19 Mart 2015 Perşembe

Duşanbede Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýylyna Bagyşlanan Sport Çäresi Geçirildi

2015-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna” bagyşlanyp S.Rahimow adyndaky Täjik bedenterbiýe institutynyň okuw-sport merkeziniň binýadynda wolleýbol boýunça sport çäresi geçirildi.

 Ýaryş S.Rahimow adyndaky Täjik bedenterbiýe institutynyň okuw-sport merkeziniň açyk meýdançasynda bu ýokary okuw mekdebinde, şeýle-de S.Aýni adyndaky Täjik döwlet Mugallymçylyk uniwersitetinde hem-de Täjik-Rus (Slawýan) uniwersitetinde okaýan türkmen we täjik talyplaryndan düzülen 4 toparyň arasynda geçirildi.  

 Geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça 1 we 2-nji orunlary alan toparlara Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan baýraklar – wolleýbol hem-de futbol toplary gowşuryldy.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder