27 Mart 2015 Cuma

Sürüjisiz Auidi Synagy

Ýokary sürüş özboluşlygy bilen sürüjisiz ýöreýän "Auidi SQ5" ýekşenbe güni dünýäniň in uzak synagyna başlaýar

Ulag sürüjisiz görnüşde San Fransiskodan Kaliforniýa 3500 mil (5632 km) ýol geçer. 
Häzire çenli geçiren iň uzak aralygy geçmäge taýarlanýan "Auidi SQ5" şol bir wagtda ilkinji kenarýaka gezelenjini hem eder. 
Auidi şol synag bilen ýüze çykmagy ähtinal ýol howplary, howa we ýer tapawutlyklary bilen birlikde dürli sürüş şertlerini hem synagdan geçirer. 
"Auidi SQ5" eýe bolan nawigasiýa ulgamy, kameralary we çylşyrymly sensorlary bilen adamyňka meňzeş netijeleri çykaryp bilýän intellektual programma üpjünçiligi tarapyndan gözegçilik edilýär.
Ulagda şäherara awtopilot, awtoýol pilody, awtopark pilody we wale ýaly sürüş alternatiwleri bar.
Ulagyň ähli özboluşlyklary San Fransiskodan Kaliforniýa çenli dowam etjek 10 günlük syýahatda synagdan geçiriler. http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2897

Sürüjisiz Auidi Synagy

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder