26 Ekim 2016 Çarşamba

Aşgabat Stadionynda Gecirilen Baýramçylyk Dabaralary

«Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzda bellenýän iň ajaýyp, iň naýbaşy baýrama—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk çykyşlary boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy biziň halkymyz hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin aýratyn taryhy ähmiýetli waka bolup durýar. Mundan çärýek asyr ozal—1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmenleriň özbaşdak döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwy hasyl boldy. Garaşsyzlyk ildeşlerimize döredijilik üçin ylham, gurmak üçin gujur-gaýrat, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmak üçin egsilmez ruhubelentlik berýär. Türkmenistanyň halky, garaşsyz we bagtyýar ýaşaýşy alamatlandyrýan bu beýik baýrama aýratyn hormat bilen garaýar.

Ak mermere beslenen paýtagtymyzda, ähli obadyr şäherlerde bu waka mynasybetli häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni we önümçilik maksatly binalaryň ulanylmaga berliş dabaralary geçirilýär. Türkmen halkynyň garaşsyzlyk eýýamynyň döredijilik ruhuna bap gelýän, türkmenistanlylaryň döredijilik ylhamyny hem-de zähmete bolan hyjuwyny, olaryň şöhratly geçmişine we ajaýyp häzirki döwrüne bolan buýsanjyny, Watanymyzyň bagtly geljegine mizemez ynamyny artdyrýan ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar guralýar.

Bu gün agşam bolsa «Aşgabat» stadiony dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrrüldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, hormatly il ýaşulylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde, hormatly myhmanlaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly ildeşlerimiz, şeýle hem köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Tomaşaçylaryň we baýramçylyga gatnaşyjylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary, dürli reňkli şarlar bar. Uly dabaranyň başlanmagy üçin hemme zat taýýar.

Sport meýdançasynyň merkezinde ýaş ýigitler we gyzlar mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň senesini alamatlandyrýan XXV ýazgy we şugla saçyp duran Günüň keşbini şekillendirip düzülýärler. 

Türkmenistanyň Döwlet- Senasy ýaňlanýar. Tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň Watanymyza bolan çäksiz buýsanjy, halkymyzyň mizemez agzybirligini şöhlelendirýän sesleri goşulyp, adamlaryň kalbyny aýdyp beýan edip bolmajak buýsanç duýgusyndan doldurýar. Ýüzlerçe howa şarlary, älemgoşaryň ähli reňklerinde öwşün atyp asmana göterilýär. 

Türkmen halkyna hem-de onuň Lideri, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ägirt uly özgertmleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglar aýdylýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň täze keşbini dünýä ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan ençeme täzeçil özgertmeleriň başyny başlap, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzy gülläp ösüşiň ýoly bilen aýgytly öňe alyp barýar. 

Stadionyň ylgaw ýodalarynda türkmen halkynyň asyrlar, boýy buýsanjy bolan, dünýä ýüzünde egsilmez şöhrat gazanan meşhur ahalteke bedewleri peýda bolýar. Ýigrimi bäş sany bedew Garaşsyzlyk baýdagy parladyp milletiň taryhy senenamasyny köpsanly belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere beslän garaşsyzlygyň ajaýyp ýyllaryny özboluşly şöhlelendirýär. 

Ahalteke bedewleriň tohumyny gorap saklamakda we onuň dünýädäki şöhradyny artdyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň yhlasy bilen milli atçylyk pudagy täze belentliklere ýetdi. Ýurtda atçylyk pudagynyň infrastrukturasyny ösdürmek, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň at üstündäki görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini ösdürmek üçin deňi-taýy bolmadyk işler amala aşyrylýar. 

Türkmenistan dünýäniň bu pudak boýunça ykrar edilen merkezine öwrülýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabatda her ýyl geçirilýän iň owadan hem syratly ahalteke bedewiniň halkara gözden geçirilişi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Behişdi bedewler sirk sungatynda hem öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçen sirk sungatynyň Bütindünýä gözden geçirilişlerinde gazanan köpsanly baýraklary munuň aýdyň güwanamasydyr. Halkara gözden geçirilişleriniň baýragyny alan ildeşlerimiz hem bu gün dabara gatnaşýarlar. Deňsiz-taýsyz, behişdi bedewleriň owadanlygyna, ýyndamlygyna, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde örän çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çakganlygyna haýran galan tomaşaçylar olary el çarpyşmalary bilen hormatladylar. 

Stadionda dowam edýän baýramçylyk dabarasyna çagalar we ýetginjekler tans toparlary goşulýar. Olar «Bagtyýar nesiller Watan geljegi» atly joşgunly çykyşlary ýerine ýetirýärler. Çagalar el tutuşyp, baýramçylyk aýlawyny emele getirýärler, dürli milli oýunlary ýerine ýetirýärler. Olaryň joşgunly tanslarynda, şadyýan aýdymlarynda bagtly çagalayk, ýaşlyk şatlygy, ajaýyp geljege ynam joşýar. Türkmenler ençe-ençe asyrlap, çagalarynyň parahat hem asuda durmuşda ýaşamagyny, öz zehinlerini, başarnyklaryny ata Watanyň bähbitlerine bagyşlamaklaryny arzuw edipdirler. Ine, häzirki wagtda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlary milletimiziň iň ajaýyp dessurlarynyň ruhunda terbiiýelemek babatynda öňdengörüji syýasaty netijesinde ýaş nesillerimiz şeýle mümkinçilige eýe boldy. 

Sport meýdançasynda joşgunly sazyň astynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ezber türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. «Saglygym- baş baýlygym» diýen atalar sözünden ugur alnyp, Türkmenistanda milletiň saglygy milli baýlyga deňleşdirildi. Tutuş ýurt boýunça gurlan köpsagdy täze sport desgalary bu ulgamy kämilleşdirmek barada döwlet tarapyndan edilýän tagallalary aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda döredilen döwrebap sport desgalary halkara ýaryşlaryny hem üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Türgenler sport görnüşleriniň onlarçasyny, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sport görnüşlerini görkezýärler. Bu toplumlaýyn oýunlaryň başlanmagyna bir ýyldan hem az wagt galdy. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň şeýle iri yklym ýaryşyny geçirmek üçin türkmen paýtagtyny saýlap almagy, döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, Türkmenistanyň halkara sport hereketlerine goşulyşmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleriniň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça Aziada 2017-niň geçirilmegi üçin gurulýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamam bolup barýar. 

Mälim bolşy ýaly, sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Oýunlara Aziýa döwletlerinden başga-da, Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşar. Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň gadymy diwarlarynyň ýanynda 500 günlük atly ýörişe badalga berdi. Bu ýöriş tutuş ýurdumyzyň içinden geçip, Aziada-2017-niň açyljak güni Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasyna geler. 

Mirasa sapa goýmak, Watany özgertmek ýylynda nesilleriň dowamat-dowam edýändigi, milletiň baý medeni mirasynyň ölmez-ýitmez ähmiýeti baýramçylyk dabarasyny dowam etdiren «Milli miras buýsanjydyr milletiň» atly edebi-çeper sazly çykyşda nygtaldy. Onda özüniň gülläp-ösüş döwrini başdan geçirýän mähriban Watana türkmenistanlylaryň buýsanjynyň, söýgüsiniň nähili çuňňurdygy şöhlelendirilýär.

«Bereketli meýdan daýhanyň bagty» atly beýleki bir çykyş ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerini eýeleýän obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň göwrümli çäreler barada gürrüň berýär. Daýhanlar bol hasyl ýetişdirmekde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň edil öňüsyrasynda pagtaçylarymyz 1million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnap, ýurdumyzyň taryhyna şöhratly goşant goşdular! Bularyň hemmesi türkmen halkynyň asyrlar boýy arzuw eden berkarar döwletiniň ykdysady kuwwatynyň güwänamasy bolup durýar.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylan düýpli üstünlikler hem-de güýçli ykdysady ýokary göteriliş ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de ähli möhüm ulgamlary gurşap alan giň göwrümli özgertmeleriň netijesidir. Ynha, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz geçirijiler— gündogar ugurda—Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý, günorta ugurda—Türkmenistan-Eýran, şeýle hem ýurduň islendik sebitine tebigy gazy uly möçberlerde öz wagtynda we çalt geçirmek üçin ýeke-täk gaz geçiriji ulgamy döretmäge mümkinçilik beren günbatarda «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijileri ulanyşa girizildi. 

Bu mahal sport meýdançasynda Günorta-Gündogar ugur boýunça halkara gaz geçirijisiniň şekili emele getirilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady ösüşine güýçli itergi berer hem-de bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

Stadionda türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän, milli halyçylyk sungatynyň we dokma pudagynyň gazanýan ýokary netijelerini taryp edýän aýdym ýaňlanýar. 

Ir döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem türkmen halysy ildeşlerimiziň her biri üçin iň gymmatly sowgat bolup durýar. Milli halylarymyz dünýä ýüzünde örän uly çeper gymmatlyk, şeýle hem ajaýyp we täsin bezeg hökmünde elmydama, dünýä ýüzünde örän ýokary bahalanypdyr. Häzirki wagtda Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeperçilik galareýalarynda türkmen halysynyň gadymy nusgalary saklanýar. Halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny müňýyllyklaryň jümmüşinden häzirki döwre alyp gelen halkymyzyň ýüzüniň tuwagy bolup, türkmen halysy dünýä ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär. Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, el halysyny dokamak sungaty, milli mirasyň baý däp-dessurlaryny hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde birleşdirip, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň baş sport meýdançasynda dabaralar dowam edýär. «Senagat ulgamy ösüş ýolunda» , «Güller açýar, göwher gaşly Awaza» sazly çykyşlary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly gurluşyklar barada gürrüň berýär. Häzirki wagtda türkmen topragy ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Mundan birnäçe ýyl ozal hem amala aşyrylmagy mümkin däl ýaly bolup görünen işler ýüzlerçe iri göwrümli taslamalarda amala aşyrylyp, gözümiziň öňünde hasyl bolýar. Hazar deňziniň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy muny aýdyň görkezýär. 

Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda çalt depginlerde ösýän ähli amatlyklary bolan deňiz şypahanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ulgamyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň alamaty hasaplanýar. Häzirki wagtda Awazada diňe bir ýokary dereje-de dynç almak, saglygyňy berkitmek bilen çäklenmän, sport bilen, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly wagtyňy peýdaly geçirmek mümkin. Arassa howa, gün şöhlesi hem-de deňizde suwa düşmek adamyň beden agzalaryna hem-de şähdaçyklygyna gowy täsir edýändigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi bolsa uzak wagtyň dowamynda ruhubelent bolmagyň, özüňi oňat duýmagyň kepilidir.

Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen baýramçylyk dabarasy has hem gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Onda dabara gatnaşanlar bir bütewi jemlenişip, öz giň göwrümli işlerini mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdiren milli Liderimiziň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisleşýändigini şöhlelendirdiler.

Baýramçylyk dabarasy ahyrlap barýar. Sport meýdançasynyň merkezinde «ARKADAGA ŞÖHRAT» diýen ýazgy ýazylýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň hem-de ruhlandyryjymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna arzuwlar we aýdym aýdylýar.





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder