2015-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, Ilçi j-p Hideomi Nakajima we öz diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, Ilçi j-p Ýasusige Okimoto bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň netijeliligini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni- gumanitar ulgamlarynda, hususan hem ulag, telekommunikasiýa, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýagdaýlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara häsiýetli meseleler, umumy howplar we wehimler bilen göreşmekde tagallary birleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şunlukda ýapon diplomatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, Ilçi j-p Ýasusige Okimoto diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde işlän mahalynda berilen ýardam üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ýaponiýanyň täze bellenen Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, Ilçi j-p Hideomi Nakajima öz gezeginde, dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has hem ösdürmek we berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdiginde türkmen tarapyny ynandyrdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder