31 Mart 2015 Salı

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2924

Sapar bilen türkmen paýtagtynda bolýan Şweýsariýanyň suw serişdeleri meseleleri boýunça ýörite wekili jenap Wilgelm Maýer we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişer şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy meseleleri, şeýle hem ýurdumyzda amal edilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.    Suw serişdelerini rejeli ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ulgamda milli suw syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň mejlisiniň milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy.    Kanagatlanmak bilen bellenilişi ýaly, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň  Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri forumlarda beýan eden oňyn halkara başlangyçlary netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň özi serhetýaka suw serişdelerini toplumlaýyn we deňagramly ulanmagyň özara kabul ederlikli gurallaryny işläp taýýarlamaga degişlidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu meseleler umumy ykrar edilen kadalaryň we halkara hukugyň ýörelgeleriniň esasynda sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir.    Myhmanlar iki ýurduň dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi görnüşinde mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.    ***    Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we ýurdumyzyň käbir beýleki ministrliklerinde hem-de pudak edalarynda kabul edildi, olarda uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň geljegi barada pikir alşyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder