25 Mart 2015 Çarşamba

Ýadro Gepleşikleriniň Täze Tapgyry

31-nji marta çenli gazanylmagy meýilleşdirilýän ylalaşykdan ozal Kerriniň we Zarifiň ýolbaşçylyk etmeginde Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy ABŞ-nyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň we Bratiýa bilen Germaniýanyň wekillerinden ybarat bolan 5+1 ýurtlarynyň arasyndaky ýadro gepleşikleriniň 29-nji marta çenli dowam etmegine garaşylýar. 
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 27-nji martda gepleşiklere gatnaşmagyna garaşylýar. 
31-nji marta çenli ylalaşyk gazanylman halatynda ýadro gepleşiklerinden netije almaklyga howp abanjakdygy barada alada sebäpli gepleşikleriň depgini güýçlendirilipdi. Ylalaşyk üçin geçen hepdäniň dowamynda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Lozannada gepleşikler geçirilipdi. 
Lozannadan gaýtmazyndan ozal metbugat ýygnagyny geçiren Kerri "Gutaryş çägine ýetmedik, emma şübhesiz gepleşikleri dogry netijelendirmek üçin öňümizde pursat bar" diýipdi. 
Eýranyň ýadro mümkinçilikleri baradaky ozalky gepleşiklerden netije çykmandy. 31-nji marta çenli ylalaşyk gazanylmagy maksat edinilýän gepleşikler 2015-nji ýylyň 1-njji iýulyna çenli uzaldylypdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder