12 Mart 2015 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, käbir welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de birnäçe düzümleýin pudaklaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa söz berdi, ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagynyň düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň tehniki parkynyň üstüni ýetirmek, şeýle hem düzümler üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýdyldy. 

Soňra Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministri B.Annameredow häzirki döwürde ýurdumyzda demirýol ulaglary arkaly ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat düzümini ösdürmekde demirýol pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleri - demirýolçulary taýýarlamak, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýny çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. 

Soňra iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Gutlyýew Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek, bu ugur boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini kämilleşdirmek,onuň tehniki parkynyň üstüni döwrebap gämiler bilen ýetirmek babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini belledi. Şeýle hem mili Liderimiz pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek, deňiz we derýa ulaglarynda ýolagçylara ediýän hyzmatyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda ulag ulgamynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde ykrar edilýändigini bellemek bilen, ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, halkara ýüklerini daşamakda we ýolagçy gatnatmakda ulaglaryň ähli görnüşleriniň wajyp orun eýeleýändigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda, şeýle hem Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministrliginde täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň, tejribe alşylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen innowasion işläp taýýarlamalaryň alşylmagynyň, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýörite wagonlary, dürli görnüşli uçarlary hem-de häzirkizaman gämilerini satyn almagyň hasabyna ulag düzümleriniň işiniň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigini belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda ak ekinlere agrotehniki kada laýyklykda ideg işleri, ýaz ekişine taýýarlyk, şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyza düşen ygalyň möçberleri barada aýdyldy. 

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, bar bolan suw howdanlarynda alnyp barylýan işler we olaryň täzelerini gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişine, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolan ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny, şol sanda emeli suw howdanlarynda ýagyn möwsüminde suwlary toplamak işleriniň alnyp barylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, düzümiň ýolbaşçylaryna gowaça we beýleki ekinleriň ekişine, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri, daşky gurşawy goramak, halkymyz üçin amatly şertlerii döretmek ulgamynda wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan bag ekmek işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine möhüm jogapkärçiligiň degişlidigini belledi. 

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer we DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde diplomatik gullugyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösdürilmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy artdymak maksady bilen, ýörite çäreleriň yzygiderli görülmeginiň zerurdygy barada aýtmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny pugtalandyrmak babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bu ulgamyň şahsy düzümleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdiler. 

Hasabatlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hormaty Prezidenitmiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan giň möçberli harby özgertmäniň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna, beýleki halkara çärelerine, şeýle hem 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energtika toplumynyň düzümlerinde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý ýataklary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek üçin nebithimiýa pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebap gazhimiýa kärhanalarynyň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. 

Soňra iş maslahatynyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy A.Begliýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pudagy hemmetaraplýayn ösdürmek we onuň öünmçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň strategiki ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň iş netijeliliginiň ýokarlanmagynda “Türkmengaz” döwlet konsernine wajyp ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Başttanymyz bu pudagyň önümçiik kuwwatyny ýokarlandyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we pudaga häzirkizaman ösen tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň maddy-enjmmlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, düzümiň eksport kuwwatlyklarny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünçi çekdi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümleriniň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hasabatyň barşynda Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligini ýokarlandyrmak, energiýanyň içerki sarp edijilerden artýan möçberlerini eksport etmek boýunça durmuşa geçiriilýän çäreler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda ygtybarlylyk, binalaryň we desgalaryň ähmiýetli tarapy bilen bir hatarda, olaryň binagärlik keşbine hem aýratyn üns bermegini nygtady. 

Türkmenistanyň energetika ministri G.Saryýew häzirki döwürde pudakda alnyp baryýlan işleriň ýagdaýy, ýurduyzyň ähli künjeklerinde energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bounça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, düzüme täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça döwle Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda energiýa üpjünçiligiň bökdençsizligi, pudagyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagy hem-de onuň eksport mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini bellei. Ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň eksport kuwwatlyklaryny hemmetarapaplaýyn esasda ösdürmek ugrunda zerur çäreler görülmelidir, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň berkidilmeginiň möhüm şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Iş maslahatynyň barşynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ulag ýollarynyň gerimini giňeltmek hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak we ýol gurluşygynda alnyp barylýan işleri halkara ülňülerine laýyk derejede dowam etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberi çäreler barada haasbat berdi. 

Ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmakda ulag ýollarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, ýerine ýetirilýän işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara ülňülerine laýyk gelýän ulag ýollaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbaasry, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe, şeýle hem iş maslahayna gatnaşýan Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda amala aşyrylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklanmaldygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwdet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady okgunly ösdürmek boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe we iş maslahatyna çagyrylan ýurdumyzyň maliýe ministrine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretmek bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda ykdysadyýetiň maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, pudaklarda bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde bäsdeşlige ukyply maliýe düzümini döretmek, hususy ulgamyň maýa goýumlaryny işjeň çekmek bilen baglylykda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini aýtdy we bu babatda iş maslahatyna çagyrylan Türkmenistanyň maliýe ministrine degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowa ýüzlenip, senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmalydygyny belledi. Senagat desgalarynyň yzygiderli gurulmagy, olaryň ozal bar bolanlarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm meseledir. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak arkaly, sebitlerde pudaklaryň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň öz möhletinde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, ulgama kämil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. 

Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmenhimiýa” döwet konserniniň ýolbaşçysyna ýurdumyzda dökün önümçiligini ýokarlandyrak, umuman himiýa senagayny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. 

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýewe Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasatyny amala aşyrmak, milli ylmyň ykdysadyýete goşýan goşandyny artdyrmak, ylym -bilim ulgamyna we önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynda tejribe bilen bagly ylmy barlaglaryň iş ýüzündäki netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de işe zehinli ýaşlary giňden çekmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlayna ornaşdyrmak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işi alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ukyply ýaşlary ýüze çykarmagyň, täze zehinli alymlary terbiýeläp ýetişdirmegiň, ýaş alymlaryň hünär ussatlygyny artdyrmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny aýtdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz iş maslahatyna çagyrylan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşsysyna ýüzlenip, öňde boljak Aziýa ýaryşlaryna hemmetaraplaýyn we ýokary derejeli taýýarlyk görmek, Olimpiýa şäherjiginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de ökde hünärmenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylmy işlere giňden çekmek, olaryň hemmetataplaýyn bilim almagy we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzda milli senenama boýunça şanly seneler mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegi, hususan-da, Halkara Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek ugrunda işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Medeniýet ministrligi tarapyndan milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary we beýleki çäreleri guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. 

Milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ýeten derejesini, halkymyzyň asylly ýörelgelerini we bitirilýän beýik işleri giňden wasp etmekde uly ähmiýete eýedigini hem-de bu işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz teleýaýlymlarda, gazet sahypalarynda döwrüň talabyna laýyk gelýän maglumatlaryň öz wagtynda berilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi 

Türkmenistanyň Prezidenti teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hil we çeperçilik taýdan ýokary derejede bolmagyny üpjün etmegiň, gepleşikleriň many-mazmun taýdan döwrüň talabyna laýyk bolmagynyň möhümdigi babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa ýüzlenip, söwda we hyzmatlar ulgamynda, telekeçilik pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmagynyň möhümdigini, şeýle hem ýurdumyzda dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli derejedäki çäreleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we dünýäniň düri döwletlerinde halkara sergilerini, işewürlik maslahatlaryny, maýagoýum forumlaryny yzygiderli geçirmek babatda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada durup geçmek bilen, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda işjeňlik görkezmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz bu işleri halkara ülňülerine laýyk derejede alyp barmak babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da türkmen telekeçileri gurluşykda, söwda we hyzmatlar toplumynda, oba hojalygynda hem-de gaýtadan işleýän pudakda has-da işjeňlik görkezmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda Milli parlamentiň baştutany A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşýan deputatlara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde bolup, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýändigini aýdyp, ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi. Milli Liderimiz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini belledi. Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny baglanyşdyrýan köp asyrlyk taryhy, ruhy-medeni gatnaşyklary duldegşir iki goňşy halkyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi. 

Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2799

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder