15 Ekim 2016 Cumartesi

OPEK Nebit Bazarynda Ýakyn Wagtda Durnuklylygyň Gazanylmagyna Garaşýar

OPEK öz çözgütleriniň nebitiň ammarlarda saklanýan ätiýaçlyklarynyň tiz wagtda azalmagyna we bazarda isleg bilen teklibiň deňagramlaşmagyna ýardam etmegine garaşýar, diýip guramanyň baş sekretary Muhammet Barkindo Stambulda geçirilen XXIII Bütindünýä energetiki maslahatynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.

Baş sekretaryň belleýşi ýaly, Alžirde gazanylanlar diňe bir OPEK ýurtlarynyp içinde däl, eýsem oňa girmeýän öndürijiler bilen maslahatlarda hem kabul edilmelidir.

«OPEK-iň içinde karar biragyzdan kabul edildi. Stambuldaky Bütindünýä energetiki maslahaty nebit çykarýan beýleki ýurtlar bilen maslahatlary geçirmäge oňat mümkinçilik bolup durýar» diýip Barkindo aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylda başlanan nebitiň bahalarynyň düýpli peselmegi nebit ammarlarynyň ýokary derejede doldurylmagy bilen baglanyşyklydyr. «Önümçiligiň ýokary depgini ýokary nyrhlaryň netijesinde bazarda durnuksyz ýagdaýy emele getirdi» - diýip Barkindo belledi.

Nebitiň çykarylyşyny togtatmak baradaky OPEK-ň karary nebitiň ammarlarda saklanýan ätiýaçlyklarynyň tiz wagtda azalmagyna we bazarda isleg bilen teklibiň deňagramlaşmagyna ýardam eder.

«Alžir ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek boýunça OPEK-iň ýokary derejeli komiteti oktýabryň ahyrynda Wenada ýygnanyşar, 30-njy noýabrdaky maslahatda bolsa edilen iş barada hasabat berer» - diýip Barkindo aýtdy.

XXIII Bütindünýä energetiki maslahaty 9-13-nji oktýabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýardamy bilen, Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrymyň we energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň başlangyjy bilen Stambulda geçirilýär.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda SOCAR, TANAP konsorsiumlarynyň, AG, DESFA kompaniýalarynyň, BР, Gazprom, RD Shell, GE, Total, Saudi Aramco, LUKOIL, ENGIE we beýlekileriň prezidentleriniň çykyşlary meýilleşdirildi.

Mundan başga-da, maslahatyň işine nebit we gaz çykarýan ýurtlaryň energetika ministrleri, haý-tek kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara maliýe institutlarynyň, BMG-niň düzümleriniň, ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder