Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çäräniň başynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinta Barrins giriş sözi bilen çykyş etdi.
Çekeleşigiň dowamynda talyplar 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde BMG-niň agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň maksatlaryny, wezipelerini we görkezijilerini ara alyp maslahatlaşdylar. Emin agzalary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparynyň ýeňiji bolandygyny yglan edip, olara BMG-niň Kubogy gowşuryldy.
Şunuň ýaly çäräniň geçirilmegi ýaşlaryň global meseleleri çözmäge we wajyp syýasy çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmak ukyplaryny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder