20 Mart 2015 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Nursultan Nazarbaýew, 
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi halklaryň beýik baýramy – Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp Size berk jan saglyk we  Siziň aýratyn jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikler, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Islam Karimow, 
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti  
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, 

Nowruz bahar baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Nowruz gadymy döwürlerden bäri tebigatyň täzelenmeginiň aýdyň nyşany hökmünde arzuw hyýallaryň tämizligini we biziň halklarymyzyň döredijilik ruhuny, olaryň täsin we özboluşly medeniýetini alamatlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara hormat goýmagyň çuňňur ýörelgelerini pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Pursatdan peýdalanyp bu baýramçylyk günlerinde hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Size berk jan saglyk, abadançylyk we täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Ilham Aliýew, 
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti  
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, 

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna biziň halklarymyzyň taryhy hakydasyny, milli ruhuny we belent maksatlaryny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. 

Älemiň bakylyk kanunlary we hemişelik sazlaşyk bilen baglanyşykly bu baýram döwürleriň synagyndan geçen köpasyrlyk medeniýetiň aýdyň nyşanydyr. 

Biziň geljekde hem şunuň ýaly belent umumy gammatlyklara eýe bolan biziň halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýolunda bilelikdäki tagallalar bilen okgunly dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Bu şanly baýramçylykda Size berk jan saglyk we işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Emomali Rahmon, 
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti  
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, 

Sizi we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Ýer ýüzünde iň gadymy baýramlaryň biri bolan Nowruz ХХI asyryň başynda BMG tarapyndan halkara baýramy diýlip yglan edildi. Biziň ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy baýlyk hökmünde asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan Nowruz baýramy köp halklaryň milli medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu röwşen gün diňe bir gije-gündiziň deňleşmegini hem-de tebigatyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrman, eýsem, umumadamzat ynsanperwerlik ruhuna hem ýugrulandyr. 

Biz Nowruzyň durmuşa söýgi döredýän asylly ýörelgelerine daýanyp, bilelidäki tagallalarymyz bilen özara gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy täze işler bilen baýlaşdyryp bileris.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we mundan beýläk-de üstünlikler, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. 

Nawruz muborak!

*** 

Almazbek  Atambaýew, 
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti  
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Nowruz baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň. 

Bahar paslynda gije-gündiziň deňleşmegini we tebigatyň gaýtadan direlmegini alamatlandyrýan bu nurana baýram bilen biziň doganlyk halklarymyz özleriniň geljege bolan röwşen umytlaryny baglanyşdyrýarlar. 

Gyrgyzstanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara hormata we goldawa esaslanýan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem biziň halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Piter   Kosgrouw, 
Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernator 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti  
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Siziň Alyhezretiňiz, 

Size we Türkmenistanyň halkyna Täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan gadymy Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Bu täzelenmegiň örän möhüm döwrüdir, Täze ýyl Size we Siziň halkyňyza saglyk we bagt getirer diýip umyt edýärin.

Nowruz – bu maşgalalaryň we dostlaryň jem bolýan aýratyn dabaradyr. 

Biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň arasynda pugta şahsy gatnaşyklar kemala geldi. Häzirki wagtda men bu baýramy awstraliýaly türkmenler bilen bilelikde belleýärin we pursatdan peýdalanyp köp dürli milletleriň maşgalalaryndan ybarat bolan Awstraliýanyň halklarynyň agzybiriligine goşýan goşantlary üçin olara hormat-sarpamy beýan edýärin.

Biziň döwletlerimiz özara gyzyklanma bildirýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Nowruz baýramynyň ruhunda ýetip gelen ýylda bu hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine umydymy beýan edýärin.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder