Sportuň söweşjeň sungat görnüşleri bilen meşgullanýan biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen bizi guwandyrýarlar. Bu gezek sportuň bu görnüşinde ussatlarymyz hytaý uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionatynda hem-de taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde tapawutlanmagy başardylar. Olar jemi 11 medaly — 8 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medaly eýelediler.
... Uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionaty ýakynda Riga şäherinde üçünji gezek geçirildi. Bäsleşiklere Russiýadan, Litwadan, Estoniýadan, Norwegiýadan, Polşadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy.
Biziň toparymyzda 10 türgen çykyş edip, olaryň 8-si altyn, ikisi bolsa kümüş medallary eýelediler.
Şunda 56 kilograma çenli agram derejesinde erkekler toparynda finala diňe türkmenistanlylar: aşgabatly Çarygylyç Tagangylyjow we Baýramalydan Şirli Annaýew çykdylar. Olaryň özara bäsleşiginde Ç.Tagangylyjow tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldy.
Erkekler toparynda Rahat Rahymow (60 kilograma çenli agram derejede), Salahetdin Baýramow (65 kilograma çenli agram derejede), Goçmyrat Jumaniýazow (70 kilograma çenli agram derejede), Muhammet Gurbanow (75 kilograma çenli agram derejede) we Kemal Sähedow (85 kilograma çenli agram derejede) ýeňiş gazandylar.
Zenanlar toparynda biziň ildeşimiz Aýnabat Jumamyradowa 48 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, altyn medaly eýeledi.
Ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde türkmenistanlylar ýene iki medala — bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Baýrammyrat Babaýew birinji orny, Baýrambibi Nurmuhammedowa bolsa ikinji orny eýelediler.
Şunuň ýaly ýokary görkezijiler — 8 altyn we 2 kümüş medal Latwiýanyň uşu boýunça açyk çempionatyna gatnaşan toparlaryň arasynda iň ýokary görkezijidir we türkmen türgenleri resmi däl umumy toparlaýyn hasapda öňdeligi eýelediler.
Häzirki wagtda Gündogaryň gadymy başa-baş tutluşygy bilen meşgullanýan türkmen türgenleri aprel aýynyň 20-lerine Sankt-Peterburg şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek söweş sungatlary boýunça IХ olimpiada taýýarlyk görýärler. Her ýyl geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna dünýäniň ellä golaý ýurdundan sportuň başa-baş tutluşyk görnüşleri boýunça iň güýçli türgenler gatnaşýarlar.
Bu olimpiada Türkmenistandan uşuçylar ilkinji gezek gatnaşarlar, şonuň üçin hem ýokary netije gazanmak örän möhümdir. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümi 10-12-nji aprel aralygynda Daşoguz şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitleniler.
Taý boksy boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek geçirildi. Bu iri ýaryş söweş sungatynyň dörän mekany bolan Tailandda geçirildi. Oňa 40 ýurtdan — Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Türkmenistandan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Marokkodan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan türgenler gatnaşdylar.
Biziň toparymyzyň hatarynda Rasul Rasulow tapawutlandy, ol 91 kilograma çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. Ol
çärýek finalda türk bäsdeşinden üstün çykyp, şeýle ýeňşe eýe boldy. Dünýäniň taý boks boýunça iň güýçli türgenleriniň birinden asgyn gelip, R.Rasulow finala çykyp bilmedi.
Türkmenistanyň çempiony R.Rasulow häzirki wagtda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine girmäge esasy dalaşgärleriň biridir.
Häzirlikçe bolsa R.Rasulow söweşjeň sungatyň beýleki türkmen ussatlary bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynda ýene-de Tailandda geçiriljek taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlanýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder