19 Mart 2015 Perşembe

Pekinde Türkmenistanyň Suratkeşleriniň Döwrabap Eserleriniň Sergisi Açyldy

2015-nji ýylyň 18-nji martynda Pekiniň “Sinbaoli Plaza” sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki zaman suratkeşleriniň döwrebap eserleriniň sergisiniň dabaraly açylyşy geçirildi.

Serginiň esasy guramaçylary Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we meşhur hytaý kinorežissýory Jan Imounyň «Beijing Beiao Yitong Culture and Arts Development Сo Ltd» kompaniýasy bolup durýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hytaýyň DIM-niň, daşary ýurt wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Häzirki zaman öwüşginli sergide alty sany hytaýly suratkeşiň 200 golaý suratlary we heýkelleri, şeýle-de Türkmenistanyň at gazan sungat işgäri, türkmen suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň 30 golaý suratlary görkezilendir. Onuň suratlarynyň reproduksiýasy “Meniň Watanym – Bitarap Türkmenistan” ady bilen geçirilýär. Sergide görkezilen suratlaryň arasynda HHR-iň bütindünýä meşhur Sungat Akademiýasynyň Wan Ýanson, Şi Sipin, Han Çunsi we Huan Žuguý ýaly suratkeşleriniň hem işleri bar. Toparlaýyn ekspozisiýada Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň dostlugynyň nyşany hökmünde görnükli ahalteke bedewiniň keşbi orun alandyr. Wan Ýansonyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ahalteke bedewiniň üstünde şekillendiren eseri bu ýere gelen köpçüligiň ünsüni özünde jemledi.

“Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň dostlugy” ady bilen sergä çykarylan 9 ýaşly gyz Çžan Iszýaonyň mähirli we aýdyň işleri köpçüligiň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Ýaş suratkeşiň hakykatdan-da çagalyk we şol bir wagtda hem uly ýaşly aýdyň hem-de oýlanşykly çeper garaýşy bu ýere ýygnanlary haýran galdyrdy.

Tanymal hytaý suratkeşi Çžu Legeniň öz çykyşynda belleýşi ýaly “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesiniň bellenilmeginiň çäklerinde bilelikdäki bu serginiň geçirilmegi Türkmenistanyň we Hytaýyň medeni aragatnaşygynda täze sahypany açdy, ol bolsa parahatçylygyň, sazlaşygyň, dostlugyň we ösüşiň gazanylmagynyň maksadyna gönükdiriler. Biz bu serginiň iki doganlyk halklaryň suratkeşleriniň özara hereketleri we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyna ýardam eder diýip umyt edýäris.”

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi iki gün dowam eder, onuň barşynda iki ýurduň suratkeşleri tejribe alyşarlar hem-de hyzmatdaşlygyň mümkingadar görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder