25 Ekim 2016 Salı

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Dostlukly döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we seçip alan döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini belledi. 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalaryny nazara almak bilen, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi bolsa taraplaryň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýär. 

Söhbetdeşler iki halkyň medeni we ruhy umumylygynyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň esasy bolup durýandygyny aýtdylar hem-de netijeli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň dünýä giňişliginde hem netijeli gatnaşyk edýändiklerini belläp, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň mundan beýläk hem halkara bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Liderleri dostlugyň iň gowy däpleri esasynda guralýan hem-de taraplaryň hoşmeýilli erkine daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. 

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder