Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Türkmenistan Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropa täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Puluň bikanun harçlanmagyna garşy maliýe göreş çärelerini işläp taýýarlamak baradaky topar, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa topary ýaly iri maliýe we ykdysady düzümler bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda halkara çärelere gatnaşmagyny has-da işjeňleşdirdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti Yslam ösüş banky bilen TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmagyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdi.
Şu ýylyň 21-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan degişli Ylalaşygy baglaşdy.
Şol Ylalaşyga laýyklykda Yslam ösüş banky Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň biziň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karz berýär.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň bir bölegi bolup, ol eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz iberilmegine gönükdirilendir. TOPH taslamasy—türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän daşary syýasatynyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Transmilli gaz geçirijiniň gurulmagy energiýa serişdeleriniň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer hem-de sebitiň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösmeginiň kepiline, ählumumy energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi ýokarlandyrmagyň möhüm şertine öwrüler.
Türkmenistanyň daşary ykdysady iş döwlet banky halkara maýalar bazarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi Agenti bolup durýar hem-de strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzakmöhletleýin daşary ýurt serişdelerini çekýär. Şeýle hem bank Türkmenistan tarapyndan Yslam Ösüş Bankynyň Dolandyryjy Edarasy hökmünde hereket edýär hem-de YÖB-niň we YÖB-niň Utgaşdyryjy toparynyň dürli gaznalarynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk meselelerini düzgünleşdirýär.
Bank ýurdumyzyň eksport ugurly önümleriniň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak maksadynda gazhimiýa pudagynda taslamalary amala aşyrmak üçin daşary ýurt serişdelerini çekmäge işjeň gatnaşýar. Daşary ykdysady iş banky polietilen we polipropilen öndürýän toplum, kükürt kislotasynyň monogidratyny öndürýän kärhana, tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, karbamid öndürýän zawod ýaly iri senagat desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşýar.
Daşary ykdysady iş banky--Türkmenistanyň maliýe bazarynda ykrar edilen öňdebaryjy bank bolup durýar. Ol “The Bankers” žurnalynyň her ýyl çap edilýän sanawynda “Ýurduň iň gowy banky” diýen ada 12 gezek mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan öňe batly depginler bilen gadam urup, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda mäkäm orun eýeledi. Düýpli düzüm özgertmeleri ähli ugurlary gurşap aldy, bu bolsa dürli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz maksatnama—maksatlaýyn binýada esaslanýan milli ykdysadyýetiň täze nusgasyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine goşulmagyny hem-de umumy dünýä meýillerini nazara almak bilen, durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Bu nusga ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde üstünlikleri gazanmagy bilen baglylykda halkara bilermenleri, seljerijiler, syýasatçylar üçin uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi abraýly jemgyýetçilik we maliýe halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýär.
Ykdysadyýetiň önümçilik pudygyny ösdürmäge, ýangyç-çig mal serişdelerine garaşlylygy aradan aýyrmaga gönükdirilen netijeli maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň durnukly ösmegine ýardam edýär. Milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýan hususy ulgama döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly we netijeli ösdürmek, şahsy başlangyçlary amala aşyrmak maksadynda örän oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Olar salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň we lisenzirlemegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak bolup durýar.
Türkmenistanyň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasaty, daşary ýurt maýalaryny goramagyň kanunçylyk kepillikleri, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýalaryny giňden çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky barada aýdylanda bolsa, ony maýa goýum serişdeleriniň özboluşly güýjenmesi hem-de olaryň netijeli operatory diýip atlandyrmak bolar. Bank eýýäm köp ýyl bäri daşary ýurtly maýadarlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bankyň hyzmatdaşlar üçin ygtybarlylygy onuň maliýe işiniň görkezijileriniň artmagy, abraýly halkara auditorlary tarapyndan tassyklanan maliýe hasabatlarynyň aýdyňlygy, öz ähli borçnamalary boýunça tölegleriniň öz wagtynda tölemegi bilen tassyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maliýe ykdysady ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda Daşary ykdysady iş banky öz düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de iş depginini artdyrmaga ünsüni jemledi. Şol ugurlar bankyň ygtybarly işewürlik abraýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň bazarynda öňdäki orunlara çykardy.
Bankyň uly müşderiler binýady onuň üstünliginiň umumy görkezijileriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalary Daşary ykdysady iş bankynyň korporatiw müşderileriniň esasyny düzýär.
Daşary ykdysady iş banky hödürleýän hyzmatlarynyň, şol sanda on-laýn-banking hyzmatynyň hilini has-da ýokarlandyrmagy, işewürligi ösdürmek we geljegi uly pikirleri amala aşyrmak üçin karz önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy, hyzmatlaryň täze derejesine çykmak hem-de halkara maliýe ulgamyna doly goşulmagy ugur edinýär.
Bütindünýä ösüş bank topary ýurdumyzyň ozaldan gelýän we möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. 1996-njy ýylda bank Aşgabatda wekilhanasyny açdy. Köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň dowamynda saglygy goraýyş, ulag, dürli pudaklarda geňeş we tehnika goldaw maksatnamasy ýaly ugurlarda birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Hususan-da, statistika we maliýe gözegçiligi babatda milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny bellemeli.
2013-2015-nji ýyllarda döwletimiziň we Bütindünýä bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Aralyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki işiň ähmiýetini bellemeli. Munuň çäklerinde 2013-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara abatlaýyş we ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň arasynda makroykdysady, statistika, bank, ätiýaçlandyryş, gymmatly kagyzlar bazaryny we hususy pudagy ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakynda Şertnama gol çekildi. Pul serişdeleriniň umumy möçberi ABŞ-nyň 2 million dollaryna barabar boldy. Onuň 952 müň dollary ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirildi.
Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň töleg ulgamy, bank gözegçiligi, maýa goýum bazarlarynyň ösüşi, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, ätiýaçlandyryş ulgamyndaky işgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýaly pudaklaryň kämilleşdirmegine gönükdirilendir. Şeýle hem ol telekeçilik ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary höweslendirýär, zerur bolan maksatnamalary taýýarlamak hem-de onuň tertip derejesi boýunça usullary kämilleşdirmek ulgamyna tehniki taýdan goldaw berýär.
Ady agzalan strategiýany we tölegli geňeş hyzmatlary Şertnamasynyň ýerine ýetirilmegi geçen ýylyň noýabrynda Bütindünýä banky tarapyndan goldanylan 2016-2017-nji ýyllar döwür üçin Orta möhletleýin strategiýany taýýarlamak boýunça işleri dowam etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde bu resminama Bütindünýä banky we Halkara maliýe korporasiýasy bilen Türkmenistanyň ýurtda özgertmeler maksatnamalaryna goldaw bermek üçin geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm binýady bolup hyzmat edýär.
Ýakynda Waşingtonda Türkmenistanyň Hökümeti (Maliýe ministrligi) bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda maliýe we makroykdysady ulgamlarda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi esasy halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky ädim boldy.
Bu resminama ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatlary bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgüdine goldaw bermäge gönükdirilendir. Gol çekmek dabarasy Bütindünýä bankynyň toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň we Halkara walýuta gaznasynyň her ýylda bolýan mejlisiniň çäklerinde geçdi.
Ylalaşyk ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň teklibi esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça taýýarlanyldy. Bu resminamada geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler işewürlik ugrunyň özgerdilmegine we bank pudagynda köpçülikleýin dolandyryş usulyna goldaw bermäge, karz hasabatlylyk ulgamyny işläp taýýarlamaga, puluň bikanun harçlanmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy göreş ulgamynda töwekgelçilige milli baha bermek usulyny geçirmäge we makroykdysady statistikanyň berkidilmegine gönükdirilendir.
Gol çekmek dabarasynda Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti jenap Siril Mulleriň belleýşi ýaly, resminama Türkmenistanyň ýurduň maliýe ulgamynyň derejesini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmaga we makroykdysady hasabatlylygy halkara ülňülerine laýyk getirmäge bolan ulgamlaýyn çemeleşmelerine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä bank toparynyň bu Ylalaşygyň çäklerinde ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksatnamasyna degişli pudaklarda seljerme we maslahat berme hyzmatlaryny hödürlemek arkaly türkmen tarapyna goldaw bermäge bolan taýýarlygy mälim edildi. Şeýle hem ýokarda agzalan Ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzyň hususy maliýe edaralaryna we kompaniýalaryna maýa goýum serişdelerini bermek hem-de maslahat bermek hyzmatlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet maliýe dolandyryşyny kämilleşdirmek hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmak, milli ykdysdadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleri oňlap, Bütindünýä bank toparynyň Merkezi Aziýa boýunça Halkara maliýe korporasiýasynyň sebitleýin menejeri jenap Moazzam Mekan Türkmenistanyň Hökümetine uly gyzyklanmasy we bilelikdäki işe berýän goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara maliýe korporasiýasy ýerli banklaryň üsti bilen, şeýle hem göni maýa goýum serişdeleri we ýurdumyzyň orta we iri telekeçileri üçin geňeş hyzmatlaryny ýola goýmak arkaly kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmek üçin mümkinçilikleri gözlär. Şol bir wagtyň özünde Bütindünýä bank toparynyň karz serişdelerini bermegiň we beýleki maliýe gurallaryň hasabyna daşary ýurt maýa goýum serişdelerine göni goldaw bermäge taýýardygy mälim edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň banklarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary halkara ölçeglerine laýyk getirilýär. Ýurdumyzda banklaryň we olaryň şahamçalarynyň täze, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap dolandyryş binalary gurulýar, olaryň maliýe binýady berkidilýär. Bank ugamynyň işgärleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde guralýan maslahatlara we seminarlara yzygiderli gatnaşyp, öz hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty, bazar ykdysadyýetiniň ylmy taýdan işlenip taýýarlanan milli nusgasynyň esasynda maliýe we pul-karz ulgamynda geçirýän özgertmeleri, dünýä çökgünliginiň ýaramaz täsirine garamazdan, öz bereketli miwelerini getirýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi döwletimiziň we milli Liderimiziň dünýä giňişligindäki ýokary abraýyny şertlendirdi we durmuş-ykdysady ösüşiň üstünliginiň, özara peýdaly esasda ýola goýulýan işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň kepili bolup hyzmat edýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder