25 Mart 2015 Çarşamba

Prezidentimiz Ispaniýanyň Patyşasyna, Germaniýanyň Kanslerine, Singapurun Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI "A320" raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele "A320" raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Toni Tan Ken Ýama Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň birinji Premýer-ministri Li Kuan Ýunuň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

"Li Kuan Ýu görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Singapuryň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi" diýlip, gynanç hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Singapuryň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder