Paýtagtymyzdaky "Mekan" köşgünde "Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar" atly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 800-den gowrak wekil gatnaşdy.
Ir bilen maslahata gatnaşyjylar "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna bardylar, şol ýerde gül goýmak dabarasy boldy.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen "Mekan" köşgüniň eýwanynda türkmen ýaşlarynyň wekilleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşlar hereketiniň ýolbaşçylary, Garaşsyz Watanymyzyň edermen goragçylary, sungat ussatlary we beýlekiler ýygnandylar.
Maslahat açylmazyndan öň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk, lukmançylyk we beýleki ugurlar boýunça gazanýan üstünlikli ösüşi äşgär edilýär.
Maslahata gatnaşmak üçin milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar we orta mekdepleriň okuwçylary çagyryldy.
Mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, häzirki nesilleriň röwşen geljegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan maslahat dabaraly ýagdaýda açylýar. "Mekan" köşgünde ýurdumyzyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.
Maslahata gatnaşýan ýaşlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda öňdebaryjy ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan döwlet ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn üns berilýär, kanunçylyk derejesinde Türkmenistanyň ähli ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň emele gelmegi, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly şertler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda "Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy" tassyklandy. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan işlere doly hukukly gatnaşmagy üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berer.
Şu maksatlar üçin ýakyn wagtda kabul edilen döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanar.
Bu mesele maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Talyplar, harby gullukçylar, daýhanlar, alymlar we maslahata gatnaşan beýleki wekiller degişli meseleler boýunça çykyş etdiler.
Çykyş edenler ýaş nesil baradaky aladanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny hoşallyk bildirmek arkaly bellediler. Ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, döredijilikli zähmet sekmegi, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwletimizde iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy işjeň orny eýeleýär, onuň hatarlarynda ýaş watançylaryň müňlerçesi bar.
Şu duşuşygyň barşynda ýaşlar guramasynyň esasy wezipesini berjaý etmekde onuň işiniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar guramanyň işiniň täze görnüşleri we usullary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekde bu guramanyň ähmiýetini we jogapkärçiligini artdyrmak barada aýdyp, ýaşlara elmydama öz bilimlerini artdyrmagyna, sowatly bolmaga çalyşmaga endik etdirilmegine ünsi çekip, munuň jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de halkymyzyň ykbalyny we geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýaşlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport hereketine mundan beýläk-de uýgunlaşdyrmak, ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek bilen bagly ugur boýunça geçirilýän we meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň bilimleriň derejesiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň, tehnologiýalaryň ösüşi bilen şertlendirilen giň gerimli ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan döwrüdir. Döwletimizde döwrebap sport desgalarynyň, okuw mekdepleriniň giň ulgamynyň döredilmegine, täze kompýuter tehnologiýalarynyň, multimediýa ulgamlarynyň, öňdebaryjy iş tejribesiniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Çykyşlarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna önjeýli goşant goşýan ýaşlar bilen döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň has içgin işlemeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Häzirki döwürde ýaşlaryň gazanylanlary dowam etdirip, türkmen halkynyň belent ruhy däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirmelidigi aýdyldy. Häzirki döwürde bolsa, ýaş türkmenistanlylara döredijilikli kämilleşmek hem-de özleriniň köp ugurly zehinini, ukyplaryny äşgär etmek üçin oňaýly şertler döredilýär.
Maslahatdaky çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti ösdürmegiň täze tapgyrynda ýaşlar guramasynyň, talyplaryň, ähli ýaşlaryň öňünde goýan anyk wezipeleri öz beýanyny tapdy hem-de ýaşlar guramasynyň öz tagallalaryny gönükdirjek esasy ugurlary kesgitlendi. Munuň özi bilim, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ugrundaky başlangyçlary wagyz etmek bilen bagly ugurlardyr. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany aýratyn-da ýaşlaryň arasynda has-da artdy. Hut ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyza, eziz halkymyza ygrarly bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasyna iş bilen jogap bermek arkaly, hyjuwly we maksada okgunly ýagdaýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ugrunda häzirki döwürde beýik işleri mynasyp derejede dowam etmelidir.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň maslahatyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesini içgin üns berip diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenmek bilen, belent maksatlara ýetmek üçin döwletimiziň we halkymyzyň ýaş nesle uly umyt bildirýändigini belledi.
Belent ruhly, ajaýyp terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek ýurdumyzy ösdürmegiň baş wezipeleriniň biridir. Şu nukdaý nazardan ýaşlar meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny, döwletimiziň kuwwatlylygyny we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir.
Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimize hoşallyk hatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaşlary barada aýratyn alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döredijilikli gözlegleriň, netijeli çözgütleriň we täzeçe çemeleşmeleriň häzirki ýaş nesliň wekilleriniň işiniň esasy ýörelgelerine öwrüljekdigine, ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap we şäher guramalarynyň işjeň agzalarynyň – ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň öz güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribesini döwletimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgeldilmegine gönükdirjekdigine ynandyrdylar.
Maslahat tamamlanandan soň "Mekan" köşgünde uly baýramçylyk konserti boldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder