24 Mart 2015 Salı

Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynda Nowruz Bellenildi

2015-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistnyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny bellemegiň çäginde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda milli Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy.

Kabul edişlige GDA ýurtlarynyň, Owganystanyň we Mongoliýanyň, Hytaýda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, Pekin şäheriniň jemgyýetçiliginiň wekilleri we hytaý paýtagtynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary çagyryldy. Myhmanlaryň arasynda Nowruz baýramyna uly hormat goýýan salyr türkmenleriniň wekilleri we Hytaýyň beýleki milletleriniň wekilleri hem bardy.

Türkmenistanyň Ilçisi Ç.Rustamowa gatnaşyjylara mähirli gutlaglar bilen ýüzlenip, Türkmenistanda Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýylynda Nowruz baýramy aýratyn gerim bilen geçirilýändigini belledi. Baýramyň birinji gününde ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk ýowary munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar Türkmenistanda we Hytaý Halk Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bitaraplygyň şanly senesine bagyşlanan çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryldylar. 

Kabul edişligiň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi. Ilçihananyň foýesinde baýramçylygyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döreden türkmen suratkeşi I.Işangulyýewiň «Meniň Watanym–Bitarap Türkmenistan» atly surat sergisi geçirildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder