2016-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Malik bilen duşuşyk geçirildi.
Duşyşygyň barşynda diňe bir geografiki taýdan ýakynlygy bilen däl, eýsem, çuňňur kökleri, medeniýetiniň, ruhy däpleriniň umumylygy bilen baglaşan ýurtlarymyzyň arasyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygy, energetika, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş we beýleki möhüm ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenildi. Soňky onýyllyklaryň dowamynda dürli derejelerde gol çekilen ençeme resminamalary, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary özünde jemleýän şertnama-hukuk binýady täze taryhy tapgyrda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Özara erk-isleg hem-de gyzyklanma diňe bir türkmen we pakistan halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemme şertleri döredilýär. Muňa türkmen tarapynyň başlangyjy bilen başlanan hem-de geçen ýylyň dekabrynda badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň örän uly taslamasy mysal bolup biler. Şol taslama türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda Pakistan Yslam Respublikasynyň raýatlaryna çakylyklary we wizalary resmileşdirmek bilen baglanyşykly ähmiýetli meselelere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4337
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder