29 Ekim 2016 Cumartesi

Ata Watanymyzyň Goragçylaryna Sylaglar Gowşuryldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.

Degişli Permana gol çeken Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça edermen Watan goragçylaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. 

Mähriban halkymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygyň bähbidine söweş meýdanlarynda öz janlaryny gurban eden milli gahrymanlarymyzyň hormatyna türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar böleginde bina edilen ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada döwlet Garaşsyzlygyny berkitmek we gorap saklamak, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramak, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak, raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmek, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işine saldamly goşant goşandygy üçin sylaglara mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, esgerleri, harby talyplary, işgärleri nyzama düzüldiler. 

Mähriban Watanymyzy goramagyň mukaddes borjy bilen öz ykballaryny baglan köpsanly dabara gatnaşyjylar dyza çöküp, harby kasama, Watana baky wepalylygyň hem-de mähriban halkymyzyň parahat döredijilikli durmuşynyň goragynda sak durmaga taýýarlygyň alamaty hökmünde mukaddes tuga tagzym edýärler.

Harby gullukçylar halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler. 

Türkmen halky öz taryhynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip geldi. Häzirki döwürde, täze taryhy eýýamda şol ýörelgeler Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluny saýlap alyp, döwlet gurluşynyň täsin nusgasyny döretmegi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti bolan oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi başardy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň wajyp wezipelerine doly laýyk gelýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan harby özgertmelerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we düzümlerini kämilleşdirmek, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça yzygiderli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan başga-da, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleriň häzirki zaman bilimlerini, harby sungatyň milli we daşary ýurt tejribesini yhlasly ele almalydyklaryny, esasy bolsa, Watana deňsiz-taýsyz söýgi ruhunda terbiýelenen hakyky watançy bolmalydyklaryny yzygiderli nygtaýar.

Milli häsiýetiň hut ahlak ýörelgesi – gaýduwsyzlyk hem-de synmaz erk-isleg halkymyza galkynmak hem-de döretmek üçin uly güýç-kuwwat berdi. Mähriban topragymyza çäksiz wepalylyk we söýgi, agzybirlik hem-de bitewülik, öz güýjüňe ynanmak we durmuşy söýmek ýaly duýgular hem-de ýörelgeler häzirki döwürde hem Türkmenistanyň ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak we dürli çäreleri geçirmek däbi her bir türkmenistanlynyň kalbynda halkymyzyň şöhratly taryhyna bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar. Biziň taryhymyz Watan goragçylarynyň ajaýyp ýeňişlerine, deňsiz-taýsyz edermenligine hem-de gaýduwsyzlygyna beslenendir. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerine bagyşlanan “Ruhy tagzym” ýadygärligini hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň meýdanlarynda we mähriban topragymyzyň parahatçylygy we rahatlygy ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” hem-de “Milletiň ogullary” ýadygärliklerini birleşdirýär. 

Dabara gatnaşyjylar biziň häzirki bagtyýar we erkin durmuşymyz, gülläp ösýän döwletimiz üçin öz şirin janlaryny gurban eden milli gahrymanlaryň öçmez-ýitmez söweş hem-de zähmet edermenligi barada halk hakydasynyň nyşanlaryna öwrülen ýadygärlikleriň etegine gül desselerini goýdular. 

Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň meýdançasynda dowam etdi. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa uly aladalary hem-de Watanymyzyň öňündäki hyzmatlaryna şeýle ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleriniň harby we watançylyk borjuna jany-teni bilen wepaly boljakdyklaryna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik üstinlikleriniň goragynda durup, mähriban Watanymyza we halkymyza hemişe abraý bilen gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder