Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk gormek bilen baglanyşyky meseleler girizildi.
Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň barşynda saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Saýlaw kodeksine laýklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar 2016-njy ýylyň 24-nji oktýabryndan başlap Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümiň başlaýandygyny yglan edýär. Saýlawlar gününe çenli 60 günüň galmagy bilen daşalgärleri görkezmek başlanýar.
Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyzyň saýlawlaryna taýýarlyk, şeýle hem dürli derejedäki çäreleriň giň toplumyny guramak boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Bu babatda ilat arasynda guralýan düşündiriş işlerine möhüm orun degişlidir. Toparlaryň agzalarynyň işiniň aýratyn jogapkärçiliklidigi bellenildi. Toparlaryň agzalarynyň sazlaşykly işi bu möhüm jemgyýetçlik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmeginiň baş şertini emele getirýär.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar öňde boljak möwsüm bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň barşyna ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan döredilen milli synçylar bilen ýörite çagyrylan halkara bilermenleri we synçylary gözegçilik ederler. Hususan-da, zerur resminamalar, şol sanda synçylar we Türkmenistanyň raýatlary üçin gollanmalar, dürli serişdeler taýýarlanyldy we etrap, şäher we uçastok toparlarynyň agzalary üçin okuw sapaklary meýilleşdirildi.
Merkezi saýlaw toparynyň çözgüdine laýyklykda saýlawlaryň geçirilýän gününde Watanymyzyň çäginden daşynda boljak adamlar üçin, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda degişli saýlaw uçastoklary dörediler.
Mejlise gatnayşyjlaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, olaryň öňünde durýan esasy wezipe ony ýurdumyzyň hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekden ybaratdyr.
Şeýlelikde, şu gün giň möçberli guramaçylyk işlerine badalga berildi. Ol ýörite tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda yzygiderli alnyp barlar.
Şeýle hem Ahal we Mary welaýatlarynyň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň birnäçe okruglar boýunça 20-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara taýýarlyk hakyndaky maglumatlary diňlenildi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň “119-njy “Atçapar”, 124-nji “Pendi” saýlaw okruglary boýunça dalaşgärleri görkezmek babatdaky ýygnaklary geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar dalaşgärleriň zähmet ýoly, olaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ösişiň geljekki ugurlaryna garaýşy bilen tanşyp, olaryň işewür we şahsy häsiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň ýurdumyzyň kanunçylyk guramasyna hödürlenmegini goldadylar. Milli parlamentiň deputatlygyna Demokratik partiýanyň Ahal, Mary welaýat komitetlerinden we Tagtabazar etrap komitetinden, şeýle hem raýatlar toparyndan jemi 6 dalaşgär hödürlendi.
Mejlisde aýdylan maglumatlar we saýlawlary geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler nazara alnyp, beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder