1 Ekim 2016 Cumartesi

Astrahanda Aziada-2017-iň Tanyşdyrlyş Dabarasy Boldy

Astrahan şäheriniň Kaspiý  deňiz derýa ulaglary institutynda “Aşgabat-2017: geljekgi V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda” atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Dabara öňümizdäki 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk  binalarda  we  söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň  özboluşly tanyşdyrlyşly boldy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) şeýle hem Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynyň guramaçylykly goldamagynda geçen bu duşuşyga Astrahan oblastynyň Bedenterbiýe we sport, Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar minstrlikleriniň, oblastyň jemgyýetçilik we syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary, türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Myhmanlar  ýokary okuw mekdebiniň türkmen tarapyndan abatlanylan we Türkmenistana degişli mowzukda bezelen okuw otagynyň  dabaraly açylyşyna gatnaşdylar. Tegelek stoluň başynda gönüden-göni  öňümizdäki V Aziýa oýunlary barasynda çykyşlar edildi we wideorolikler görkezildi.

Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde ilkinji bolup Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanandygyny belläp geçdiler. Edilen çykyşlarda ýurtda  köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty ösdürmekde Hökümetiň we döwlet Baştutanynyň hut özüniň duranlygy bellenildi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmeti siňen köp sanly ajaýyp neşirleri we türkmen halylarynyň we milli egin-eşikleriniň görnüşlerini özünde jemleýän Türkmen milli sergisi easy ünsi özüne çekdi.

“Tegelek stoluň” işine işjeň gatnaşanlara çäräni gurnaýjylaryň adyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy şeýle hem ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder