27 Mart 2015 Cuma

Saglyk

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti şäherleriň we uzakda ýerleşýän obalaryň ilatynyň arasynda sanitariýa-aň-bilim we sagaldyş işlerini geçirýär. Maglumat beriş-bilim we öňüni alyş çäreleri geçirilýär, patronaž, ynsanperwer we durmuş kömekleri bilen üpjün edilýär. TMGÝJ birnäçe keselleriň öňüniň alynmagy bilen üpjün edýän maksatnamalary amala aşyrmak boýunça edaraara utgaşdyryjy komitetleriň agzasy bolmak bilen, döwlet gurluşlary we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda işleşýär. 

Jemgyýetiň lukmançylyk-durmuş bölüminiň müdiri Ogulşirin Garlyýewanyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň strategiýasy durmuş maksatnamalarynyň we taslamalarynyň diapazonynyň giňeldilmegine we hiliniň gowulandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. 

“Jemgyýetçilik saglygy we ilkinji kömek” maksatnamasynyň çäklerinde TMGÝJ lukman gelýänçä berilýän ilkinji kömegi bermek, dürli keselleriň öňüni almak, ýol howpsuzlygy boýunça ilatyň arasynda okuw geçýär. 

TMGÝJ ýokanç däl keselleriň öňüni almaga işeňňir gatnaşýar. Bu bolsa “Türkmenistanda 2011-2015-nji ýyllarda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmegiň döwlet strategiýasynyň” amala aşyrylmagyna goşant bolup durýar. Bu ugurda işleri guramak Gyzyl haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Halkara federasiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan nusgasy boýunça alnyp barylýar. Temmäki çekmegiň, alkogolly içgileri ulanmagyň, gipodinamiýanyň howplary üns merkezinde saklanylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti lukmana çenli edilýän ilkinji kömegi bermek boýunça ýewropa standartlaryna laýyk gelýän halkara sertifikatyna eýe boldy. Jemgyýet bu resminamany bu ugur boýunça işleriň ýokary derejelerde alnyp barylýandygyny tassyklaýan hökmünde 2014-nji ýylda aldy. 

TMGÝJ ýol howpsyzlygyny berjaý etmek boýunça alyp barýan işleri adamyň saglygyny we ömrüni goramaga gönükdirilendir. Bu iş, esasan hem, mekdeplerde, çagalar baglarynda, mekdebe çenli ýaşly çagalar we kiçi ýaşly çagalar üçin owadan plakatlary ulanmak arkaly geçirilýär. Her ýylda sapaklaryň üç ýüzüsi müňlerçe çagalary gurşap almak bilen geçirilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň lukmançylyk-durmuş bölüminiň geçirýän işiniň beýleki ugry kesellileriň aýratyn kategoriýasyna ýardam we kömek bermek bolup durýar. 

“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2013-2015-nji ýyllarda saglygy goraýyş boýunça strategiýasynyň” çäklerinde eneligiň reproduktiw saglygynyň we howpsuzlygynyň binýat ugurlary barada ilaty habardar etmegi ýokarlandyrmak, adam ömrüni halas etmek boýunça meýletin donorçylygy wagyz etmek boýunça işler çaltlandyryldy. TMGÝJ meýletinçileri öz işine giňden çekýär. Okuw geçilenden soňra olar hünärmen hökmünde sapaklary özbaşdak geçip bilýärler. Her ýylda keselleriň öňüni almak we lukman gelýänçä ilkinji kömegi bermek boýunça okadylanlaryň sany ýüz müň adamdan hem geçýär. Muňa aýry-aýry etraplarda saglyk komitetleriniň döredilmegi şertleri döretdi. Onuň düzümine ýerli häkimligiň wekili, mugallym, lukman, kethuda, meýletinçiler girýärler. Komitetler ýerli ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreleri guraýarlar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder