Ermenistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy we dostlugy pugtalandyrmaga, esasynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary duran däp bolan özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilen döredijilik forumynyň ilkinji çäreleri geçirildi.
Bu çäre iki döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň başlangyjy bilen guralýar. Döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmekde hil taýdan täze tapgyryň başyny başlap, özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga iki tarapyň hem çalyşýandygyny tassyklady, şol saparlaryň çäklerinde dürli ulgamlarda özara gatnaşyklar hakyndaky resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleri degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly ähmiýetini nygtap, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmen döwletiniň Baştutanynyň işine dostlukly ýurduň alymlary tarapyndan ýokary baha berlendigini belläp geçmek möhümdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarynda görnükli hyzmatlary, ylmy ösdürmäge we ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan gymmatly goşandy üçin Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory ady dakyldy. Hormatly Prezidentimiziň “Ganatly bedewler”, “Türkmenistan” we “Türkmenistan - melhemler mekany” atly kitaplary ermeni dilinde neşir edildi.
Türkmen-ermeni medeni-ynsanperwer özara gatnaşyklarynyň düzüminde türkmen hem-de ermeni halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýän baý taryhy we medeni gatnaşyklary öwrenmek hem-de gorap saklamak babatda ylmy işler bar. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Mesrop Maştos adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň türkmen halkynyň orta asyrlar edebiýatynyň nusgalaryny barlamak, Ermenistanyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikleri, hususan-da, türkmen emirleriniň kümmetini öwrenmek we gorap saklamak boýunça işleri görelde alarlykdyr.
Görnükli nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmek boýunça iki ýurduň barlagçylary tarapyndan bilelikde uly işler geçirilýär, 2014-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenip geçildi. Şu babatda Aşgabatda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklar” atly halkara maslahata, Ýerewanyň döwlet uniwersitetinde beýik türkmen şahyrynyň 290 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleri geçirmäge ermeni alymlarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşandygyny ýatlap geçmeli. Bu ýerde geçen ýylda Türkmenistandan bolan wekiliýetiň gatnaşmagynda şanly senä bagyşlanan ylmy maslahat, beýik akyldar şahyryň ermeni dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyryş çäresi boldy.
Geçen ýylyň aprelinde ýurdumyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň resmi saparyna gabatlanylan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki medeniýetiň üstünlikli gatnaşyklarynyň ajaýyp mysalyna öwrüldi.
Medeniýet ulgamynda bilelikdäki çäreleri guramak dünýä siwilizasiýasyna mynasyp goşant goşan halklarymyzyň milli medeniýetleriniň baý mirasyny aýdyň görkezýär.
Bu çäräni geçirmek üçin Ýerewana gelen Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň düzümi hem ynsanperwer ulgamda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň köptaraplaýyn häsiýetini beýan edýär. Onuň düzümine medeniýet ulgamynyň wekilleri, alymlar, sungat ussatlary, žurnalistler, ýurdumyzyň esasy halk döredijilik we aýdym-saz toparlary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary girýär.
Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy Ermenistanyň paýtagtynyň iň oňat zallarynyň birinde—Ermenistanyň A.A.Spendiarow adyndaky akademiki opera we balet teatrynda—Ýerewanyň merkezinde ýerleşýän ýurduň gadymy teatrynda boldy.
Bu ýere giň jemgyýetçiligiň, Ermenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Çäräniň açylyş dabarasynda bu dostluk baýramçylygynyň diňe bir medeni çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iki halkyň ýakyndan hyzmatdaşlygynyň we özara hormat goýmagynyň nyşanydygy nygtaldy. Bu wakanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysyna ajaýyp sahypa bolup girjekdigi hem-de iki dostlukly halkyň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine we ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Çykyş eden köpasyrlyk medeniýetiň taryhyň dowamynda türkmen we ermeni halklary üçin milli aň-düşünjäni kemala getirýän esasy gymmatlyk bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny, çünki onuň esasynda jemgyýetiň ruhy durmuşyny baýlaşdyryp bilen ony jebisleşdirýän ynsanperwer ýörelgeleriň goýlandygyny aýtdylar.
Çärä gatnaşyjylar parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlygy, medeniýeti hem-de sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatyny alyp barandygy üçin iki döwletiň Liderlerine — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýana çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Soňra Ermenistanyň akademiki opera we balet teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny ajaýyp halk mukamlary we aýdymlary, nusgawy hem-de estrada sazlary, tansly çykyşlar düzdi.
Tomaşaçylar ýurdumyzyň şöhrat gazanan höwesjeňler toparlaryny, meşhur estrada aýdymçylaryny we tanymal sazandalaryny, ýaş zehinlerini uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň meşhur “Läle” aýdymçylar toparynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Serpaý” halk döredijiligi toparynyň, “Şirin owaz” sazandalar toparynyň, meşhur sazandalar ussatlyklaryny görkezdiler.
Konserti söýgüli Watanymyza—bütin dünýä parahatçylyk söýüjilige hem-de ösüşe tarap ymtylyşyny görkezýän ajaýyp we myhmansöýer Diýarymyza bagyşlanan “Gel, Türkmenistana” diýen watançylyk aýdymy açdy.
Soňra bu ýerde milli aýdymlar, halkymyzyň saz mirasynyň eserleri hem-de türkmen kompozitorlarynyň dünýäniň nusgawy hazynasyna giren sazlary ýaňlandy.
Tomaşaçylar halk döredijilik toparlarynyň hem-de sazandalaryň çykyşlaryny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olar halk saz gurallarynyň äheňini we täsin owazlylygyny görkezdiler, ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmen gyzynyň kompozitor A.Doluhanýanyň “Garlawaç” diýen aýdymyny ermeni dilinde ýerine ýetirmegi aýratyn mähir bilen garşylandy. Gadymy türkmen halk tansy bolan küştdepdiniň ýerine ýetirilmegi bu ýerdäki çykyşlara owadan öwüşgin çaýyp, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýurdumyzda türkmen halkynyň eşretiniň, Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň, oňat işleriň we başlangyçlaryň başyny başlaýjy hem-de ruhlandyryjysy bolan milli Liderimize bagyşlanan “Arkadag” diýen aýdym ýaňlandy.
Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyny açan konsert uly üstünlige beslendi. Tomaşaçylar dostlugyň we döredijiligiň ýatdan çykmajak baýramçylygyny bagyşlan artistlere uzak wagtlap el çarpdylar. Çärä gatnaşyjylar we onuň myhmanlary halklarymyzyň birek-birege mähirli garaýandyklarynyň nobatdaky gezek şaýatlary boldular.
Teatryň eýwanynda 4 ýaşdan 16 ýaşa çenli bolan ýaş ermeni suratkeşleriniň işleriniň sergisiniň ýaýbaňlandyrylandygyny hem belläp geçmek ýerlikli bolar. Ol Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy.
Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Ermenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary tarapyndan türkmen-ermeni medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň artýan depgini bellenildi, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Olaryň hatarynda teatr we festiwal işinde, kinematografiýa ugrunda hyzmatdaşlyk bar. Ermenistanyň medeniýet ulgamynyň wekilleri Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilen “Beýik Ýüpek ýolunda medeniýetleriň gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahatyna, halkara sungat sergisine, türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanylan çärelere çagyryldy.
Ermenistanyň Medeniýet ministrliginiň maslahatlar zalynda özboluşly binagärlik ýadygärliginde—Argawand obasynda ýerleşen türkmen emirleriniň aramgähinde meýilleşdirilen dikeldiş işleriniň taslamasynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Bu ýadygärlik orta asyrlar eýýamynda-da iki ýurduň halklarynyň gatnaşyklaryna özara düşünişmek we hormat goýmak ruhuna mahsus bolandygynyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle gatnaşyklar häzir hem Türkmenistanyň we Ermenistanyň köptaraply aragatnaşyklaryna häsiýetlidir. Türkmen emirleriniň aramgähi türkmen begleriniň Sadly taýpasynyň nesilleriniň guburydyr. Boýy 12 metrlik desganyň ýokarky bölegindäki ýazgyda ýazlyşy ýaly, aramgäh Pir-Huseýn Emir tarapyndan 1413-nji ýylda gurlupdyr. Garagoýunlylar eýýamynda Ararat sebitleriniň baştutany bolan, bu hökümdar, giň gerimli şähergurluşyk işi bilen şöhratlanypdyr. Ol hünärmenleriň çaklaýşy ýaly, “Teýmir agsagyň” çozuşyndan soň, weýran edilen Kars şäherini dikeltdi. Ýewropada halk içinde “Teýmir agsak” diýip Teýmirleň ady bilen tanalan gazaply Timury atlandyrypdyrlar.
2012-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda türkmen emirleriniň aramgäh taryhy toplumyna baryp görendigini ýatlamak ýerliklidir. Milli Liderimiz şol ýerde geçirilen dikeldiş işleriniň taryhy bilen tanyşdy. Şol işleriň netijesinde türkmen we ermeni halklarynyň umumy taryhynyň gymmatly mirasyna aýawly garaýşyna şaýatlyk edýän bu ajaýyp ýadygärligi saklamak başartdy. Türkmenistanyň Baştutany ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, medeni özara alyş-çalyşlarynyň mümkinçiligini has işjeň herekete getirmäge hem-de bilelikdäki ylmy işleri alyp barmaga, şol sanda gadymyýetiň ýadygärliklerini öwrenmek hem-de abatlamak, gorap saklamak we wagyz etmek babatda işjeň hereket edip, halklarymyzyň ruhy özara gatnaşyklarynyň oňat däplerini dowam etmäge çagyrdy. Bu gün şeýle işlere täze itergi berildi.
Gadymyýetde pederlerimiz tarapyndan düýbi tutulan iki halkyň medeni aragatnaşyklarynyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ruhy keşbini kesgitleýän esasy alamatlaryň birine öwrülip, täze many-mazmun bilen baýlaşýandygy aýdyňdyr. Islendik döwletiň halkara abraýy diňe bir syýasy başarjaňlygy we ykdysady serişdeleri bilen däl, eýsem, onuň ruhy-medeni mümkinçiligi bilen hem kesgitlenýär. Şunda türkmen we ermeni halklarynyň garaýşy köp babatda gabat gelýär. Şol garaýyşlar taryhy taýdan şertlenendir hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny kemala getirýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti mukaddes Mesrop Maştos adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar, şol ýerde özboluşly golýazma neşirleri we maglumatlar, şol sanda türkmen halkynyň taryhyna hem-de medeniýetine degişli maglumatlar saklanylýar.
Ertir Ýerewanda Owanes Şarambeýan adyndaky halk sungaty muzeýinde türkmen amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açylar. Onda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, täze taryhy eýýamda medeniýet ulgamynda täsin sungaty we üstünlikleri görkeziler. Döredijilik maslahatynyň çäklerinde Wanadzor we Gumri şäherlerinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary hem bolar.
Medeni çäre Ýerewanyň A.Paromýan adyndaky sazly komediýa döwlet teatrynyň sahnasyndaky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan konsert jemlener.
Türkmenistandan gelen wekiliýet üçin muzeýlere we ermeni paýtagtynyň gözel ýerlerine barlyp görülmegini özünde jemleýän baý medeni tanyşdyryş maksatnamasy taýýarlanyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder