Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem aprel aýynda geçiriljek “Suw damjasy --altyn dänesi” baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi we Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, pagtaçylar üçin jogapkärli döwrüň başlanýandygyny, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ak ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän ähli desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurulmalydygyny, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz bellenilip geçiljek baýramçylyklar barada durup geçip, welaýatda bu şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýollaryň ugrundaky bag nahallaryna ideg edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Umuman, baýramçylyklar mynasybetli dabaralaryň ählisi ýokary derejede geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow şu günler welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ak ekinlere ideg etmek, maldarçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem häkim gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, bag ekmek boýunça geçirilýän çäreler barada aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyryp, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, welaýatyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki geçiriljek baýramçylyklara ünsi çekip, welaýatda ýerleşýän sport toplumlarynyň we desgalaryň ýagdaýyny gözden geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz bag nahallaryna ideg edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde we türkmen toýlarynyň ruhunda guralmalydygyny aýratyn nygtady.
Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşyna gözegçiligi ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin örän jogapkärli döwür bolan gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Şeýle hem häkim aprel aýynda bellenilip geçiljek “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi we Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde häkim Görogly etrabynda guruljak seýilgähiň taslamasyny, ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyny, pagtaçylary we beýleki kärendeçileri zerur serişdeler bilen üpjün edip, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda bellenilen desgalaryň gurluşygynyň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Görogly etrabynda guruljak seýilgähiň taslamasyna anyk teklipleri we düzedişleri girizip, makullady hem-de seýilgähi gurmak boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz golaýlaşyp gelýän baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleriň geçiriljek atçylyk-sport toplumyny, stadionlary bu şanly senelere doly taýýarlamak babatda anyk tabşyklary berdi. Bag nahallaryna ideg edilişini hem berk gözegçilikde saklamak babatda görkezmeler berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda we maldarçylyk hojalyklarynda häkim gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge, gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Mundan başga-da, halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklary dabaralandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda hasabat berildi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz barha golaýlaşyp gelýän gowaça ekişine hem talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimz aprel aýynda belleniljek baýramçylyklar barada durup geçip, olar bilen baglanyşykly toý dabaralarynyň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek babatda görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Hasabatyň çäklerinde ýakynlaşyp gelýän baýramçylyklara we şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar barada durup geçip, olar bilen baglanyşykly dabaralaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we bu babbatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häkim paýtagtymyzyň etraplaryny ýakyn ýyllarda ösdürmegiň meýilnamalary barada durup geçip, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri, hususan-da, täze binalaryň gurluşygy we öňden bar bolan desgalaryň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ak mermere beslenýän Aşgabadyň ähli babatda dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinň ähli etraplaryny sazlaşykly ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz golaýlaşyp gelýän baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabatyny diňledi. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzüminde baýramçylyklara taýýarlyk görmek, tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministr paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini habar berdi. Şeýle hem ol ministrligiň düzüminde täze “Köpetdag” futbol toparynyň döredilip, ony geljekki ýaryşlara gatnaşdyrmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny hasabatynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tertip-düzgüni, asudalygy üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň jogapkärli işiniň möhüm ornuny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki baýramçylyklara göwnejaý taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly belläp geçmek babatda hem anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz “Köpetdag” stadionynyň meseleleri barada durup geçip, onda ýerine ýetirilýän timarlaýyş we abatlaýyş işleriniň ýokary hilli
hem-de öz möhletinde ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Şeýle hem bu ýerde futbol toparynyň oýunçylarynyň yzygiderli türgenleşikleri alyp barmaklary, umuman stadionda şahsy düzümleriň köpçülikleýin bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp bilmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz täze döredilen futbol toparyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sport toparlaryndan oýunçylary seçip almak, olaryň ýokary netije gazanmaklary ugrunda ähli tagallalary etmek boýunça ministre birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz geljekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň binýadynda futbol boýunça ýetginjekler toparlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz durky täzelenen “Köpetdag” stadionynda “Köpetdag” futbol toparynyň ýaryşlary geçirmegi, zerur türgenleşikleri guramagy ugrunda degişli çäreleri üpjün etmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda halkymyz üçin ýokary derejedäki amatlyklaryň yzygiderli üpjün edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder