28 Ekim 2016 Cuma

Altyn Asyr Türkmenistanyň Kubogyny Üçünji Gezek Eýeledi

Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary final duşuşygynda “Aşgabat” toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogyny saklap galmagy başardy.

Futboly mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda kubok ugrundaky final ýaryşy dokuzynjy gezek paýtagtymyzyň çäginden daşarda we dördünji gezek Daşoguzda geçirildi. 

Ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyr” üçin bu oýun bäşinji final duşuşygy, entek bu baýraga ýekeje gezek hem eýe bolup görmedik “Aşgabat” üçin bolsa ikinji final oýny bolup durýardy. 

Finala barýan ýolda toparlaryň ikisi hem birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Türkmenistanyň çempionatynda 6-njy orny eýeleýän “Aşgabat” kubok ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynda birinji ligada çykyş edýän, Serdar şäherinden “Sary daşy” iki gezek – öz meýdançasynda 7:0 we myhmançylykda 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Çärýek finalda Ahmet Agamyradowyň şägirtleri iki deňme-deň duşuşykdan soň (1:1) 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:4 hasabynda “Ahaldan” üstün çykdy, ýarym finalda bolsa “Balkany” Balkanabat şäherinde 1:0 hasabynda we Aşgabatda 3:0 hasabynda ýeňdi. 

Milli çempionatda öňdeligi eýeleýän “Altyn asyr” ilki bilen çärýek finalda iki gezek “Şagadamdan” – Aşgabatda 3:1 hasabynda we Türkmenbaşy şäherinde 1:0 hasabynda üstün çykdy, soňra bolsa ýarym finalda iki duşuşygyň netijesi boýunça Marynyň “Energetik” toparyndan öz meýdançasynda 5:0 we myhmançylykda 1:4 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Final duşuşygynyň ilkinji minutlaryndan başlap “Altyn asyr” artykmaçlyga eýe boldy. Ýöne kem-kemden “Aşgabat” oýny deňlemegi başardy. Duşuşygyň birinji ýarymynda garşydaşlar, ilkinji nobatda, öz derwezeleriniň öňünde goranmaga aýratyn üns berdiler. 

Oýnuň 33-nji minutynda “Altyn asyryň” futbolçylary jerime urgusyna hukuk gazandylar. Altymyrat Annadurdyýewiň urgusyndan soň, top garşydaşyň düzen “diwaryna” degip, çep ganata okduryldy. Şol ýerden pökgi jerime meýdançasyna ugradyldy we Myrat Ýagşyýew kelle urgusy bilen hasaby açdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri arakesmä çenli artykmaçlygy has-da berkitmäge mümkinçilik aldylar, ýöne A.Annadurdyýew derwezeban Nariman Garajaýew bilen ýekeme-ýeke çykyp, pökgini tora gönükdirip bilmedi. 

Duşuşygyň ikinji ýarymynyň ortalarynda “Aşgabadyň” oýunçysy Ylýas Akyýew gödek oýnandygy üçin oýundan çykaryldy, şondan 4 minut geçenden soň Akmyrat Jumanazarow hasaby ikä ýetirdi. 

Milli birinjilikde öňde barýan toparyň futbolçylary has-da tijenip, garşydaşyň derwezesine hüjümi güýçlendirdiler we duşuşygyň 80-nji minutynda Myrat Ýagşyýew güýçli urgy bilen çempionyň artykmaçlygyny 3 pökgä ýetirdi. Ol bu toparyň 2008-nji ýylda döredileninden bäri geçen wagtdan resmi duşuşyklarda “Altyn asyryň” 600-nji golunyň awtory boldy. 

Süleýman Muhadow 86-njy minutda dördünji pökgini derwezeden geçirip, oýnuň soňky nokadyny goýdy. 

“Altyn asyr” uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, özüniň taryhynda ýurdumyzyň Kubogyny üçünji gezek eýelemegi başardy. Aragatnaşyk ministrliginiň topary ozal bu üstünlige 2009-njy we 2015-nji ýyllarda mynasyp bolupdy. Şonda bu toparyň oýunçylary final duşuşyklarynda “Merwden” 3:0 hem-de “Şagadamdan” 11 metrlik jerime urgularynyň netijesi boýunça 7:6 hasabynda üstün çykdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder