Maslahatyň işine Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary Z.Ýorowa, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktoryň orunbasarlary S.Safarow we F.Muminowa, Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti S.Odinaýew, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýurt boýunça direktory, BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik wekiliniň w.ý.ý. Ýan Harfs, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň Täjigistandaky bölüminiň başlygy D.Kullakow, Täjigistanyň DIM-niň GDA ýurtlary müdirliginiň başlygy F.K Osimowa, beýleki ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, görnükli ylmy işgärler, ýerli KHBS-niň wekilleri hem-de Duşanbe şäherinde okaýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.
Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary Z.Ýorowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda ol sebitdäki ulag-üstaşyr geçirijileri babatda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada aýtdy we mysal hökmünde Türkmenistan-Owganistan-Täjigistan demir ýoluny getirdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç,Ataýew gatnaşyjylara minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmekdäki başlangyçlary barada gürrüň berdi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldap, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde depginleri güýçlendirmek meselesini üstünlikli çözmekde durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamlaryny döretmegiň wajyp faktordygyny tassykladylar. Edilen çykyşlarda sebitde wajyp sosial meseleleriň çözülmegine, ilaty iş bilen üpjün etmäge we ygtybarly söwda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge goldaw berýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag syýasaty bilen baglanyşykly giň meseleler gozgaldy.
Maslahatyň jemini jemläp, gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlary biragyzdan goldadylar we energoresurlar, azyk we suw üpjünçiligi bilen bir hatarda durnukly ösüşi esasy elementleriň biri bolan ynamly, häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini wajypdygy bilen ylalaşdylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder