16-18-nji asyrlara degişli bolan golýazmalar, şeýle hem öten asyrlaryň alymlarynyň, filosoflarynyň we şahyrlarynyň eserleriniň fotonusgasy maslahata gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Paýtagtymyzyň aýdym we tans toparlary maslahata gatnaşyjylara döredijilik gutlagyny taýýarlapdyrlar. Köşgüň içinde gadymy hem-de baky ýaş türkmen topragynyň , zähmetsöýer hem zehinli türkmen halkynyň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar joşgun bilen ýaňlandy. 

***

Daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine hem gatnaşýarlar. Olaryň Aşgabatda bolmaklarynyň maksatnamasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine, «Altyn Asyr» gündogar bazaryna aýlanyp görmek, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda «Goja çynar» oýnuna tomaşa etmek girizilipdir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder