17 Mart 2015 Salı

Senagatçylar we Telekeçileriň Sergisi Açyldy

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde nobatdaky ykdysady forum—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty açyldy. Ol bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 7 ýyllygyna bagyşlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de birleşmäniň döredilen gününe däp boýunça gabatlanyp her ýylda geçirilýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Häzir ol toplanan uly tejribesi, üstünlikleri hem-de ösüşi, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine, senagat taýdan ösen döwletiň ykdysadyýetiniň ýokarlanmagyny gazanmaga mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge uly kuwwaty bolan öndürijileriň güýçli synpy bolup durýar.  

Milli Liderimiziň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmek, daşary ýurlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek innowasion önümçiligi döretmek we dünýä derejesinde ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak boýunça öňde goýan strategiki wezipelerini çözmekde hut hususy ulgama möhüm orun berilýär. Kanunçylyk-hukuk üpjünçiligini, ýeňillikli salgydy we karz bermegi, işewürlik başlangyçlarynyň ilerlemegine gönükdirilen beýleki çäreleri özünde jemleýän hakyky döwlet goldawy ýurdumyzda kiçi we orta işewürligiň okgunly ösmegine, köptaraply milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine olaryň barha köp gatnaşmagyna ýardam etdi.

“Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi hem ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Şol maksatnamanyň çäklerinde eýýäm ýerli serişdeleriň peýdalanylmagy esasynda harytlaryň we önümleriň giň görnüşlerini çykarmak boýunça häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilige gönükdirmek üçin sebitlerde ýeňil senagat kähanalarynyň onlarçasy we beýleki pudaklaýyn desgalar hususy işewürlige berildi. Maldarçylygy, guşçulygy, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmegi hem-de gaýtadan işlemegi depginli ösdürmek wezipelerini çözmäge aýratyn üns berilýär. Bu maksatlar üçin hususy telekeçilere Durnuklaşdyryş gaznasyndan 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollary möçberinde karz serişdeleri bölünip berildi. Bu ugurda Ahal welaýatynda ozal hereket eden kagyz önümçilik kombinatynyň binýadynda 2014-nji ýylda döredilen “Hilli alýumin” täze kärhanasy üstünlikli mysallaryň biri bolup biler. Bu kärhana ýokary hilli ofset we adaty ýazuw kagyzlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Häzirki wagtda öz işlerini döwlet düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşykda amala aşyrýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 10 müňden gowrak wekilleri birleşdirýär. Olar diňe bir içerki ykdysady giňişlikde ynamly orun tutman, eýsem, daşary ýurt bazarlaryny hem üstünlikli özleşdirýärler. Olaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän köpsanly halkara ykdysady sergilerine hem-de işewürlik maslahatlaryna gatnaşmagy muňa subutnamadyr.

Diňe geçen ýylda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň ajaýyp önümleri Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherindäki Ýüpek ýolunyň halkara sergisinde we Urumçy şäherinde China-Eurasia Expo 4-nji Ýewraziýa daşary söwda-ykdysady sergisinde, Türkiýede 83-nji halkara Izmir sergisinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž  şäherinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Türkmenistanyň önümleriniň sergi-ýarmarkasynda görkezildi. 

Moskwada geçirilen “Altyn güýz-2014” Bütinrussiýa obasenagat sergisinde ýokary hilli gök önümleri öndürmegiň tehnologiýasy we ekologiýa taýdan arassa tebigy miwe suwlarynyň önümçiligi üçin berlen altyn medallaryň üçüsi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hususy ulgamyna wekilçilik edýän türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijilere mynasyp sylag boldy.

Bilelikdäki işewür maslahatlar köptaraply söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, hyzmatdaş ýurtlaryň we türkmen telekeçileriniň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ýygjam  gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ýagdaý bolup durýar. 

2014-nji ýylda gol çekilen resminamalar—Ermenistan Respublikasynyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklar, Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň daşary söwda guramasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyk Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň mart aýynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşyk ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Türkmen öndürijileriniň goşandy ykdysadyýetiň söwda, mebel, dokma we gön pudaklary, amaly-haşam, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda hem  çäksizdir. Hususy ulgamyň wekilleri bilim, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda, mahabat we neşirýat işlerinde uly işleri alyp barýarlar.

Olaryň türkmen paýtagtyny we sebitleri ösdürmegiň toplumlaýyn milli maksatnamalarynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan iri möçberli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde goşandy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda senagat we durmuş-medeni ähmiýetli, ulag hem-de energetika düzümleriniň, suw üpjünçilik we suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynda, gurluşyk serişdeleri senagatynda hem-de ýaşaýyş we tebigy ýagdaý bilen sazlaşykly gurluşygy goşmak bilen ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň kiçi we iri kompaniýalarynyň we şereketleriniň ýüzlerçesi işleýär. Türkmen hususy kompaniýalarynyň aýratyn ähmiýetli desgalary gurmaga yglan edilen bäsleşiklerde daşary ýurtly potratçylar bilen üstünlikli bäsleşýändiklerini bellemek möhümdir. 

Şu günki açylan sergi we maslahat bir ýylyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp baran işleriniň özboluşly gözden geçirilişidir.   Bu ýurdumyzda telekeçilik işiniň kemala gelmeginde täze belent sepgitler, onuň netijeli ösüşi, mümkinçilikleriň hem-de işewür başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýatda galdy.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýerleşdirilen köptaraply diwarlyklar hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň hem-de paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň dürli sebitlerinden aýry-aýry telekeçileriň 180-den gowragynyň üstünliklerini we döredijilik başlangyçlaryny aýdyň görkezdi.

Sergi köşgüniň öňündäki meýdançada maslahata gatnaşyjylary we  myhmanlary döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen garşyladylar.

Serginiň dabaraly açylyşyna Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurt ilçihanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
  
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatda hususy ulgamyň möhüm ornuny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirýän sergisiniň hem-de maslahatynyň ýurdumyzda telekeçiligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmekde, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Owadan bezelen bölümleriň onlarçasy olaryň eýeleriniň gazanan üstünliklerini we geljek üçin meýilnamalaryny has doly görkezmäge ýardam edýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň bazarynda işlemegiň uly tejribesine eýe bolan iri gurluşyk kompaniýalary we öndüriji şereketler, ýokary öndürijilikli tehnikalary hem-de innowasion enjamlary, öňdebaryjy iň täze tehnologiýalary getirýän söwda wekilleri bar. 

 “Gujurly inžener”, “Aga gurluşyk”, “Polat”, “Gümmezgurluşyk”, “Dürliýaz”, “Nusaýýollary”, “Gündogdy”, “Beýik bina”, “Ajaýyp bina”, “Çeper gurluşyk”, “Myradym” hususy kärhanalary, “Çyzgy”, “Döwletgurluşyk”, “Muhammet Balkan”, “Berjaý”, “Altyn nesil”, “Ösüş gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Nurzaman”, “Ojar Aziýa”, “Dowamat” hojalyk jemgyýetleri we taslamalary düzmek hem-de dürli ähmiýetli desgalary ulanmaga taýýar edip tabşyrmak boýunça döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýän beýleki kärhanalar sergide gurluşyk senagatynda öz tejribesini we mümkinçiligini görkezýärler. Bular barada eýýäm durmuşa geçirilen ýa-da durmuşa geçirmegi meýilleşdirilen gurluşyk taslamalar görkezilen bölümlerde gürrüň berilýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallasy bilen binagärlik babatda ajaýyp görnüşe eýe bolan paýtagtymyzyň durky düýpli täzelenen A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurlan  ýaşaýyş jaýlaryny we binalary ýa-da iň oňat dünýä tejribesini we innowasiýalary özleşdirmekde telekeçiligiň giň gerim alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýän “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň toplumyny görkezmek bolar. 

Sergide dizaýn taslamalary hem-de çykarýan önümleriniň nusgalaryny  gurluşyk we bezeg serişdelerini, binalary, köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri bezemekde, şäheri abadanlaşdyrmakda we ýol gurluşygynda peýdalanylýan önümleri öndürýän kärhanalar hem ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň hatarynda “Ojak” hojalyk birleşigi, “Ak hünji”, “Derýaplastik”, “Gümmezli bina”, “Kümüş käriz” hususy kärhanalary bar. Olaryň işleri ýerli çig maly hem-de has öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilendir. “Çaly” hususy kärhanasy otagyň ýerdäki üstki örtügi hem-de daşy örtükli serişdeler üçin galyndysyz rezin önümçiligini, şeýle hem lakly bezeg önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmagy ýola goýuldy. Gurluşyk serişdelerini öndürijileriň köpüsi beýleki önümçilikleri hem özleşdirmek bilen işleriniň gerimini giňeldýärler.

Telekeçiler tarapyndan çykarylýan senagat önümleriniň görnüşleri ýyl-ýyldan artýar. “Arassa tebigat” hojalyk jemgyýeti howa arassalaýjylarynyň önümçiligi pudagynda täze önümlerini, “Toprak” we “Keýik eje” dürli karton we aýna gaplaryny, “Awtoýol” kompaniýa akkumulýatorlaryň, teker daşlyklarynyň we hereketlendirijileriň ýaglarynyň dürli görnüşini hödürleýär.

Türkmen işewürligi mebel önümçiligi ýaly ugry hem doly özleşdirdi. Bu pudakda öňdebaryjy bolan “Aýbölek” fabrigi iş otaglarynda we mekdepleriň synp otaglarynda ulanylýan ýokary hilli köpdürli önümlerini  görkezýär. Çagalar üçin mebellerde we dizaýnerçilikde öz çözgütlerini “Durmuş dowamy” hususy kärhanasy, “Abraýly önüm”, “Aýsenem mebel”, “Şowly ädim” ýaşaýyş jaýlaryň otaglary üçin mebelleri hödürleýär. “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýuwujy serişdeleriň tapgyrynyň önümçiliginde gazananlaryny, “Ak mähri” bolsa islendik bazarda isleg bildirilýän harytlaryň daşy üçin polietilen gaplary görkezýär.     

Serginiň myhmanlaryny azyk senagatynda ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünlikleri bilen tanyşdyrýan owadan bezelen we özüne çekýän diwarlyklaryň onlarçasy bu ýerdäki bölümleriň esasyny düzdi. Bu ýerde “Hasar”, “Misgär”, “Oguzhan” hojalyk jemgyýetleri ýaly iri öndürijileriň dürli görnüşli süýji-köke önümleri, “Tomusyň” meşhur çörek we çörek önümleriniň görnüşleri görkezilendir, “Elin” nyşanly süýt önümlerini öndürijiler täze harytlyk önümini görkezýärler. Sergi köşgüne gelýänlere telekeçiler tarapyndan serginiň açylmagyna gabatlanyp ýörite taýýarlanan tagamly täze önümleri dadyp görmäge mümkinçilik döredildi. 

Ýokary tehnologiýaly enjamlarda serginiň açylmagyna ýörite taýýarlanan et önümleriniň dürli täze görnüşlerini “Bereketli” zawody hem-de beýleki hususy kärhanalar taýýarlapdyr. Däp boýunça “Guş toplumy” iri guşçulyk toplumy hem guş etinden dürli işläp taýýarlamalaryny hödürledi. Obasenagat toplumynda öz üstünliklerini, “Altyn hilal” kärhanasy we “Hoş zaman” guşçulyk fermasy görkezýär. 

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşen aýry-aýry telekeçileriň önümçilikleri hem işe döwrebap çemeleşmegiň, ýagny öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýerli çig maly has doly peýdalanmagyň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmegiň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edip biler.  Şu babatda sergide “Täze aý” nyşanynyň  şöhlat önümleri hem-de ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň telekeçilerinden her dürli süýji-köke, süýt we çörek-bulka önümleri, gaplanan we kakadylan önümler giňden görkezilýär. 

Daşoguz welaýatyndan balçylar jemgyýetiniň diwarlyklary sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Telekeçi tebigy ballaryň köpdürli we ýokary hilli görnüşleri bolan öz önümlerini diňe bir baý mazmunly  görkezmän, eýsem, myhmanlary owadan mahabady bilen hem geň galdyrmaga çalşypdyr. Şeker önümleri, alkogolçyz içgileri we miwe suwlary ulgamynda täze önümlerini “Şerbetli ak”, “Ak ýaprak”, “Joş” hojalyk jemgyýetleri “8 ýap”, “Akdaş miwe içgileri”, “Parahat” hususy kärhanalary we beýlekiler öz diwarlyklarynda dadyp görmegi hödürleýär. 

Sergide “Hazar balyk” önümçilik karhanasy hem balygy gaýtadan işlemekden we ony gaplamakdan taýýarlap, dürli önümleri çykarmak boýunça özüniň uly geljege niýetlenen meýilnamalaryny açyp görkezýändigini bellemek ýerliklidir. Bu kärhanany şu ýyl açmak meýilleşdirilýär. 

Halyçylyk we sowgatlyk önümleri pudagynda telekeçileriň hem-de halk senetkärleriniň görkezýän häzirki zaman haly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde ýüpekden we ýüňden dokalan göller bilen bezelen, tebigatyň keşbi çitilen,  elde dokalan owadan halylar, döwrebap haly önümleri, el işleri, altyn-kümüş şaý-sepleri, keramika önümleri, sowgatlyk önümler görkezilýär. 

Sergi ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň üstünlikleri bilen tanyşmaga oňat mümkinçilik döretdi, oňa gatnaşyjylara täze buýrujylaryň we hyzmatdaşlaryň ünsüni çekmek, sarp ediş bazarynda harytlary ýerlemek üçin açyk meýdança öwrüldi. 

Ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünlikleriniň gözden geçirilişiniň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda bu birleşigiň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hususy öndürijiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe - ösüşler we innowasiýalar eýýamynda türkmen telekeçileriniň öňünde goýan anyk wezipelerini durmuşa geçirmek meseleleri bu ýere ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.
Ertir sergi öz işini tamamlar.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder