Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, BAE-den gelen işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna bolsa arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük we mata, pagta süýümi satyldy. Satyn alan ýurtlur: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Beliz, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Wirgin adalary. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 66 million 182 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 262 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni we polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder