Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz şu gün berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenýän ýylynyň 9 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerini jemleýäris.
Siziň bilşiňiz ýaly, Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty ýubileý ýylynda hem ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp baryldy.
Şu ýyl daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza birnäçe resmi we iş saparlary amala aşyryldy. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem beýleki döwletleriň altysynda saparda boldy. Şu ýylyň ahyryna çenli beýleki ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Türkmenistana ýene-de sapar bilen gelmeklerine garaşylýar. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň hem daşary ýurtlara saparlary göz öňünde tutulýar.
Biz şu ýyl ýokary derejede 95 duşuşyk geçirdik. Bu saparlaryň we duşuşyklaryň ählisi Bitarap döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam berdi. Jogapkärli, ygtybarly we ygrarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrdy we berkitdi.
Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasy işine, türkmen Bitaraplygyna sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde ýokary baha berilýär.
Hormatly adamlar!
Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys.
Häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda täze kärhanalaryň gurluşygyna hem-de öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge örän uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende häzir maýa goýumlarynyň möçberi 4,6 göterim köpeldi.
Biz tebigy gazy ulanmak arkaly işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklary hem ýokary depginler bilen ösdürýäris. Iri halkara we içerki taslamalary amala aşyrmagy üstünlikli dowam edýäris. Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris. Esasy gazgeçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollary we iri köprüleri giň gerim bilen gurýarys. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gazgeçirijisini, şeýle hem beýleki gazgeçirijileri gurmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys.
Ýakyn wagtda «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň» ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň, Amyderýanyň üstünden geçýän iri köprüleriň gurluşyklary hem tamamlanar. Şeýlelikde, biz kuwwatly ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek bilen, Bitarap döwletimiziň uzak möhletlere niýetlenen syýasy we ykdysady bähbitlerini üpjün edýäris.
Geçen dokuz aýyň dowamynda ýurdumyzda umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 122 sany iri desgany işe girizdik. Bu desgalaryň arasynda haly we haly önümlerini, şeýle hem kükürt kislotasyny öndürýän kärhanalary, mebel toplumyny,Lebap welaýatynda kuwwaty 254 megawat bolan gaztrurbinaly elektrik stansiýasyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10-a golaý myhmanhanany we dynç alyş toplumyny görkezmek bolar.
Olaryň hatarynda Aşgabatda gurlan Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy, birnäçe lukmançylyk merkezleri, 15 sany umumybilim berýän mekdep, 2170 orunlyk 12 sany çagalar bagy, umumy meýdany 800 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlary hem bar.
Bulardan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 53 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2 müňden gowrak dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler hem öz netijesini berip başlady. Şu ýyl gallanyň gowy hasyly ýygnalyp alyndy. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu günki hasabatlaryna görä, pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama hem ýerine ýetirildi. Watan harmanyna eýýäm 1 million tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyryldy. Pagtaçylarymyzyň gazanan bu üstünligi bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge telekeçiler hem saldamly goşant goşýarlar.Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barmak bilen, hili daşary ýurt kompaniýalarynyňkydan birjik-de pes bolmadyk, has çylşyrymly we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar.
Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär. Gurluşykda we senagatda, şeýle hem beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar.
Şu ýyl biz ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Konstitusiýamyzyň täze, rejelenen görnüşini kabul etdik. Ilkinji nobatda, berkarar döwletimiziň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri girizmegiň demokratik, adalatlylyk we doly aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini bellemek isleýärin. Bu işe dünýä bileleşiginiň wekilleri we halkara guramalarynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.
Halkymyzyň aglaba köpçüligi Konstitusiýa teklip edilen üýtgetmeleri doly makullady. Berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatyny mähriban halkymyzyň giňden goldamagy, kim näme diýse-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Geçirilýän özgertmeler bolsa, ykdysadyýetimiziň daşarky töwekgelçilikleriň dürli görnüşlerine has durnukly bolmagyny üpjün edýär. Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaldýar.
Bu bolsa, bize jemi içerki önümiň ösüşini ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berdi. Senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şert döretdi. Manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyna, içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga ýardam etdi. Durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Umuman alnanda, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işinde käbir kemçilikler bar diýäýmeseň, şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri erbet bolmady. Biz ata Watanymyzy ösdürmegiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýarys we geljekde hem şu ýol bilen öňe gitmegimizi dowam ederis!
Hormatly adamlar!
Nesip bolsa, biz ýene-de birnäçe günden eziz Diýarymyzyň baş baýramyny – berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris. Garaşsyzlyk ýyllarynda yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde, mähriban halkymyz ägirt uly üstünlikleri gazandy. Bu barada biz ýaňy-ýakynda Ýaşulularyň maslahatynda giňişleýin gürrüň etdik. Häzir bolsa, diňe esasy meseleler barada durup geçeýin.
Özüniň garaşsyz ösüşiniň häzirki tapgyrynda Bitarap Türkmenistan ýokary depginler bilen öňe barýan, ilatynyň doly durmuş üpjünçiligini gazanan, demokratik institutlarynyň ulgamy gyşarnyksyz ösýän we kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan hukuk döwletiniň ýörelgelerini jemgyýetiň durmuşynda berkarar eden ýurt hökmünde özüni tanadýar.
Hakyky döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan pursadyndan bäri geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan yzygiderli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar. Şonuň netijesinde, Garaşsyz döwletimiz özara gatnaşyklaryny oňyn bitaraplyk ýörelgeleri esasynda ýola goýan, halkara giňişliginde deňhukukly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem doly döwrebap ýagdaýa getirildi. Häzirki zaman, netijeli döwlet gurluşynyň ulgamy döredildi.
Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy durnuklylygy hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etdi. Uzak möhletlere gönükdirilen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ösüşiň milli nusgasynyň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut etdi.
Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygy goldaýan döwlet hökmünde uly abraý gazandy. Örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara derejesinde giňden ykrar edildi. Dünýä milletler bileleşiginde täsirli döwlet hökmünde mynasyp orna eýe boldy.
Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde öz milli döwlet bähbitlerini yzygiderli gorap gelýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň asuda hem-de durnukly ösmegini üpjün edýär, adam mümkinçiliklerini açýar hem-de şahsyýetiň bähbitlerini we hukuklaryny berjaý edýär. Bu ýörelgeler garaşsyz ösüşiň 25 ýylynyň içinde berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup gelýär.
Şeýle düýpli hukuk ýagdaýyna bolsa, halkara syýasatynyň örän möhüm meseleleri, ýagny daşarky gapma-garşylyklara gatyşmazlyk, milli bähbitleri hasaba almaýan köptaraply harby, syýasy we beýleki guramalara goşulmazlyk, döwletara gapma-garşylyklaryny parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmäge çalyşmak, döwletleriň özygtyýarlylygyny hem-de çäkleriniň bütewüligini hormatlamak, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk meseleleri boýunça borçnamalary hem-de çemeleşmeleri laýyk gelýär.
Biz halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ugruny saýlap almagyny we Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik bitaraplyk hakyndaky Rezolýusiýasyny gaýtadan kabul etmegini, şol Rezolýusiýanyň bütin dünýäde ykrar edilmegini türkmen diplomatiýasynyň möhüm taryhy üstünligi diýip hasap edýäris.
Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy – biziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdyr. Durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi we esasy maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat,asuda, bolelin we ösüşlere beslenen abadan durmuşy üpjün edýär. Garaşsyzlygymyzyň çuň mazmunly maksatlaryny amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ýaly esasy düşünjeler çärýek asyr bäri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny aýdyň häsiýetlendirip geldi. Garaşsyzlyk ýyllary örän çylşyrymly we ykbal kesgitleýji pursatda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň biziň halkymyzyň milli bähbitlerine doly derejede laýyk gelýändigini görkezdi.
Azyk garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, häzirki döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň döredilmegi, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy, halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegi biziň şu döwürde gazanan esasy üstünliklerimizdir!
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir belent maksat – berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegini hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady durýar. Şu belent maksady goldanyp, döredijilik ruhy bilen joşýan merdana halkymyz içeri we daşary syýasatda öňümizde duran jogapkärli wezipeleri hökman üstünlikli durmuşa geçirer!
Geçen taryhy ýolumyza tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bolan Türkmenistanyň iň täze taryhyna ajaýyp we şöhratly sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn!
Bu şöhratly sahypalara biz buýsanyp bileris!
Häzirki amala aşyran işlerimiz, gazanan üstünliklerimiz bolsa, geljekki nesillerimiziň kalbynda merdana halkymyza hem-de berkarar Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Nesip bolsa, biz ýene-de birnäçe günden mähriban Watanymyzyň baş baýramyny – Garaşsyz Türkmen döwletiniň 25 ýyllyk şanly ýubileýini giňden we dabaraly belläp geçeris. Merdana halkymyzyň özbaşdak we Garaşsyz döwlet baradaky asyrlaryň dowamynda edip gelen arzuwy XX asyryň ahyrynda doly hasyl boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz, özygtyýarly Türkmen döwleti emele geldi. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmen halky beýik Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn uly sarpa goýýar. Geçen çärýek asyryň dowamynda mähriban halkymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Syýasy, ykdysady we medeni taýdan belent sepgitlere ýetdi. Ata Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem yzygiderli ýokarlandy.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji hem-de ylalaşdyryjy döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bütin adamzadyň bähbitlerine, dünýäde asudalygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle hem, bu möhüm başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hem-de merdana halkymyzyň geljeginiň has-da nurana boljakdygyna, mundan-da belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn!
Hormatly adamlar!
Sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size we ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, abadan, asuda we bagtyýar durmuş arzuw edýärin!
Goý, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhrady we mertebesi bütin dünýä dolsun!
Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen jemgyýetçilik ösüşiniň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün!
Hormatly adamlar!
Öň hem aýdyşym ýaly, ýakynda men ýene-de bir kitabymy – «Türkmenistan» atly eserimi ýazyp gutardym. Bu eserde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň dowamynda mähriban halkymyzyň bitiren asyrlara barabar işlerini gysgaça beýan etdim. Bu kitaby men Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisinden soň size höwes bilen gowşuraryn. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde berkarar Watanymyzyň gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri mähriban halkymyza we dünýä bileleşigine giňden ýetirilmelidir.
Hormatly adamlar!
Häzir men gahrymançylykly zähmeti bilen Garaşsyz Watanymyzyň kemala gelmegini we ýokary depginler bilen ösmegini üpjün eden raýatlarymyzy ordenler we medallar bilen sylaglamak baradaky birnäçe Permana gol çekjek. Sylaglanýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazow we beýleki ýolbaşçylar, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlary bar.
Men, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna mynasyp bolan raýatlara ertir–şenbe güni döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrýaryn. Şeýle hem, bu Permanlara gol çekýärin!
Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men size berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder