Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi, oňa degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna garadylar.
Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan esasy wezipelerine laýyklykda kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleri geçirýändigi bellenildi. Ähli kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar hem-de ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär.
Maslahatyň gün tertibine “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna seretmek meselesi girizildi. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek döwlet Baştutanynyň saýlawlary döwletimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler hem-de türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleri has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna girer.
Bu möwsüme ilkinji gezek partiýalaryň üçüsi, has takygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da Senagatçylar we telekeçilik partiýasy hem-de Agrar partiýasy we raýatlaryň topary gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, bu partiýalaryň bäsdeşligi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze, möhüm ähmiýetli öwüşgin çaýar. Saýlawlaryň ýokary bäsleşik derejesini üpjün eder. Bu bolsa bütin jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, halk bilen häkimiýetiň bitewüligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmäge ýardam eder.
Soňra parlamentiň garamagyna “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Parlamentariler häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nygtap, binýatlyk halkara resminamalaryna goşulmak bilen ýurdumyzyň olaryň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görýändigini bellediler.
2014-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny taýýarlamak boýunça iş topary döredildi. Onuň düzümine döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň ygtyýarly wekilleri girdiler. Halkara bilermenleriň goldaw bermegi bilen bu topar tarapyndan Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin hereketleriniň Milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanyldy. Hereketleriň milli meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen bu kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Taslamada adam söwdasyna garşy hereket etmegiň guramaçylyk we hukuk esaslary, adam söwdasyndan ejir çekenleri goramagyň, olaryň hukuklarynyň dikeldilmeginiň hem-de kömek bermegiň, adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamagyň toplumlaýyn çäreleri kesgitlenildi we adam söwdasyna garşy hereket etmegiň çygrynda
jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalar bellenildi. Bu resminamanyň kabul edilmegi adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygyny berkitmäge gös-göni ýardam eder.
“Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Deputatlar öz çykyşlarynda fiziki taraplaryň Türkmenistanyň banklarynda goýumlaryny kepillendirmegiň, banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriş ulgamyna gatnaşmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän bu kanunyň möhümdigini nygtadylar. Bu resminama goýumçylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine hem-de bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilendir.
“Türkmenistanyň Suw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek gün tertibiniň nobatdaky meselesi boldy. Çykyş edenler suw serişdelerini aýawly saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtadylar. Häzir Türkmenistanda ýurdumyzyň bu baýlygyny aýawly saklamak we suwdan rejeli peýdalanmak boýunça uly işler geçirilýär. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar, suw hojalyk desgalary hem-de ulgamlary gurlanda öňdebaryjy tejribe giňden ulanylýar. Suw hojalygynda ýaýbaňlandyrylan reformalar ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmagy, suw üpjünçilik meselelerini, şol sanda sebitleriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerini ugur edinýän düýpli özgertmeleriň ähmiýetli ugruna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýanwarynda milli parlamentiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda daşky gurşawy goramak, ilatyň arassa agyz suwuna bolan islegini doly kanagatlandyrmak, suw
ekoulgamlaryny hapalanmakdan we dargamakdan goramak ýaly möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu günüň talaplaryny nazara almak bilen, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we aýawly saklamagyň guramaçylyk, hukuk hem-de ykdysady taraplaryny düzgünleşdirýän Suw kodeksiniň gaýtadan kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän täze Suw kodeksi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de aýawly saklamak, oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolan suwarymly ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny amatly amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek babatda nobatdaky möhüm ädim bolar.
Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ilatyň arasynda suwa aýawly garamagyň wajypdygy barada düşündiriş işlerini giňden geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Şeýle hem parlamentariler “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda”, “Goranmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Mejlisiň barşynda “Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Gury portlar” hakynda hökümetara Ylalaşygyna goşulmak hakynda”, “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna Gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji maslahatynyň çäginde makullanan “Pariž Ylalaşygyny” tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň üstüni ýetirip, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunda eziz Watanymyzy çalt depginler bilen ösdürmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder