28 Şubat 2016 Pazar

Medeniýet Ministrligi Taryhy Ýerleri Goramak Gözegçiligini Güýçlendirýär

Ýurdumyzyň taryhynyň gozgalmaýan ýadygärlikleri we medeni mirasa degişli obýektleri goramak maksady bilen desgalaryň ýerleşjek ýeri saýlanyp alnanda ähli gurluşyk taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hökmany suratda ylalaşmak arkaly amala aşyrylar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşmagy üpjün etmäge borçly edildi. 

Şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça aýlanyp, birnäçe täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň eteginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşanda ýolbaşçylara desgalaryň ýerleşjek ýeri saýlanyp alnanda ähli gurluşyk taslamalaryny Medeniýet ministrligi bilen hökmany suratda ylalaşmagy göz öňünde tutýan resminamany taýýarlamagy tabşyrypdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylar bilen bolan söhbetdeşlikde türkmen topragynyň dürli döwürlerde siwilizasiýanyň ösen merkezleriniň, kuwwatly döwletleriň we gülläp ösen şäherleriň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärliklere örän baýdygyny belläp, Medeniýet ministrliginiň taryhy ýadygärlikleriň aýawly saklanylmagyna we şol sanda ähli gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda talabalaýyk gözegçilik etmelidigini aýtdy. 

Täze girizilen tertip Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän medeni ýadygärlikleri goramak boýunça gözegçiligiň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.


Türkmenistanda Ýangyndan Hökmany Döwlet Ätiýaçlandyrmasy Girizilýär

2016-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmek bellenildi. 

Bu çözgüt “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýangyn sebäpli üçünji taraplara ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiligine ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksadyna gönükdirilen. Edara görnüşli taraplar 2016-njy ýyl üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2016-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli baglaşmaga borçly edildi. 

Ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklenildi. 

Resminama bilen ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama; Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawy; Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibi tassyklanyldy.






Türkmenistan Suratlary 118

Türkmenistan Suratlary 118





Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysady ulgamdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky buýrugyň taslamasy barada hasabat bedi. 

Şu maksatlar üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň we hususy kärhanalaryň şu ýyl üçin maliýe meýilnamalarynda zerur bolan maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maşgala ojagynyň hem-de milletiň ýokary ruhy–ahlak gymmatlyklaryny goraýjylar bolan zenanlara uly hormat-sarpa goýmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biridigini nygtady. Bu däp häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda zenanlaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Häzirki wagtda biziň aýal-gyzlarymyz işini we maşgala borçlaryny üstünlikli utgaşdyryp, dürli ulgamlarda we pudaklarda tutanýerli zähmet çekýärler hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine, ösüp gelýän nesli watançylyk hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýarlar. 

Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky buýruga gol çekip, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara sowgatlaryň öz wagtynda berilmegini hem-de baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen böleginiň ugrundaky ähli işler tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu ýerde 8 kilometr ýer tekizlenip, 6 kilometrde turba çekmek işleri geçirildi. Häzirki wagtda taslamanyň türkmen bölegi boýunça potratçysy “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen bir hatarda, taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gaz geçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleler çözülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan nebiti hem-de gazy gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň möçberlerini hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna eksportyny artdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. 

Döwlet Baştutanymyz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu örän iri energetika taslamasyny has-da öňe ilerletmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda M.Amanowy başga işe geçmegi sebäpli, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky karara gol çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleriň amala aşyrylýandygyny, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigini hem-de haşal otlaryň garşysyna çäreleriň görülýändigini belledi. Şular bilen birlikde, gowaça ekişine hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine işjeň taýýarlyk görülýär. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň suw üpjünçiligini hem-de ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. 

“Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” we beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde suw hojalyk desgalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Mundan başga-da, melioratiw we suwaryş ulgamlaryny arassalamak, beýleki çäreler amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk işleriniň bellenilen tertibini we bildirilýän talabyny berk üpjün etmegi talap edip, wise-premýere gowaça ekişini öz möhletinde geçirmegi, güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere suw hojalygy ulgamynda iň täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde himiýa pudagynyň täze kärhanasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek zawodyň gurluşygy güýçli depgin bilen alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa pudagyny ösdürmek strategiýasynyň ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz gorlarynyň bolmagynyň karbamid öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary gurmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de wise-premýere täze himiýa kärhanasynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherindäki Sergi köşgüniň durkuny täzelemek hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde geçiren iş maslahatynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmek we abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreler kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýol-ulag hereketini sazlaşdyrmaga ýardam etjek awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk hem-de energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Kiçi etrapçalaryň çäklerini kadalaşdyrmak, ýollary yşyklandyrmak, awtoulaglar üçin goşmaça duralgalary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Şäheriň köçelerini we paýtagtymyzyň ähli etraplarynyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak işine berk gözegçilik edilýär. Sebitdäki iri Olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzda gurulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy üçin ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hem-de Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen Aşgabat şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň ägirt uly ähmiýetini nygtap, dürli maksatly desgalaryň, şol sanda şäheriň ähli etraplaryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz paýtagtymyzda döredilýän Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegiň möhümdigine ünsi çekip, onuň desgalarynyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň talaplaryna hem-de halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda paýtagtymyzda giň möçberli işleriň ýerine ýetirilendigini, tutuş etraplaryň, şol sanda taryhy merkeziň durkunyň täzelenendigini, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de abraýly halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolan kaşaň binalaryň peýda bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli düzümleriň işini sazlaşdyrmagyň we paýtagtymyzyň ähli etraplaryny sazlaşykly ösdürmek, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinden 30-njy oktýabyryna çenli aralykda “EKSPO-2016 Antalýa” Bütindünýä botanika sergisine wekilçilik etjek türkmen bölümini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň bölümini 635 inedördül metr meýdanda seýilgäh görnüşinde gurnamak teklip edilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçiren bäsleşiginiň barşynda “EKSPO-2016 Antalýa” sergisinde milli bölümiň taslamasyny düzmek, gurmak, enjamlaşdyrmak, bezemek hem-de serginiň alty aýynyň dowamynda baglara we güllere ideg etmek, dolandyryş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça teklipler öwrenildi we saýlanyp alyndy. 

Seýilgähde Türkmenistana häsiýetli bolan ösümlik dünýäsini görkezmek, güllerden we beýleki ösümliklerden bezeg görnüşlerini döretmek, pyýada ýodalaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň täsin tebigaty barada köpsanly maglumatlar bolan bölüm ýerleşdiriler. Mundan başga-da, dürli milli sowgatlyk önümleri görkeziler. 

Wise-premýer Türkmenistanyň bölüminiň meýilnamasyny we ony döretmek boýunça teklipleri, şeýle hem bu mesele boýunça taslama şekillerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýan halkara sergilerine hem-de işewür maslahatlaryna gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz şu babatda toplanan oňyn tejribäni yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, “EKSPO-2016 Antalýa” Bütindünýä botanika sergisine türkmen bölümini guramagyň meýilnamasyny goldady hem-de Türkmenistanyň köptaraply we ajaýyp keşbini görkezmek üçin bezeg işiniň we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de olara gabatlanjak medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy barada aýdyp, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny, oňyn ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň gazananlaryny giňden ýaýmaga gönükdirilen çäreleriň we döredijilik maslahatlarynyň girizilendigini habar berdi. 

Halkara zenanlar güni mynasybetli, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda aýal-gyzlaryň hormatyna dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar, ylmy we medeni merkezlerde, okuw edaralarynda, teatrlarda we muzeýlerde, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynda zenanlaryň baýramçylygyna bagyşlanan konsertler, spektakllar, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçiriler. Şeýle hem bu baýramçylyga gabatlap, “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak, “Talyp gözeli” bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahat hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak dabarasy geçiriler. 

Baýramçylyk maksatnamasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bar. Baýramçylyk güni-8-nji martda paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçiriler. Mart aýynyň 8-9-y günlerinde Söwda--senagat edarasynda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi guralar. 

13-22-nji martda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň däbe öwrülen sergisi hem-de Öý üçin mebelleriň we harytlaryň halkara sergisi guralar. 

21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýaýlada Milli bahar baýramy mynasybetli toý dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa paýtagtymyzyň medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Milli bahar baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerini “Nowruz ýaýlasy” diýip atlandyrmak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu dabaralar ýeri raýatlarymyzdan gelip gowşan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň teklibine laýyklykda täze ada eýe bolýar. Medeniýet ministrligine degişli edaralar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde bu ýerde dabaraly çäreleri geçirmek boýunça zerur işleri ýerine ýetirmegi üpjün ederler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, martda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde, ähli türkmen halkynyň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde ähmiýetiniň uludygyny belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şol çäreleriň hakyky watançylyk we ahlak häsiýetine eýe bolup, ýokary çeperçilik mazmuny bilen tapawatlanmalydygyny hem-de milli baýramçylyk medeniýetiniň gazananlaryny we bu ugurdaky innowasiýalary sazlaşykly utgaşdyrmalydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaralara ünsi çekip, ata-babalarymyzyň däplerine eýermek bilen, aýal-gyzlarymyza uly hormat goýýarys, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, bagtyýarlygy we abadançylygy üçin amatly durmuş şertlerini döredýäris we dörederis diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerini “Nowruz ýaýlasy” diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekip, täzelenişi hem-de abadançylygy, ylham joşgunyň sazlaşygyny we tebigatyň gülläp ösmegini alamatlandyrýan baýramçylygy geçirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Şol baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly depginleri bilen kybap gelýär hem-de türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylýandygy, dürli duşuşyklaryň, maslahatlaryň guralýandygy, watançylyk hem-de wagyz-nesihat çärelerine hormatly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň, bilermenleriň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda netijeli işleri alyp barýarlar. Olar jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň köptaraplaýyn işine işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýandyklary bellenildi. Şeýle hem wise-premýer Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň iş usullaryny kämilleşdirmek, raýat edaralaryny ösdürmäge, jemgyýeti, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak, watançylyk we ekologiýa taýdan terbiýelemäge gönükdirilen işi işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki döredijiligi hem-de ilatyň hojalyk başlangyçlaryny goldamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni çeken meseleleriniň ýene-de biri Ýeriň magnit meýdanynyň işjeňlik ýagdaýynyň ýokarlanmagy netijesinde emele gelýän, adamlaryň özüni duýşuna we saglygyna ýaramaz täsir edýän “magnit hadysasy” barada ilata öňünden duýdurmak boýunça zerur işleri geçirmek barada boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýer S.Toýlyýewe tabşyryklary berip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine şeýle hadysalaryň täsirini azaltmagyň usullary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi, aýratyn-da, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlaryň magnit hadysasynyň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça näme etmelidigi barada anyk düşündirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy, Demir ýol ulaglary ministrliginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ulag--aragatnaşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeler “Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda” kesgitlenildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda goşmaça 99 müň 680 belgilik 296 sany awtomatlaşdyrylan sanly telefon beketlerini gurnamak meýilleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň ilatyna ýokary tizlikli internete elýeterliligini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäherinde gurulýan täze Halkara howa menzilini işe girizmäge we ulanmaga görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Häzirki wagtda bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan iri ýolagçy terminalynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň umumy meýdany 145 müň inedördül metre deňdir. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günüň talaplaryna laýyklykda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek, demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onuň hereket edýän düzüminiň üstüni ýetirmek babatda goşmaça tabşyryklary berdi. 

Pudagyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşyk, tele we radio kommunikasiýalarynyň, sanly ýaýlyma bermegiň köp şahaly ulgamy hereket edýär, habar beriş serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar. Ösen telefon beketleriniň awtomatlaşdyrylan, şol sanda sanly ulgamy, şeýle hem giň zolakly Internete birikmek hem-de maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli akymlary aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýär. Döwletara telefon zolagyny giňeltmek maksadynda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Internetiň hem-de aragatnaşygyň döwrebap tehnologiýalarynyň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär, telekommunikasiýalary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip bellemek bilen, wise-premýere geçirilýän işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Häzirkizaman sebit üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde möhüm orun eýeleýän täze Halkara howa menzilini gurmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň üstünlikli işini üpjün etjek çärelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklamak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işi barada aýdyp, “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly sebit maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahat mart aýynda indi dördünji gezek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Halkara Ummanlar instituty bilen bilelikde Hazarýaka döwletleriň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän bu forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. 

Bellenilişi ýaly, Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ugurda Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit hem-de halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Hazar deňzi sebitinde giň netijeli özara hereketleri ösdürmek, Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek işine uly goşant goşýar. 

Muňa milli Liderimiziň Hazar meselesiniň dürli ugurlaryna, şol sanda Hazaryň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýän degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek babatdaky netijeli teklipleri subutnama bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça möhum halkara resminamalary işlenip düzüldi. Şol resminamalaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň beýanatynyň gutarnykly ylalaşylmagyna işjeň ýardam etdi. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi baradaky utgaşdyryjy komitetine ýolbaşçylyk edýän döwründe tamamlandy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk pudaklary ýaly wajyp ugurlarda Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipleri öňe sürdi. 

Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl geçirilýän okuw maslahatynyň özara peýdaly tejribe alyşmaga, Hazara degişli döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Bu okuw maslahatynyň gün tertibine ylmy taýdan gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi girizilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hazar sebitinden netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini, Hazar bilen bagly meseleleriň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşjakdygyny belledi. 

Hazar deňzi tebigy taýdan örän täsin deňizdir we Türkmenistan öz tarapyndan geljekde hem parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi hökmünde onuň derejesini pugtalandyrmaga, deňziň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamaga hem-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirjekdigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 7-18-nji marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitiň döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary höweslendirmek we Halkara Ummanlar instituty bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak, degişli işgärleri taýýarlamak babatda onuň ähmiýetini belledi. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz K.Mommadowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany, Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmak hakyndaky, A.Serdarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, I.Amanlyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmak we ony Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, Ç.Ataýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistaynyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” eziz Diýarymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 29.02.2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
29.02.2016
Aşgabat
+11...… +13°
Türkmenbaşy
+9...… +11°
Balkanabat
+10...… +12°
Mary
+17...… +19°
Türkmenabat
+20...… +22°
Daşoguz
+13...… +15°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

22 Şubat 2016 Pazartesi

Türkmenistan Önümleri

Türkmenistan Önümleri






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=2370

Türkmenistan Suratlary 117

Türkmenistan Suratlary 117





http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=2364

Türkmenistanyň Ilçisi YHG-nyň Ýanyndaky Hemişelik Wekili Hökmünde Bellenmegi Baradaky Ynanç Hatyny Gowşurdy

2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda Jidde şäherinde ýerleşen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bu Guramanyň Baş Sekretary Iýad Amin Madani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi O.Çaryýew YHG-nyň Baş Sekretaryna bu guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hökmünde bellenmegi baradaky ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşyk mähirli salamlaşykdan başlap, onuň barşynda Ilçi O.Çaryýew Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda YHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi.

YHG-nyň Baş Sekretary I.Madani öz gezeginde Ilçi O. Çaryýewi Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem, Baş Sekretar Türkmenistanyň YHG-nyň möhüm agzasydygy barada aýdyp, onuň Guramanyň işlerine işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi. Duşuşygyň barşynda Madani Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň wajyp halkara başlangyçlaryna we alyp barýan öňdengörüji syýasatyna uly baha berdi.
 


Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, agrotehniki çäreleriň geçirilişi, güzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de mart aýyndaky baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz oba hojalygynyň öndürijilerini goldamak boýunça işleri has işjeň alyp barmalydygyny belledi. Daýhan hojalyklaryna gök ekinleri ýetişdirmäge ýer bölekleriniň berilmegi hem ekerançylyk önümleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin düýpli höweslendiriji bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýer eýelerini zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek meselelerine häkimiň ünsüni çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hasabat berip, ekerançylyk meýdanlaryndaky işler hem-de bahar baýramçylyklary mynasybetli guraljak köpçülikleýin medeni çäreler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatyň ykdysady ýagdaýyny seljermegi  hem-de önümçiligi, şol sanda oba hojalyk toplumynda önümçiligiň depginini artdyrmak üçin mümkinçilikleri herekete getirmegi tabşyrdy. Oba hojalyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we umuman, hojalyk işleriniň meselelerini has netijeli işläp düzmek  zerur diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de welaýatyň meýdanlarynda gök maýsalara ideg edilişiniň gerekli derejede guralmandygyny belledi. Gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişine aýratyn üns bermek gerek.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän işler, oba hojalyk tehnikalarynyň gowaça ekişine taýýarlanylyşy hem-de ekerançylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýerleri, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň ýokary hili ilkinji orunda bolmalydyr, ýagny, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalar ygtybarly işlemelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew ekişiň öň ýanyndaky taýýarlyk, topragyň hasyllylygyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň gök önümleri ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklarynyň arasynda meýdanlary bölüp bermek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem   sebitde şanly seneler mynasybetli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.

Hasyllylygy artdyrmak hem-de toprakdan doly peýdalanmak üçin oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge häzirki zaman döwrebap çemeleşmeleri,  täze oba hojalyk tehnologiýalaryny başarnykly peýdalanmak zerur diýip, milli Liderimiz belledi hem-de ekinleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamak, tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, ýer eýelerini ýokary önüm berýän tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň gök maýsalaryna ideg edilişi hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem baýramçylyk günlerine meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümine badalga berilmegine oba hojalyk tehnikalarynyň  taýýarlygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Topragy işlemegiň hili-de, ekiş geçirmegiň depgini-de gönüden-göni tehnikalaryň işine baglydyr. Ekerançylyk önümçiliginiň gerimini giňeltmekde has düşewüntli ekinlere aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gök önümleriň dürli görnüşlerini ýeitişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişini tizleşdirmek barada görkezme berdi.       

Milli Liderimiz sebitleriň ýolbaşçylaryny obalary durnukly ösdürmek, olaryň durmuş düzümleri ýaly ugurlar boýunça işleri depginli alyp barmaga, senagat pudaklaryny ösdürmegiň we welaýatlarda maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişini düýpli seljermegiň    zerurdygyna, oba senagat ulgamynda gaýtadan işleýji täze kuwwatlyklary döretmek hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler, binagärlik-gurluşyk işleriniň, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de birnäçe ýollaryň durkuny täzelemek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hzasabat berdi. Şeýle hem häkim Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabady ösdürmäge bagyşlanyp  geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydygyny nygtady. Onuň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, arassaçylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça işleri ýokary derejede guramak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli düzümleriň örän sazlaşykly işlemegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem şäher ýollarynyň durkuny täzelemegiň örän oýlanyşykly we ölçerilen inženerçilik çözgütleriniň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Öňde boljak ýowara hem-de ýazky bagy-bossanlyga büremek işlerini başlamaga taýýarlyk görmek boýunça hem    anyk görkezmeler berildi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew  hasabat bilen çykyş etdi. Ol ählihalk ýowaryna—ýurdumyzda nobatdaky bagy-bossanlyga büremek möwsümine başlamaga görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.  Şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzüm nahallarynyň jemi 3 million düýbi oturdylar. Häzirki wagtda bag nahallaryny taýýarlamak we olaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz  bagy-bossanlyga büreýiş möwsüminiň çäklerinde geçiriljek işleriň anyk meýilnamasyny düzmegi,  ýer bölekleriniň degişli taýýarlygyny üpjün etmegi hem-de suwarmak we täze ekilen nahallara mundan beýläk-de ideg etmek üçin şertleri döretmegi oýlanyşmagy tabşyrdy. Ekiljek nahallar her bir anyk ýeriň toprak-howa şertlerine, onuň tebigy aýratynlygyna laýyk gelmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, aýdylan wezipeleri umumylaşdyrdy hem-de ilkinji derejeli meseleleri kesgitläp, olary dessine netijeli çözmäge girişmegi talap etdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 
 


Türkmen Küştçüleriniň Üstünlikleri

Türkmen küştçüleri türgenlerimiziň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini dowam etdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň Zyba Kenar şäherinde geçen «Hazaryň kubogy» atly abraýly ýaryşda bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan ussatlarymyz zenanlar toparynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna dünýäniň ozalky çempiony Anatoliý Karpow gatnaşdy. Dünýä meşhur küştçi iň güýçli türgenler bilen bir wagtda küşt oýnap bäsleşdi. Ýaryş Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Polşadan, Litwadan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden—jemi 15 ýurda wekilçilik edýän 700-den gowrak küştçini özünde jemledi.

Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, FIDE-niň ussady Ogulgerek Atabaýewa tapawutlandy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanmagy başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden küşt oýnunyňň inçe syrlaryny öwrenýän bu küştçümiz ýedi döwde ynamly ýeňiş gazandy, bir döwde deňlige razylaşyp, ýene bir döwde, ýaryşda ýeňiji bolan tähranly küştçi Zahetdifar Ananita bilen bolan duşuşygynda şowsuzlyga uçrady. Ogulgerek ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy.

Ýaryşda üçünji orun ugrunda 7 utuk toplan küştçüleriň ikisi—ildeşimiz Jemal Öwezdurdyýewa bilen ABŞ-ly küştçi Arab Kian bäsleşdiler. Bu ýerde baýrakly üçünji ornuň ykbalyny küştçüleriň sport görkezijileriniň gatnaşygy çözdi. Bu babatda türkmen küştçüsiniň görkezijisi garşydaşynyňkydan ýokary boldy. Netije-de, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewden tälim alýan 18 ýaşly küştçümiz bürünç medala mynasyp boldy. Indi J. Öwezdurdyýewanyň halkara sanawynda gazanan derejesi 1956-a barabar bolup, bu netije ýaş küştçümizi FIDE-niň ussady halkara adyna mynasyp bolmaga ep-esli golaýlaşdyrdy.

Toparymyzyň düzüminde Hurma Weliýewanyň gazanan netijesini hem agzap geçmek gerek. Ol 6 utuk toplap, iň güýçli küştçüleriň onlugyna düşmegi başardy. 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň 2015-nji ýylda çempiony Maýa Ýalkanowa bu ýaryşda 5 utuk toplap, sport ussatlygyna dalaşgär derejesiniň talaplaryny ýerine ýetirdi.

Indi türkmen küştçüleri olimpiýa derejesindäki ýaryşa taýýarlyk görerler. Şu ýylyň sentýabr aýynda 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy bolar. Bu ýaryşa 175 döwletden 2 müňe golaý küştçi gatnaşar. Ýaz pasly geçiriljek erkekleriň we zenanlaryň ýokary ligasynda Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler.
 



Türkmenistanyň Howa Maglumaty 23.02.2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
23.02.2016
Aşgabat
+19...… +21°
Türkmenbaşy
+12...… +14°
Balkanabat
+14...… +16°
Mary
+20...… +22°
Türkmenabat
+20...… +22°
Daşoguz
+18...… +20°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

21 Şubat 2016 Pazar

Türkmen Jemgyýetindäki Taryhy Mirasyň we Häzirki Öňdebaryjy Özgertmeleri

Türkmenistanyň çäklerinde gadymy döwürlerden bäri köp sanly medeniýetler we döwletler bolupdyr. Olar halkyň mentalitetinde, umumy ekerançylygynda we hojalygy alyp barmak däp-dessurlarynda çuňňur yz goýupdyrlar. Biziň pederlerimiz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda döredilen şol örän uly mirasyň gaýtadan dikeldilmegi, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary bilen utgaşmasy – biziň häzirki we geljekki gülläp ösüşlerimiziň girewidir. 

Hojalygy alyp barmagyň taryhy görnüşleri 

Oba hojalygy gadymyýetde ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolupdyr. Oturymly ýaşaýyş durmuşyna geçilmegi we ekerançylygyň ösdürilmegi umumy adamzat siwilizasiýasyşynyň derejesini häsiýetlendirýän esasy faktor hökmünde hasap edilipdir. Bu babatda Türkmenistanyň çäkleri örän ösboluşlydyr. Alymlaryň-taryhçylaryň we arheologalaryň dünýä bileleşigi tarapyndan biziň eramyzdan öňki VI müň ýyllyklarda Köpetdagyň eteklerinde jeýtun medeniýetiniň obalary ýerleşipdir – diňe bir Merkezi Aziýanyň çäklerinde däl, eýsem bütin Ýewraziýa kontinentinde ekerançylyk bilen meşgullanan taýpalar bolupdyr diýlip kesgitlendi. Ilkibaşda bugdaý we arpa esasy ekin bolupdyr. Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýaşy 5 müň ýyl töweregi bolan bugdaý däneleri tapylypdyr. Özi hem ol bugdaýyň ýokary hili gaty görnüşidir. Şonuň üçin hem Türkmenistany bugdaýyň watany diýlip hasap edilýär. Şol sebäpli hem garaşsyzlyk ýyllary içinde Änewde “Ak bugdaý” Milli muzeýi döredildi. Hut Änewde – bütin gadymy Alynky Gündogarda biziň eramyzdan öňki IV müň ýyllykdan başlap ilkinji suwaryş ulgamlary döräpdir. Bu ýerde iri ýer böleklerini – 150 gektara çenli ýer böleklerini işläp taýýarlamak üçin ulanylýan emeli suw howdanlary, suw kanallary we ýaplar döredilipdir. 



Üzümçilik hem biziň ýurdumyzyň çäklerinde däne ekinleri bilen bir hatarda gadymy ekerançylygyň ugry bolup durýar. Gadymy Parfiýanyň suwarymly ýerleriniň ep esli böleginde üzümçiligiň eýeländigi mälimdir. Çakyr önümçiligi uly ösüşe eýe bolupdyr. Köne Nusaý galasynyň merkezinde şalaryň örän uly çakyr saklanylýan ammarlary ýüze çykaryldy. Bu ýerde çakyryň her bir görnüşine resminama taýýarlanypdyr. Olarda çakyryň möçberi, üzümçiligiň ady, üpjün edijiniň ady we wezipesi, çakyryň döredilen senesi we görnüşi görkezilipdir. Iri obalaryň we şäherleriň töwereginiň ep esli bölegini bagçylyk we üzümçilik tutupdyr. Mundan hem başga, biziň ata-babalarymyz bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça hem uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolupdyrlar. Bu, esasan hem, türkmen gawunyna degişlidir. 

Ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň yzygiderli artdyrylandygyny belläp geçmelidiris. Şeýlelikde, orta asyrlarda pagtaçylyk giňden ýaýrapdyr. Pagtanyň köp bölegi Merw sebitinde ösdürilip ýetişdirilipdir. Çeşmeler pagtanyň hiliniň örän ýokary bolandygyny belleýärler. Olar bütin Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda hem nusgalyk hökmünde hasap edilipdir 

Türkmenistanyň çäklerinde ekerançylykdan başga-da maldarçylyk hem giň gerime eýe bolupdyr. Mallary idetmek we olary ösdürip ýetişdirmek azyklyk zerurlygy, ekin meýdanlary özleşdirilende olara her hili oba hojalyk tirkeglerini dakyp ulanypdyrlar, şeýle hem olar ulag serişdesi hökmünde hem ulanylypdyr. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerden bäri oba hojalyk ekinleriniň we maldarçylygyň halk seçgiçiligi usullary döredilipdir. Olaryň hatarynda ak bugdaýy, bakjadyr miwe, üzüm hasyllaryny we gök ekin önümlerini görkezmek bolar. Behişdi bedewler bolan ahalteke atlary, garaköli baganasy we saryja tohumly goýunlar bütindünýä meşhurlygyny gazanypdyrlar. 

Ekerançylygyň ösdürilmegi we ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň köpeldilmegi senetçiligiň ösdürilmegine getiripdir. Bu ilkinji nobatda dürli görnüşli oba hojalyk gurallarynyň önümçiligine degişlidir. Şeýlelikde, meselem, Änewden Merkezi Aziýada iň gadymy demir oraklar, pyçaklar, däne üweýän gurallar we beýleki enjamlar tapyldy. Şeýle hem dürli demirlerden – misden, bürünçden, demirden ýarag ýasamak giň gerime eýe bolupdyr. Eýýäm eneolit we bürünç eýýämlerinde Günorta Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk-binagärlik işi, gurluşyk önümlerini, şeýle hem keramika önümlerini öndürmek ýokary derejelere çykypdyr. Olaryň soňkysy örän ýokary hile eýe bolupdyr we küýzegärçiler tarapyndan taýýarlanypdyr. Orta asyrlarda aýna, şol sanda penjir aýnalaryny hem, öndürmek giňden alnyp barylypdyr. 



Şeýle hemTürkmenistanyň gadymy çäklerinde dokma senetçiligi hem uly ösüşe eýe bolupdyr. Aýratyn hem ol Änewde, Parfiýada, Horezmde we Merw sebitinde ösüpdir. Merwde pagtadan we ýüňekden öndürilen matalar dünýä ýüzi boýunça şöhrata eýe bolupdyr. Daşary ýurtlar bilen söwda uly ýaýrawa eýe bolupdyr. Hindistan, Hytaý, Müsür, Rim imperiýasy, Arawiýe, Powolžýe, Uralýaka, Kawkaz we Gara deňiz ýaka ýurtlary bilen söwda işleri alnyp barylypdyr. Gadymy “söwda düzüminiň dolanşygynda” demir, dokma önümleri (ýüpek, pagta, ýüň, gön we olardan taýýarlanan önümler), atlar, gymmat bahaly daşlar, sungat önümleri we beýleki köp sanly önümler bolupdyr. Özi hem olaryň köpüsi daşary ýurtlara iberilýän harytlar bolupdyr. Hususan-da demirden taýýarlanan önümler, merw matalary, goýun derileri, ahalteke atlary, keramika we beýleki önümler köp mukdarda daşary ýurtlara iberilipdir. 

Innowasiýalar ýoly 

Garaşsyz Türkmenistanyň ekerançylary ata-babalarymyzyň şöhratly däp-dessurlaryny aýawly saklamak we dowam etdirmek bilen, oba hojalygyny ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. 2014-2015-nji ýyllarda ekin meýdany 1 million 600 gektar meýdandan hem geçdi. Oba hojalyk ekinleriniň jem ýygnalyşy hem artýar. Şeýlelikde, 2015-nji ýylda ýurtda 1,4 million tonna bugdaý, 1,1 million tonna pagta, 775 müň tonna golaý gök önüm, 360 tonna töweregi bakja, 268 müň tonnadan gowrak kartoşka we 314 müň tonna töweregi üzüm öndürildi. Mallaryň we guşlaryň baş sany hem artdy. Maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleri bolan etiň, süýdiň, ýumurtganyň, ýüňüň we beýleki önümleriň öndürilişi artdy. Oba hojalyk görkezijileriniň köpüsi 2014-nji ýyldakydan köp öndürildi. 

Senagat pudaklary ýokary hil derejesine ýetirildi. Ýurtda senagat önümleriniň köp görnüşlerini – ýangyç-energetika, nebit-himiýa, dokma, gurluşyk önümlerini, farmasewtik, elektron, metallurgiýa azyk önümlerini öndürýän köp sanly ýokary tehnologiýaly kärhanalary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. 2015-nji ýylda 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende köp pudaklarda oňyn öňegidişlik gazanyldy. Mineral dökünlerini öndürmekde 175,2 göterim, farmasewtik serişdeleri – 123,5 göterim nebit, gaz kondensatyny goşmak bilen, 105,2 göterim, nebit bitumy – 121,2 göterim, magdan däl gurluşyk önümleri – 115,5 göterim, keramzit – 136,7 göterim, sement – 104,4 göterim, mesge ýagy – 115,3 göterim aş önümleri, 112,6 göterim, balyk we balyk önümleri – 140, 5 göterim, un – 104,8 göterim alkogolsyz içgiler - 111 göterim, nah matalary öndürmekde – 107,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň gurluşyk pudagy hem ýokary ösüş depginini görkezýär. Şunlukda önümçiligi ýyl-ýyldan artýan ýurtda öndürilýän gurluşyk önümlerini ulanmak bilen amala aşyrylýan gurluşyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde, 2007-2015-nji ýyllarda semendiň öndürilişi 3,8 esse, gurnama demirbeton konstruksiýalary – 2,4 esse, diwarlyk önümleri – 1,8 esse töweregi we magdan däl gurluşyk önümleri – 4,8 esse ösdi. Beýleki gurluşyk önümleriniň we konstruksiýalaryň – armaturanyň we demir profilleriň, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň önümçiligi ýokary ösüş depginlerini görkezýär. Şeýle hem ulag we aragatnaşyk, içerki söwda hyzmatlar hem ýokary depginler bilen ösýär. 

Häzirki zaman Türkmenistan daşary söwda syýasatyny işjeň alyp barýar. 2015-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dünýä ýurtlarynyň 109-sy bilen amala aşyryldy. 2007-2015-nji ýyllarda, dünýä ykdysadyýetinde krizis ýagdaýlarynyň ýüze çykandygyna we dünýä bazarlarynyň oňaýsyz ýagdaýlara düşendigine garamazdan, ýurduň daşary söwda dolanşygy 2 esseden hem gowrak artdy. 



2016-njy ýylda ýurtda has uly göwrümli özgertmeleri üpjün edýän milli maksatnamalary amala aşyrmak dowam etdiriler. Ministrler Kabinetiniň geçen 2015-nji ýylyň jemlerine we golaý geljek üçin öňde goýlan wezipelere bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet baştutany tarapyndan esasy ugurlar kesgitlendi. 

Hususan-da, oba hojalyk ulgamyny ýokary girdejili pudaga öwürmek maksady bilen, bu ugurda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak dowam etdiriler. OHT ähli mümkinçiliklerini herekete getirmek üçin täze netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, dünýäniň iň gowy tejribelerini giňden ornaşdyrmak bellenildi. Dolandyryş we ylmy işleri ýerine ýetirýän oba hojalyk edaralarynyň gurluşyny optimizirlemek öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Oba hojalyk toplumynyň birnäçe ministrliklerini we edaralaryny birleşdirlip, Oba we suw hojalyk ministrliginiň döredilmegi oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge we döwletiň oba hojalyk syýasatyny bazar gatnaşyklary we telekeçilik başlangyçlary esasynda iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 

Oba hojalyk özgertmelerini ylmy taýdan üpjün etmek öň dürli edaralaryň ýanynda işlän YBI birleşdirip, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanynda täzeden döredilen Ylmy-barlag institutynyň üstüne ýüklendi. Bu ylmy merkeziň öňünde innowasion agrotehnologiýalary, şeýle hem tohumlary öwrenmek, etraplaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň seçgi we tohumçylyk işlerini işläp taýýarlamak wezipesi durýar. Senagat toplumyny özgertmek syýasaty senagat pudaklaryny durnukly innowasion taýdan ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyply ýokary derejesini gazanmaga we saklamaga, daşary ýurt harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini we eksport mümkinçiligini mundan beýläk hem ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiki howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýle hem gaýtadan işleýän pudaklary we ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini çaltlandyrylan depginlerde ösdürmek arkaly çig maly azaltmagy nazarlaýan maksada gönükdirilen ykdysady ösüşe gönükdirilendir. 

Ösüşiň senagat-innowasion ugruna geçilende ylyma we bilime döwrebaplaşdyrmagyň möhüm faktory hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, golaý geljek ýyllarda döwletiň ösüşiniň esasy ugurlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýyla çenli ylmy ösdürmegiň döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanylar, şeýle hem ýokary hilli ylmy işgärleri taýýarlamak işleri dowam etdiriler. 

2016-njy ýylda iri desgalaryň 387-ni ulanmaga tabşyrmagy we ABŞ-nyň 7 milliard dollary möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmegi göz öňünde tutýan iri göwrümli gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak dowam etdiriler. Gurluşyk önümlerine bolan zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän içerki önümçiligini çaltlandyrmak bellendi. 

Şeýlelik bilen, hojalygy ýöretmegiň däp-dessurlaryna daýanmak bilen, Türkmenistanyň halky öz Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ata Watanyny mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmek maksady bilen, ony düýpli özgertmegi işjeň çaltlandyrýar.