Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda ýurdumyzyň öňe tarap üstünlikli ilerlemegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere doly laýyk gelýän ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz kompaniýanyň bilelikdäki möhüm taslamalary, ilkinji nobatda, nebitgaz we gurluşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň hasabyna türkmen-rus gatnaşyklaryny berkitmek işine goşýan goşandyny belläp, milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge üns bermek bilen, Türkmenistanyň senagat ulgamynda uly tejribesi bolan we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan dünýä belli kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi hem-de täze işewür tekliplerini hödürläp, kompaniýanyň geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başyny başlan giň gerimli özgertmelerini hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
I.Makarow hyzmatdaşlyga bildirilýän gyzyklanma we berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Iteranyň” geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder